"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Uzyn Hasan döwletiň özygtyýarlylygyny goran hökümdar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmen halky asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan bäş müň ýyllyk taryhynyň dowamynda, dürli sebäplere görä, dünýäniň çar künjegine ýaýrapdyr» diýip belleýşi ýaly, türkmen halky, esasan, orta asyrlarda häzirki Türkmenistanyň çäginiň daşyna ýaýrapdyr. Göçüp baran ýerlerinde beglikleri, döwletleri esaslandyrypdyr. Şeýle döwletleriň biri hem Akgoýunly türkmen döwletidir. Ol häzirki Türkiýe Respublikasynyň gündogaryny, Eýranyň demirgazyk-günbataryny, Yragyň demirgazyk-gündogaryny, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň aglaba bölegini öz içine alypdyr. Akgoýunly döwletiniň ilkinji taryhy şahsyýeti Turaly beg hasaplanýar. Onuň agtygy Gara Ýülük Osman beg döwleti esaslandyryjydyr. Ol 1403-nji ýylda merkezi Diýarbekir şäheri bolan Akgoýunly döwletini gurupdyr. Onuň agtygy Uzyn Hasanyň (1453 — 1478) dolandyran döwründe bolsa, döwlet şadöwlet derejesine ýetip, paýtagt Töwriz şäherine geçirilipdir. Uzyn Hasan Akgoýunly döwletiniň özygtyýarlylygyny goramak üçin tagta geçen hökümdar. Munuň şeýledigine döwletiň taryhyny içgin öwrenenimizde has aýdyň göz ýetirýäris.

Şahyryň şygrynda taryhyň ýady

Magtymguly Pyragynyň döredijilik zehininiň egsilmez gorundan kuwwatlanýan häzirkizaman türkmen medeniýeti, onuň ajaýyp şahyrana dünýäsinden kemal tapýar. Ynsan kalbyny heýjana salýan setirler dilden-dile geçip, gaýtalanmajak ruhy bitewüligi emele getirýär. Magtymgulynyň bahasyna ýetip bolmajak hyzmaty diňe bir Watanyň howalaly ruhuny örän ýokary çeperçilik derejesinde beýan etmeginden däl-de, eýsem, geçip barýan üznüksiz ýyllaryň aňyrsyndan nurlanyp görünýän alysdaky säheri görmegi başarandygyndan hem ybaratdyr. Akyldar şahyryň ynsan ýüregine öçmejek uçgun bolup ornan şygyrlarynyň aglabasyndan geçmişiň syrlaryny açýan örän gymmatly taryhy maglumatlary görmek bolýar. Şolaryň biri-de 1747 — 1773-nji ýyllarda Owganystanda şalyk süren Ahmet şa Dürrana bagyşlanan «Arşy-aglaýa» goşgusydyr. Ahmet şa owgan we türkmen halklaryny daşky süteme garşy bileleşip göreşmäge çagyrypdyr. Goşguda Ahmet şanyň öz halkynyň dagynyk güýçlerini birleşdirmek üçin edýän hereketleri we onuň Horasanyň sebitlerine guran ýörişleri görkezilipdir. Onda öň Nedir şanyň goşun serkerdesi bolup gulluk eden Hanaly hanyň hem ady getirilipdir.

Beýik Seljuk döwletiniň görnükli zenanlary

Halkymyz asyrlarboýy zenan maşgalalaryny ezizläp, olara uly hormat goýup gelýär. Bu hakykata taryhda yz galdyran görnükli türkmen zenanlarynyň mysalynda hem şaýat bolýarys. Biz hem şu makalamyzda taryhy çeşmelere we edebiýatlara salgylanyp, şöhratly taryhymyzyň buýsanjy — Beýik Seljuk türkmen döwletinde ähmiýetli orna eýe bolan meşhur zenanlar baradaky maglumatlary okyjylara ýetirmegi makul bildik. Türkmenlerde zenan sarpasy nesilbaşymyz Oguz han zamanasyndan gözbaş alýar. Şol döwürlere degişli taryhy çeşmeler seljerilende, zenan mertebesiniň belentde tutulandygyna, türkmen zenanlarynyň maşgala ojagyna wepaly bolandyklaryna, olara jemgyýetde erkekler bilen deň derejede garalandygyna göz ýetirmek bolýar. Oguz dessurlaryny özlerine ýörelge edinen seljuklarda hem zenanlaryň giň hukuklary bolupdyr. Taryhy çeşmelerde seljuk şazenanlarynyň ilçileri kabul etmek, giň mülk ýerlerine eýeçilik etmek, zerur halatynda özlerine degişli gorag maksatly goşuny döretmek, mirasdüşer şazadany bellemek ýaly mümkinçiliklere eýe bolandyklary bellenilýär.

OGUZ HAN TÜRKMEN

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Oguz han Talasy we Saýramy, Mawerannahry, Buharany, Horezmi eýelänsoň, jahan ýörişine ugrapdyr. Reşideddiniň beýan etmegine görä, Oguz han Hind ülkesini, Çyn-Maçyny boýun egdirip, Türküstana dolanýar. Amuýa (Amyderýa) derýasyndan geçip, Garçystana goşun çekip, ilçi iberýär. Garçystan, Gazna Zabul we Kabul söweşmän boýun egip, mal bermekligi kabul edýärler. Şam, Eýran, Müsür, Rum, Pereň ülkelerini boýun egdirip, Beýik Jahangir Watanyna dolanypdyr. Rowaýatlara görä, 116 ýyl hökümdarlyk eden Oguz han Hak rahmetine gowşupdyr.

TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY SÜTÜNLERI

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biri bolmak bilen, halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär. Akyldar  şahyryň döredijiligi türkmen halkynyň ynsanperwer dünýäsiniň, çuň mazmunly edebi mirasynyň, özboluşly garaýyş medeniýetiniň, ýaş nesli ýokary ahlak ýörelgelerine laýyklykda terbiýelemegiň milli mekdebidir. Beýik şahyryň döredijiligi ynsanda iň gowy häsiýetleri, ruhy-ahlak taýdan päkizeligi, dogruçyllygy, ile-güne, Watana wepalylygy, lebzihalallygy, ylma-bilime ymtylyşy, bilesigelijiligi terbiýeleýär. Gündogaryň beýik akyldarynyň şygryýet mirasy türkmen halkynyň dünýä edebiýatyna goşan ajaýyp we özboluşly  goşandydyr. Bu miras diňe bir türkmen halkynyň milli buýsanjy bolmak bilen çäklenmän, eýsem dünýäniň ähli halklarynyň ruhy-ahlak gymmatlygyny emele  getirýär.

Gadymy medeniýetiň ojagy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň taryhyny, maddy we ruhy gymmatlyklaryny öwrenmäge, dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi. Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Biziň topragymyzyň her bir daban ýeri ylmy barlaglar üçin gymmatly çeşme bolmak bilen, ýene-de näçe täsinlikleri özünde jemleýändigi doly mälim däl». Dogrudan-da, geçmiş taryhymyzyň açylmadyk syrly sahypalary örän köpdür. Gadymy medeni ojaklaryň biri hasaplanylýan Änew medeniýeti özüniň baý taryhy bilen dünýä alymlarynyň ünsüni çekip gelipdir. XIX asyryň ahyrlarynda we XX asyryň başlarynda sowet hem-de daşary ýurtly alymlar gadymy Änewi öwrenmäge girişýärler. Änew depesinde ilkinji bolup 1886-njy ýylda rus generaly A.Komarow Aşgabat garnizonynyň esgerleri bilen gadymy ýadygärligiň taryhyny öwrenmäge girişýär. Onuň Änewde geçiren gazuw-agtaryş işleri barada 1888-nji ýylda Sankt-Peterburgda Russiýa geografiýa jemgyýetiniň Gündogar bölüminde eden ylmy çykyşynyň beýany gysgaldylan görnüşinde şol ýyl «Nowosti» gazetinde, Türküstan general-gubernatorynyň «Turkestanskiýe wedomosti» gazetinde çap edilýär. A.Komarowyň hasabatyndaky görkezilen taryhy ýadygärlikleri öwrenmek maksady bilen alymlaryň ýörite arheologik gözleg topary döredilýär. Oňa B.Žukowskiý ýolbaşçy edilip bellenilýär. Eýýäm şol wagtlarda hut şu meselede halkara taslamanyň çäklerinde Amerikanyň Karnegi instit

Şöhratly taryhymyzyň gadymy çeşmeleri

Adamyň ruhy-ahlak kämilliginiň kemala gelmeginde medeni miras özboluşly ähmiýete eýedir. Medeni miras nesilleri baglanyşdyrýar. Adamlaryň geçmişini, şu gününi we geljegini bir bitewülige birleşdirýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde milli medeni mirasymyzy ylmy esasda öwrenmek we onuň ösüşine täze badalga bermek üçin düýpli işler amal edilýär. Türkmenistan gadymy, şöhratly taryha eýe bolan baý medeni mirasly künjekleriň biri hasaplanylýar. Soňky ýyllarda geçirilen arheologik barlaglar hem-de öwrenilen etnografik gymmatlyklar ata Watanymyz Türkmenistany adamzat siwilizasiýasynyň bäş sany merkeziniň biri hökmünde ykrar etmäge esas berýär.

Änew medeni mirasy özünde jemleýän taryhy şäher

Änew türki dünýäniň gadymy medeniýetini özünde jemleýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen üstünliklere beslenýän şu ýylda Änew şäherini «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek boýunça degişli çözgüt Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edildi. Şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow 4-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň 2023-nji ýyldaky ilkinji mejlisiniň barşynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary we çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen degişli resminama gol çekdi, şonuň esasynda guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi, şeýle-de geçiriljek dabaralardyr çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Änewli şahyr

Änew özüniň geçmiş taryhynda dürli medeniýetleri başdan geçirip, dürli döwürlerde zehinli şahsyýetleriň kemala gelmeginde tanalan mekanlaryň biridir. Şeýle zehinleriň biri hem XIX asyryň ahyrynda, XX asyryň başlarynda Änewde Kelteçynar diýlen ýerde dünýä inen Sahypjemal atly şahyr zenandyr. Sahypjemal aýdym-saza, sungata sarpa goýulýan, döwletli, abraýly maşgalanyň gyzy bolupdyr. Ol ene-mamasyndan türkmen halk döredijiligine degişli lälelerdir hüwdüleri, ertekilerdir rowaýatlary eşidip, kalbyny gandyran bolsa, kakasynyň bagşy bolandygy sebäpli, onuň ýerine ýetirýän halk aýdymlaryny hem gana-gana diňläpdir, olaryň sözlerini ýat tutupdyr. Bile bir ojakda önüp-ösen doganynyň hem ata kesbini ýöredip, bagşyçylygy saýlamagy ony söz sungatyna has-da golaýlaşdyrypdyr. Sahypjemalyň doganyna Durdy bagşy diýer ekenler. Durdy bagşy Änew topragynda tutulýan toýlaryň bezegi bolupdyr. Gulagy, göwni hemişe milli halk aýdym-sazlaryndan ganan gyzyň kalbyndan çykan sözler şygra öwrülipdir. Änew topragynyň gözelligi, deň-duşlary bilen geçiren bagtyýar pursatlary, ene-atasynyň mährinden, söwer ýarynyň söýgüsinden, perzendine bolan enelik duýgularyndan ylhamlanan zenanyň goşgulary döwürdeşlerine ruhy lezzet beripdir. Ýöne, ol sowatsyz bolup, goşgularyny ýazga geçirip bilmändir. Diňe ýatdan aýdypdyr, şonuň üçin onuň goşgulary biziň döwrümize doly gelip ýetmändir.

Beýik Seljuklaryň goşun gurluşy

Gahryman Arkadagymyz «Watan goragy mukaddesdir» atly ajaýyp eserinde: «Taryhymyzy, Watan goragynda är işini bitiren serdarlaryň, gerçekleriň, batyrlaryň, gahrymanlaryň ömri, söweş ýoly, edermenligi bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary içgin öwreniň, olardan görelde alyň, Watanymyzyň, Ýaragly Güýçlerimiziň gahrymançylykly taryhyny baýlaşdyryň!» diýip jaýdar belleýär. Bu paýhasly sözler ruhuňy ganatlandyryp, gahrymançylykly taryhymyzyň gatbar-gatbar sahypalaryny açmaga, olary halkymyza ýetirmäge uly hyjuw döredýär. Beýik Seljuk türkmenleri kämil goşun gurluşy, adalatly dolandyryşy, giň çäklerde köp milletleri agzybir, ylalaşykly ýaşadandygy bilen taryh sahypalaryna adyny ýazdyrdy. Taryhy maglumatlara esaslansak, nähili kämil goşuny bolandygyna garamazdan, ýöne ýere gylyçlar gynyndan çykmandyr. Çünki ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik olaryň döwründe hem türkmeni beýlekilerden tapawutlandyrýan esasy taglymat boldy. Eýsem, şeýle güýçli döwletde goşun nähili bolduka? Bu sowalyň jogabyny Ibn Esiriň «Kämil taryhyndan», S.Agajanowyň «Селжукиы и уркмения в XI-XII вв.», Ö.Gündogdyýewiň «Прошлое уркмен» hem-de türk seljukşynaslary — S.Kojanyň «Selçuklular' da Ordu ve Askeri Kültür», M.A.Köýmeniň «Büyük Selçuklu Imparatorlugu Tarihi», F.Sümeriň «Islam Kaynaklarina Göre Malazgirt Savaşi» atly işlerinden peýdalanyp, okyjylara umumy maglumatlary ýetirmegi makul bildik.

Ahalteke atçylygynyň şöhratly ýolundan parçalar

Türkmenistanda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 10-njy fewralyndaky Karary esasynda döredildi. Bu ýokary okuw mekdebinde atçylyk; seýisçilik; weterinar lukmançylygy; weterinar we sanitar ekspertizasy; atly sport we atly syýahatçylyk; milli at üstündäki oýunlar; sirk sungaty; oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda) hünärleri boýunça bilim berilýär we bakalawrlar taýýarlanylýar.

Nebitçileriň waspçysy

Tanymal ýazyjy Şäher Borjakowyň döredijiligi bilen tanşanyňda, onuň kino sungatynda-da, terjimeçilik sungatynda-da bitiren işleriniň az däldigine göz ýetirip bolýar. Onuň edebi esasyny ýazan «Suw hakda aýdym», «Göwün-göwünden...», «Altyndan hem gymmat», «Garabogaz», «Bagt» ýaly dokumental filmleri öz döwründe tomaşaçylara ýetirildi. Ol meşhur rus şahyrlary M.Lermontowyň, N.Tihonowyň, S.Ýeseniniň, A.Twardowskiniň we beýleki doganlyk halklaryň ençeme şahyrlarynyň goşgularyny hem poemalaryny türkmen diline geçirdi. Şonuň ýaly-da, şahyryň öz eserleri hem rus diline hem-de doganlyk halklaryň dillerine terjime edildi. Ol «Deňizde dogan ýyldyzlar», «Gomlaryň arasynda» we başga-da dürli mowzuklara ýüzlenilip döredilen ençeme kitaplaryň ýazary, ýöne okyjylaryň köpüsi oňa «Nebitçileriň waspçysy» diýýärler. Sebäbi ol döredijiliginde, esasan, nebitçileriň zähmeti bilen bagly eserleri kän döretdi. Şonuň üçin merhum şahyr Şäher Borjakow hakynda ýatlama taýýarlap, «Nebit-gaz» gazeti arkaly okyjylara ýetirmegi makul bildik. Şäher Borjakow 1929-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda Mary şäherinde gullukçynyň maşgalasynda doglan. Häzirki Türkmenbaşy şäherinde orta bilim alýar. Zähmet ýoluny 1946-njy ýylda öňki oblast gazetinde edebi işgär wezipesinden başlaýar. Soňra şäher gazetiniň redaksiýasynda, radiokomitetde işleýär. Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher komitetiniň kätipligine saýlanylýar. O

Taryh

Türkmeniň meşhur taryhy şahsyýetleri, olaryň bitiren edermenlikleri ýaş nesil üçin görelde we terbiýe mekdebidir. Redaksiýamyza gelip gowşan köpsanly haýyşlary kanagatlandyrmak maksady bilen, gazetimizde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty Jumamyrat Gurbangeldiýewiň «Meşhur türkmen serkerdeleri» atly makalalar toplumyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Oguz han — türkmen milletiniň nesilbaşysy, dünýäde ilkinji türkmen döwleti bolan gadymy Oguz döwletiniň düýbüni tutujy, türkmen ruhunyň birinji eýýamynyň ruhy ýolbaşçysy. Oguz han Türkmen dünýä öz elipbiýini, ak bugdaýyny, arabany, türkmen halysyny, gözüňi gamaşdyrýan şaý-sepleri, gamyşgulak bedewini, şol wagt dünýäde deňi-taýy bolmadyk harby sungatyny beren türkmen halkynyň nesilbaşysydyr. Nesil beýany, şejeresi Nuh pygamberden gelip, kakasyna Gara han diýlipdir. Şahsyýet hökmünde ir kemala gelen Oguz han kakasy bilen gapma-garşylyga girip, kakasynyň dini ynanjyndan ýüz öwrüpdir. Täze bir ynanja gol ýapypdyr. Oguz han ýekehudaýlylyk ynanjynyň, kakasy bolsa köphudaýlylyk ynanjynyň tarapynda bolupdyr.

Gadymy çeperçiligiň syrly sazlaşygy

Milli ýadygärliklerimiz Merkezi Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň beýleki halklarynyň medeniýeti bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, ol sungatda öz beýanyny tapýar. Duldegşir goňşy ýurtlar bolan Türkmenistan we Eýran irki ekerançylygy hem-de ajaýyp sungat ýadygärlikleri bilen dünýä bellidir. Eýranda hem, bizde bolşy ýaly, irki ekerançylyga degişli gadymy ýadygärlikler köp. Şunda, ilki bilen, ýurduň merkezindäki, Kaşan şäheriniň günortasyndaky oazisiň çäginde ýerleşýän gadymy Sialk şäherçesiniň adyny tutmak ýerliklidir. Kaşan oazisiniň taryhynda uzak döwrüň dowamynda ýaşaýyş bolupdyr. Sialk I ýadygärliginiň gatlaklarynyň umumy galyňlygy, takmynan, 12 metre ýetýär. Ol iň gadymy ekerançylar barada düşünje berýän esasy ýadygärlikleriň biridir. Günorta Türkmenistanyň Garadepe, Göksüýri ýadygärliklerinden ýüze çykarylan nagyşly keramikanyň nusgalarynyň Eýranyň Gissar, Şahri-söhte we Seýistan ýaly ýadygärlikleriniň keramikasy bilen örän meňzeşdigi alymlarda uly gyzyklanma döredýär. Käbir ýagdaýlarda bu meňzeşlik has haýran galdyrýar. Gadymy adamlaryň ruhy dünýäsini öwrenmek arheologiýa ylmynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Gabyň ýüzüne şekil görnüşinde boýag çalynmak bilen, bezegiň ilkinji başlangyç görnüşleriniň döremegi neolit döwründe — b.e. öňki VI müňýyllykda ýüze çykýar. Bu keramikanyň we reňkiň oýlanyp tapylan döwri bolup, onda bezeg ýeke-täk goňur reňk ulanmak arkaly ý

Ýere yhlas eden ýalkanar

Güneşli Diýarymyzyň her bir künjeginde şanly taryhy bolan, zähmet ýeňişlerine beslenýän obalaryň, geňeşlikleriň, daýhan birleşikleriniň onlarçasy bar. Öňden gelýän asylly däplere giň gerim berlip, halypa-şägirtlik ýörelgeleri yzygiderli ösdürilýär. Obalaryň taryhy ösüşlerine, zähmet üstünliklerine uly goşant goşan şahsyýetleriň ykbalyny, hasyl ussatlarynyň tejribeleridir hojalygy dolandyrmakdaky netijeli iş usullaryny öwrenmekde bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde oba hojalyk pudagyny ösdürmekde, hasyllylygyň derejesini ýokarlandyrmakda, zähmet medeniýetini kämilleşdirmekde, obalaryň ykdysady-maliýe düşewüntliligini artdyrmakda tejribeli daýhanlaryň goşandy juda uly. Bu babatda gürrüň gozgalanda, ilki bilen, Orazgeldi Ärsaryýew, Guwanç Atamedow, Sadulla Rozmetow, Goşa Begmedow, Hüdük Myradow, Aşyr Kakabaýew, Nazly Gylyjow, Togta Saburowa, Ýazbike Toýlyýewa, Sapyş Çerkezow, Rejepguly Ataýew, Berdi Seýitmädow ýaly ussatlar ýadyňa düşýär. Hawa, ýurdumyzda yhlas bilen halal zähmet çekip, sahawatly topraga mähir siňdirip, ondan kemal tapan, oba hojalyk işiniň döwrebap önümçilik usullaryny netijeli durmuşa geçirmekde tapawutlanan halypalaryň onlarçasy bar. Şolaryň birem Çoşşy Arazgylyjowdyr. Tejribeli ýolbaşçynyň, zähmetden bereket tapan daýhanyň aýratyn yhlaslylygy, ukyp-başarnyklylygy bu günki gün hormat bilen ýatlanýar.

Metjitdäki aždarha şekili

Abiwerdden Nusaýa barýan kerwenleriň soňky düşleg ýeri gadymy Änew şäheridir. Orta asyrlardan galan Änew şäherinde ata-babalarymyzyň XV asyryň ortalarynda bina eden täsin metjidiniň harabalygy saklanyp galypdyr. Onuň gurlan senesi binanyň öň tarapynda, girelgesinde ýazylypdyr. 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinden soň, gynansak-da, metjit weýran bolýar. Onuň ozal nähili bolandygyny diňe galan suratlardan görüp bolýar. Ýene-de bu metjidiň öz rowaýaty hem bar, ondaky geň-taň şekilleriň taryhyny hem şol rowaýat gürrüň berýär. Metjidiň esasy girelgesiniň ýokarsynda iki sany aždarhanyň şekili bar. Bu metjit il içinde hormatlanylýan adam, dini ylymlaryň ussady Seýit Jemaleddiniň guburynyň öňünde gurlupdyr. Seýit Jemaleddin barada onuň oglunyň soltan Abul Kasym Baburyň dikmesi — ýerli emir bolandygyndan başga maglumat galmandyr. Änewliler metjitde aždarhanyň şekillendirilmeginiň sebäbini düşündirýän şu rowaýaty gadymdan bäri gürrüň berýärler: «Has gadym zamanlarda bu ýerde kuwwatly gala hem-de şäher bolup, oňa Jemal atly zenan maşgala (rowaýatyň beýleki bir nusgasynda Seýit Jemal atly erkek kişiniň hökümdar bolandygy hem aýdylýar) hökümdarlyk edipdir. Ol hökümdar örän pähimli hem-de adalatly ekeni. Gala diwarynyň düýbünde, metjidiň häzirki duran ýerinde jaňjagaz asylgy bag ösüp oturanmyş. Möhümi bolan her bir ötegçi şol agajy yralap bilýärmiş. Jaňyň sesini eşiden hökümdaryň nökerler

Ilkinji magaryfçylar Magtymguly barada

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde: «Biz her ýyly belli bir şygar boýunça geçirýäris. Şu ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etdik. Bu şygar uly many-mazmuna eýe bolup, watançylygymyzy ýokarlandyrmaga, ýaşlarymyzy terbiýelemäge, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar. Munuň özi biziň üstümize uly jogapkärçiligi ýükleýär. Şoňa görä-de, bu şygary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin tutanýerli zähmet çekmelidiris» diýip nygtady we söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň çärelerine ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi XX asyryň başynda çynlakaý öwrenilmäge başlanýar. Beýik şahyryň döredijiligi onlarça ylmy barlaglaryň esasy bolup, türkmen edebiýatynyň dürli meselelerini öwrenen alymlar hem, ilkinji nobatda, Magtymgulynyň şygyrlaryna ýüzlenipdirler. Meşhur dilçi Şeýh Süleýman Efendiniň (1821/22 — 1847 ý.ý.) «Lugaty Çagataý we Türki-i Osmany» atly eserini muňa mysal görkezmek mümkindir. Sebäbi şahyryň şygyrlary türkmen halkynyň ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Şol bir wagtyň özünde ol türki dünýäniň dil we edebiýat babatynda nusgalyk mirasy bolup durýar.

Taryhy asyrlara uzaýan gadymy künjek

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi türkmen medeniýetini we taryhyny dünýä ýaýmakda aýratyn orna eýedir. Mälim bolşy ýaly, Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek boýunça degişli çözgüt Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde biragyzdan kabul edilipdi. Munuň özi halkymyz üçin şatlykly waka boldy. Arheologik maglumatlar Änew şäheriniň eneolit döwründe — biziň eýýamymyzdan öňki IV — III müňýyllyklarda peýda bolandygyna şaýatlyk edýär. Bu bolsa diňe bir türkmen halkynyň taryhyny däl, eýsem, adamzat siwilizasiýasynyň ösüşini öwrenmekde-de möhüm ähmiýete eýedir. Änew şäheriniň baý taryhy bolup, ol tutuş sebitde ilkinji oturymly ekerançylyk ojagynyň — Jeýtun medeniýetiniň mirasdüşeridir. Taryhda Änew ak bugdaýyň ilkinji ýetişdirilen mekany hökmünde şöhratlanýar. Bu ýerde 120 ýyl ozal amerikaly geolog Rafael Pampelliniň hem-de nemes arheology Gubert Şmitiň ýolbaşçylygynda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ak bugdaýyň gadymy nusgalarynyň galyndylary ýüze çykaryldy.

Daýahatyn — Soltan Sanjaryň sähradaky köşgi

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň «Kerki» döwlet medeni-taryhy goraghanasynyň hünärmenleri indi birnäçe ýyldan bäri Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň çäginde ýerleşýän Daýahatyn kerwensaraýynda dikeldiş we rejeleýiş işlerini alyp barýarlar. Netijede, bu orta asyr ýadygärliginiň uzak asyrlaryň dowamynda howa şertleriniň täsiri bilen asyl durkuny üýtgeden baş girelgesiniň gurluşy dolulygyna dikeldildi. Kerwensaraýyň howlusy arassalanyp, geçirilen ylmy-gözleg işleriniň netijesinde, içki otaglary öwrenilip, asylky nusgasynda rejelenýär. Mälim bolşy ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda köp sanly şäherler, bazarlar, kerwensaraýlar, myhmanhanalar, sardobalar, çaýhanalar we argyşçylar üçin dynç almaga hem-de söwda etmäge niýetlenen howlular, harby berkitmeler gurlupdyr. Çünki orta asyr ykdysadyýetinde bu ýoluň ugry boýunça kerwenler arkaly amala aşyrylan söwdanyň aýratyn möhüm orny bolupdyr. Kerwenleriň oňat dynç almagyny we howpsuzlygyny üpjün etjek kerwensaraýlara uly üns berlipdir. Kerwensaraýlar, adatça, uly şäherlerden uzakda ýerleşipdir. Howply ýerlerdäki şeýle binalaryň daşyna berk goranyş diwarlary aýlanyp, olar ýokary taýýarlykly harbylar tarapyndan goralypdyr. Daýahatyn hem şeýle wezipäni berjaý eden kerwensaraýlaryň biri hökmünde IX asyrda, Amuldan Köneürgenje barýan söwda ýolunyň ugrunda

Jahanşa — adyl hökümdar

Jahanşa Garagoýunlylar türkmen döwletini esaslandyran Gara Ýusubyň üçünji ogly bolup, 1397-nji ýylda Hoý şäheriniň golaýyndaky kiçiräk obada dogulýar. Jahanşanyň kemala gelmegi onuň atasynyň Teýmirilere we Jelairilere garşy söweş alyp baran döwrüne gabat gelýär. Şol söweşleriň netijesinde, 1410-njy ýylda kuwwatly Garagoýunlylar döwleti döreýär. Ol häzirki Azerbaýjanyň, Ermenistanyň ýerlerini, Gündogar Gruziýany, Yragy we başga-da ençeme ýerleri öz düzümine birleşdirýär. Jahanşa eýýäm ýetginjek döwründen mydama kakasynyň ýanynda bolup, uruş alyp barmagyň tärlerini we döwleti dolandyrmagyň inçe syrlaryny öwrenipdir. Jahanşa ençeme harby ýörişlere gatnaşandygyna garamazdan, gowy bilim almaga-da wagt tapypdyr, öz döwrüniň iň ylymly-bilimli adamlarynyň biri bolup ýetişipdir. Mundan başga-da, ol uruş alyp barmagyň we diplomatik «göçümleri etmegiň» ussady bolupdyr. Üstesine-de, tebigat oňa inçe çeperçilik duýgurlygyny-da bagyş edipdir. Jahanşanyň bu ajaýyp zehini Garagoýunlylar döwletiniň başyna geçende äşgär derejede ýüze çykypdyr.