"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

«Baýramaly» ömre ömür goşýar

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmazdan burun» diýen pähim-paýhasyna eýerýän watandaşlarymyz saglygyny hemişe gorap saklaýar hem-de berkidýär. Ýurdumyzdaky şypahanalaryň adamlaryň saglygyny berkitmekde we goramakda uly hyzmaty bar. Şypahanalar irki döwürlerde-de adamlaryň derdine derman, janyna şypa bolupdyr. Bu häzirem şeýle. Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki «Baýramaly» şypahanasy ýurdumyzdaky iň baýry şypahanalaryň biridir. Ol ilkibaşda böwrek, peşew kesellerinden ejir çekýänleriň saglygyny berkitmek maksady bilen bina edilipdir. Garaşsyzlyk ýyllarynda lukman Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjiligi bilen şypahananyň durky düýpgöter täzelenip, ajaýyp görnüşe getirildi. 2010-njy ýylda şypahanada her biri 250 orunlyk iki sany döwrebap desga guruldy. Öňden bar bolanlarynyň hem durky täzelendi. Melhemler mekanynda ynsan saglygyny berkitmek boýunça amatly şertler döredildi. Bejeriş bölümlerinde ýokary derejeli lukmançylyk enjamlary oturdyldy. Bu ýere gelýänleriň wagtlaýyn ýaşaýan jaýlary gerekli mebeller, sowadyjylar we gaýry serişdeler bilen üpjün edilip, dynç alýanlaryň islegine görä, ýekebara, maşgala bolup ýaşamagy üçin amatly mümkinçilikler bar.

Zirkiň peýdasy

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän bu ösümligiň diňe miwesi däl, eýsem, agajynyň gabygy, ýapraklary, köki hem dürli derdiň dermanydyr. Ösümligiň miwesiniň düzüminde C, E witaminleri, alma, limon turşulyklary, efir ýaglary we başga-da adam bedeni üçin peýdaly ýokumlar saklanýar. Zirk agajy maý-iýun aýlarynda gülleýär we sentýabr-oktýabr aýlarynda miweleri bişýär. Zirkiň miwesinden bal, şerbet taýýarlanylýar. Onuň gabygy bilen ýapragyndan ýüň we deri boýamak üçin reňk alynýar. Zirkiň ynsan saglygy üçin peýdaly taraplary şulardan ybarat: — gyzgyny peseldýär;

Dogry iýmitlenmek we sagdyn durmuş

Dogry we sagdyn iýmitlenmek adam saglygynyň esasy şertleriniň biridir. Dogry iýmitlenmek — bu beden üçin zerur bolan iýmiti kabul etmekdir. Dogry iýmitlenmegiň esasy düzgünleriniň biri hem çenden artyk iýmezlikdir. Howul-hara, çig-çarsy bişen naharlardan gaça durmaly. Sagdyn iýmitlenmek üçin ýagsyz et, ter gök otlar, ýeralma, kelem, pomidor, sogan, bolgar burçy, banan, ýertudana, süýt önümleri, dorag, peýnir, sarymsak, käşir, kädi, limon, alma iýmek maslahat berilýär. Şu önümlerden nahar taýýarlanylanda gaýnadylyp ýa-da buglanyp taýýarlanmaly.

Gün urmadan goranalyň!

Gün urma — bu ýagdaý çaganyň kellesine göni Gün şöhlesiniň düşmegi sebäpli saglygyň bozulmagy bilen häsiýetlendirilýär. Ýaş çagalarda bu ýagdaý has ýygy duş gelýär. Gün uranda ýürek bulanma we gusmak bilen birlikde, gowşaklyk, ysgynsyzlyk, kellagyry duýulýar. Uly çagalar gulagyň şaňlamasyndan, gözleriň öňünde uçganaklaryň peýda bolmagyndan arz edýärler. Çaganyň bedeniniň gyzgynlygy ýokarlanýar. Deri, esasan, ýüzde we kellede gyzyl bolýar. Pulsy ýygy, gowşak, dem alşy çalt bolýar. Aşa derleme, burnuň ganamasy ýüze çykýar. Gün uranda berilýän suw gaty sowuk bolmaly däldir, sebäbi bu aşgazanyň gysylmagyna we gusmagyna sebäp bolup biler. Mineral suw ýa-da ýörite duzly erginler bilen içmek has gowudyr. Çaga derlemek bilen duz ýitirýär. Bu tutgaýlaryň emele gelmegine sebäp bolup biler. Duzly erginler suw-elektrolit düzümini çalt dikeldýär. Gün urmada islendik mata bölegini sowuk suw bilen çyglamaly we maňlaýyna, boýnuna ýa-da arkasyna sürtmeli. Çaganyň bedenini bolsa çygly mata bilen süpürmeli. Gyzdyrýan çagany suwa (deňiz, suw howdany) birden salmak bolmaýar. Çaganyň kellesini elmydama açyk reňkli başgap bilen goramaly. Günüň has gyzan wagtlarynda daşarda dynç almakdan gaça durmaly.

«Arçman» — şypaly mekan

Tomus paslynyň gelmegi bilen hemmeler nirede gowy dynç alyp biljekdikleri barada pikir edip başlaýarlar. Özüm-ä şeýle. Bir kagyzy elime alýaryn-da, gidip biläýjek ýerlerimiň sanawyny düzýärin. Goýny sapaly «Arçman» şypahanasynyň hem şol sanawyň ýokarky setirinde orny bar. Bejerijilik, saglygy dikeldiş ähmiýeti boýunça halkyň arasynda uly abraýdan peýdalanýan şypahana Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde, Aşgabat şäherinden günbatarda 130 kilometr uzaklykda, Köpetdagyň Degirmendag diýen ýeriniň eteginde, deňiz derejesinden 157 metr belentlikde ýerleşýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy esasynda ýurdumyzda şypahana ulgamynyň işini kämilleşdirmek babatda uly işler durmuşa geçirildi. Şol işleriň hatarynda «Arçman» şypahanasynda hem halkymyzyň göwnejaý dynç almaklary we saglyklaryny dikeltmekleri üçin döwrebap mümkinçilikler döredildi. Hususan-da, 2009-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda bu şypahananyň 420 adama niýetlenen täze binasy hem-de 28 wannany öz içine alýan melhem suwlar bilen bejeriş merkezi ulanmaga berildi. Şeýlelikde, «Arçman» şypahanasynda birbada 920 adamy kabul etmäge mümkinçilik döredildi.

Gün şöhlesinden goranyň!

* Tomus paslynda Günüň aşa ýiti şöhlesinden goranmaly. * Tomus aýlarynda Günüň

Il saglygy — ýurt baýlygy

Saglygyň gadryny bilgil... Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Ata-babalarymyzyň «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähimi giň many-mazmuny özünde jemleýär. Bu dürdäne jümle ýurduň iň esasy baýlygynyň raýatlarynyň saglygydygyny öňe sürmek bilen birlikde, halky sagdyn bolan ýurtda agzybirlikli zähmetiň netijesinde uly ösüşleriň gazanylýandygy, onuň baý ýurda öwrülýändigi baradaky pikir-garaýyşlary hem özünde jemleýär. Şol esasdan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen eziz Diýarymyzda halkyň saglygyny goramak babatda alnyp barylýan işler pederlerimizden miras galan pähimiň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. Halkyň saglygyny goramak üçin bolsa, ilkinji nobatda, saglygy goraýyş ulgamynda uly ösüşleri gazanmagy üpjün etmek zerurlygy öňe çykýar. Häzirki wagtda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş desgalarynyň ähli taraplaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, olara iň gowy innowasion tehnologiýalaryň, dünýä tejribesiniň we ylmyň gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna aýratyn uly ähmiýet berilýändigi guwandyryjydyr. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk edaralary, ylmy-barlag merkezleri bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň esasynda dürli keselleri anyklamakda, bejermekde lukmanlarymyzyň uly tejribe toplandyklaryny bellemek aýratyn ýakymlydyr.

Berjaý edilmeli maslahatlar

♦Dowam edýän tomus paslynda şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek möwsümde ýüze çykyp biläýjek birnäçe ýiti içege ýokanç keselleriniň öňüni alýar. Her bir adam şahsy arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeli. ♦Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Şypalydyr howasy, suwy — dertleň dowasy

Adatça, tomus paslynyň gelmegi bilen, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlaryň sany görnetin artýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen sanlyja ýylyň içinde ýerdäki jennete öwrülen bu ajaýyp künjek watandaşlarymyzyň, şonuň ýaly-da daşary ýurtly jahankeşdeleriň iň söýgüli ýerleriniň birine öwrüldi. Her tomus gözel Awaza dostlukly döwletleriň birnäçesinden çagalar gelip, Hazar deňziniň iň tämiz, ekologiýa taýdan arassa we güneşe baý künjeginde wagtlaryny hoş geçirýärler hem-de saglyklaryny berkidýärler. Arly ýyllap döwlet durmuşynyň ähli ugurlary boýunça guwandyryjy netijeleri gazanmakda tutanýerli zähmet çekýän ýolbaşçylara-da awgust aýynda zähmet rugsadyny bermek, olaryň «Jahankeşdeligiň merjeni» adyny alan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, şeýle hem Diýarymyzyň çäklerindäki beýleki döwrebap şypahanalarda dynç almaklary üçin mümkinçilikleri döretmek indi asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz bu däbi şu ýyl hem dowam edip, 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berdi. Hemişe bolşy ýaly, olaryň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, «Arçmanda», «Ýyly suwda» ýa-da ýurdumyzyň beýleki şypahanalarynda dynç alyp biljekdiklerini aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň özleri hakda edýän

Hormatly watandaşlar!

Tomsuň häzirki jöwzaly günlerinde sagdyn durmuşy üpjün etmek siziň özüňize baglydyr. Munuň üçin, Günüň ýiti şöhlesinden goranmagy, pasla görä geýinmegi, jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmegi, günüň dowamynda 2-2,5 litre çenli arassa agyz suwuny kabul etmegi, gök önümlere, miwelere, süýt we süýt önümlerine has köp üns bermegi maslahat berýäris.

Gymmaty egsilmeýän hazyna

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz ýiti zehini, giň dünýägaraýşy, öňdengörüjilikli pähim-parasady bilen ençeme eserleri, ajaýyp kitaplary döredip, okyjylar köpçüligine peşgeş berdi hem-de halkymyzyň ruhy dünýäsiniň, paýhas hazynasynyň has-da baýlaşmagyna uly goşant goşdy. Hormatly Arkadagymyzyň eserleri watanperwerligi, öz ýurduň tebigatyna, onuň baýlyklaryna aýawly çemeleşmegi, ösüşlerine buýsanmagy, topragynyň keramatyna, gadymy we şöhratly taryhyna hormat-sarpa goýmagy ündeýär. Olaryň arasynda adamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant bolan milli gymmatlyklarymyza, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimize, onuň bedew batly ösüşlerine, bagtyýar şu günümize, sporta, sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlanan eserler-de bar. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby bolsa lukman Arkadagymyzyň köptaraply döredijiliginde aýratyn orun eýeleýär. Bu kitap öz saglygy barada aladalanýan her bir adam üçin peýdaly maglumatlaryň hazynasydyr. Onuň jiltlerinde kerem-keramatly türkmen topragynyň dürli künjeklerinde bitýän dermanlyk ösümlikleriň bejerijilik häsiýetli aýratynlyklary, ýaýraýşy, olardan melhem taýýarlanylyşy, ulanylyşy we saklanylyşy bilen bagly baý maglumatlar anyk hem giňişleýin beýan edilýär. Bu kitabyň häzirki wagta çenli 15 jildi çap edilip, halkymyza ýetirildi. Lukman Arkadagymyzyň düýpli ylmy işi bolan bu eserine

Içseň gana-gana...

Tomsuň yssy günlerinde özüňizi şähdaçyk, ruhubelent, sagdyn duýmak isleseňiz, arassa agyz suwuny talabalaýyk içmegi unutmaň! Lukmanlaryň bellemegine görä, suw adam bedeninde bolup geçýän ähli fiziologik hadysalara — dem alyş, gan aýlanyş, iýmit siňdiriş, bölüp çykaryş we beýleki hadysalaryň kadaly amala aşyrylmagyna doly gatnaşýar. Adam suwy yzygiderli içmese, tapdan düşüp başlaýar, ýagny bedende suw ýetmezçiligi ýüze çykyp, öýjüklerde we damarlarda galyndylar ýygnanýar, ol ganyň goýalmagyna getirýär. Netijede, beden agzalarynyň işi bozulyp, dürli keselleriň ýüze çykmak howpy ýokarlanýar. Bedende şeýle näsazlyklar ýüze çykmaz ýaly, suw içmegiň hem öz düzgünleri bar. Arassa agyz suwy bedeniň talabyna laýyk kabul edilende, immun işjeňligi ýokarlanyp, howa şertleriniň üýtgäp durmagy zerarly ýüze çykýan näsazlyklardan goraýar. Tomusda howanyň yssylygy sebäpli, adam bedeni suwy köp ýitirýär, suwa talaby ýokarlanýar. Suw ýeterlik içilende, bedeniň çyglylyk derejesi saklanýar. Lukmanlar suwy nahar iýmezden ýarym sagat öň içmegi maslahat berýärler. Tomusda günüň dowamynda 1,5 — 3 litre golaý arassa suw içmeli. Lukmanlaryň bellemegine görä, irden turup, ajöze bir bulgur arassa suw içmek iýmit siňdiriş agzalarynyň işjeňligini ýokarlandyrýar. Käbir adam limonly suw içmegi halaýar. Bu adam bedeni üçin örän peýdalydyr. Limonly suw bedendäki aşgar deňagramlylygyny saklamaga we gerek bolmadyk

«Şatlyk» şypahanasy nebitgazçylaryň hyzmatynda

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary arkaly döwletimiziň şypahanalarynyň durkunyň düýpli täzelenilip, döwrebaplaşdyrylmagy, olarda täze bejeriş usullarynyň ornaşdyrylmagy halkymyzyň saglygynyň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şu ugurda ýurdumyzyň pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna degişli şypahanalaryň hem hyzmatynyň uludygyny aýtmak gerek. «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň Durmuş taýdan dolandyryş edarasyna degişli «Şatlyk» keseliň öňüni alyş şypahanasy hem şolaryň biri. Şypahananyň saglygy goraýyş işgärleri ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň işgärlerine indi kyrk ýyldan-da köpräk wagt bäri ýokary medeniýetli hyzmat edip gelýärler. Garagum derýasynyň sag kenarynda ýerleşýän bu sagaldyş merkezi bäş gektara golaý meýdany tutýar. Şypahananyň bütin çägi dürli saýaly, miweli baglar, üzümçilik, güller bilen gurşalan.

Gün şöhlesinden goranalyň!

Tomus paslynyň häzirki günlerinde howanyň aşa gyzmagy sebäpli saglygymyza aýratyn üns bermelidiris. Günüň aşagynda gezmek beden üçin zyýanlydyr. Çagalar we uly ýaşly adamlar açyk howa çykanlarynda ýanlaryna gerekli mukdarda agyz suwuny alyp, talabalaýyk geýinseler has dogry bolar. Yssy günlerde daşardan derläp gelip, salkyn öýe girilende, eşikleri çalyşmak hökmanydyr. Howa sowadyjynyň öňünde durmak saglyga ýaramaz täsir edýär. Munuň özi kelle-beýni ulgamynyň, ýüzüň süňk boşluklarynyň sowuklamagyna getirýär we dem alyş ulgamynyň kesellerine sebäp bolýar. Şeýle hem gyzyp gelip suwa düşmek, sowuk içgileri içmek maslahat berilmeýär. Bu agyz boşlugynyň dişleriň, gyzylödegiň, ýokary dem alyş ulgamynyň sowuklama keselleriniň esasy sebäbidir. Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin bal we limon garylan çaýy, düýe çalyny we agaran, itburun, zirk, çopantelpek demlemelerini maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmeli. Olar bedenden der bilen çykan zerur mikroelementleriň öwezini dolýar hem-de bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar.

Rys­gal ta­ýa­gy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny, yrym-ynançlaryny düýpli öwrenmek işlerine uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda alnyp barylýan gözlegler däp-dessurlaryň düýp mazmunynyň we gelip çykyşynyň ýüze çykarylmagyna, olaryň geljek nesiller üçin saklanylmagyna ýardam eder. Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz zähmetiniň netijesinde halk arasyndan toplanylyp giň köpçülige ýetirilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda maldarçylyk hojalygyna uly ähmiýet beren ata-babalarymyzyň pähim-paýhasyndan syzylyp dörän çopançylyk käri, çopan taýagy bilen baglanyşykly köpsanly nakyllar getirilýär: «Çaly çopan tanar, ýalňyşy — çeper», «Gelniň aýagy, çopanyň — taýagy», «Çopan taýagy bir goýun üçin hem göterer, müň goýun üçin hem», «Geçiň taýak iýesi gelse, çopanyň taýagyna süýkener», «Çopanyň aýagy ýetmedik ýere, taýagy ýeter», «Çopansyz mal bolmaz, kethudasyz — il», «Çopan çopany tutar, daýhan daýhany tutabilmez». Bu nakyllardyr atalar sözlerinde türkmen halkynyň gadymdan bäri ýöredip gelýän maldarçylyk hojalygynyň inçe syrlary durmuş tejribesi bilen utgaşdyrylyp beýan edilýär.

Saglyk — baş baýlyk

Her paslyň özboluşly aýratynlygy bar. Häzirki günler dowam edýän tomus paslynyň yssy günlerinde Günüň aşa ýiti şöhlesinden goranmak maslahat berilýär. Tomus aýlarynda Günüň ultramelewşe şöhlelerinden goranmak üçin açyk reňkli nah matadan, ýeňil we giň tikilen eşikleri geýinmeli. Gün şöhlesi dogry peýdalanylanda bedende D witamini emele gelýär, şonuň üçin Gün şöhlesinden ýerlikli peýdalanmaly.

Il saglygy — ýurduň gymmatly baýlygy

Lukman Arkadagymyzyň hut özüniň ýolbaşçylygynda Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy indi çärýek asyrdan gowrak wagt bäri üstünlikli durmuşa geçirilip, ýurdumyzda ösen jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamy kemala geldi. Maksatnamada kesgitlenen wezipelere laýyklykda, saglygy goraýyş-anyklaýyş, bejeriş-dikeldiş we şypahana-dynç alyş düzümleri döredilip, olaryň dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän döwrebap binalary gurlup ulanmaga berildi. Häzirki zamanyň kämil tehnologiýalarydyr enjamlary bilen doly üpjün edilen, halkara derejeli şeýle saglyk merkezlerinde ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary hödürlenýär. Keseli anyklamak, bejermek we onuň öňüni almak babatda ähli döwrebap şertler döredilen şol saglyk merkezleriniň ilat arasynda keselçiligiň azalmagynda, dürli keselleriň düýbünden ýok edilmeginde ähmiýeti örän uludyr. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýyş-anyklaýyş merkeziniň dünýä standartlaryna laýyk gelýän döwrebap mümkinçilikleri-de şu babatda aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Çagalar Hazar deňzinde gämili gezelenç etdiler

Şu ýylyň mart aýynda Arkadag şäherinde geçirilen Halkara matematika olimpiadasynda ýeňiji bolan russiýaly mekdep okuwçylary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda adaty bolmadyk sowgada eýe boldular. Olar üçin deňizde ýahtaly ýörite gezelenç guraldy. Bu barada «MIR 24» teleýaýlymynda ýörite gepleşik görkezildi. Dynç alşyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sowgadydygyny bellemelidiris. Gezelenç türkmen sungat ussatlarynyň çagalar bilen bilelikde ýerine ýetiren aýdymlarydyr tanslary bilen utgaşdy. Russiýaly çagalar bilen bilelikde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bejergi alýan beýleki çagalar hem ýahtaly syýahata çagyryldy.

Günüň ýiti şöhlesinden goranyň!

— Tomus paslynda Günüň aşa ýiti şöhlesinden goranyň. — Tomus aýlarynda Günüň ultramelewşe şöhlelerinden goranmak üçin açyk reňkli nah matadan, ýeňil we giň tikilen eşikleri geýiň.