"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Halkyň hemişelik hemrasy

Müňýyllyklaryň dowamynda kämil derejä ýetirilen türkmeniň behişdi bedewlerini ýetişdirmek sungaty täze taryhy döwrümizde üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek ugrundaky taýsyz tagallalary munuň şeýledigini aýdyň subut edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň okgunly ösüşleri bedew badyna deňelýär. Biziň ýurdumyzda halkymyz bilen bedewiň dostlugy asyrdan-asyra, nesilden-nesle baky dowamata öwrüldi. Türkmen halkynyň döreden: «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýen parasatly jümlesi hem bedew ata nähili uly hormat goýulýandygyny äşgär edýär. Nusgawy edebiýatymyzda bedewiň üsti Süleýmanyň tagtyna deňelýär. Bedew atyň şanyna döredilen aýdymlar kalbymyzda, hakydamyzda baky ýaşaýar, ýüregimizi hemişe joşduryp durýar. Munuň özi türkmen halkynyň taryhyň dowamynda ahalteke bedewlerine aýratyn hormat bilen garandygynyň güwäsidir. «At — myrat» diýen paýhasly sözi döreden halkymyz nurana arzuwlaryny, belent maksatlaryny ahalteke bedewleri bilen baglapdyr.

Kalplara dolan bedewim

«Obamyzyň hormatly ýaşulusy Çary agalaryň gapysynda şatlyk-şagalaň bilen tutulýan gelin toýunyň atgulak asyljak güni bedew atlaryň çapyşygy boljakdyr» diýen habar ýyldyrym çaltlygynda oba ýaýrady. Bu habary eşiden atam howludan girişine: — Hany, Nurýagdy nirede? Dordepeli toýa taýýarlamaly ahyr — diýip, athana ýöneldi. Barşyna-da bedewiniň ýallaryndan sypap, misli ynsan bilen gürleşýän ýaly:

Ar­kaç­da­ky ga­dy­my oba-şäherler

Seýil edeliň, bu jahana,Jahanda näler görüner.Isgender, Jemşit saldyranBeýik binalar görüner.                                             Magtymguly Pyragy,                                                «Näler görüner»

Seljuk beg

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). XI asyryň II ýarymynda «Oguz ýurdy» ady, esasan, Syrderýa jülgesi babatynda ulanylypdyr. W.W.Grigorýew, W.W.Bartold, A.Ý.Ýakubowskiý, A.A.Roslýakow Seljuk döwletiniň esaslandyrylmagyna çenli oguzlaryň Syrderýanyň aşak we orta akymlarynda, Hazarýaka we Aralýaka etraplarynda, Wolgaýaka etraplaryna çenli aralykda ýerleşendigini ýazýarlar. S.G.Agajanow taryhy-geografiki edebiýatlaryň köpüsinde Seljuk döwletiniň döremegine çenli oguzlaryň ýerleşen ýerleriniň nätakyk düşündirilýändigini belleýär. Alym irki seljuk toparlanyşygynyň Syrderýanyň orta akymlarynda we Syrderýanyň golaýyndaky Garadagyň eteginde mesgen tutan oguzlar we türkmenlerden ybaratdygy barada netijä gelýär.

Şöhratly geçmişimiz öwrenilýär

Türkmen topragynda saklanyp galan arheologiýa we binagärlik ýadygärlikleriniň döwürdeşlerimize we nesillerimize şöhratly taryhymyz barada gürrüň bermekde ähmiýeti uludyr. Şol ýadygärlikleriň köpüsi gadymy söwda ýollarynyň ugrunda gaýnap joşan durmuşyň şaýady bolupdyr. Hakykatdan hem, çäk taýdan amatly ýerleşýän türkmen topragy Gündogar bilen Günbatar dünýäsiniň arasynda esasy köprä öwrüldi. Biziň çägimizden Aziýa we Ýewropa medeniýetleriniň arasynda möhüm aragatnaşyk ulgamlary geçipdir. Olaryň ählisi onlarça taryhy şäherler, ýüzlerçe desgalar we müňlerçe gymmatlyklar görnüşinde öçmejek yz galdyrypdyr.

Şöhratly taryhyň tarypy

«7/24. tm» №17 (204), 22.04.2024 Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry we da­na şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­nyň ulu­dan toý­lan­ýan ýy­lyn­da 2024-nji ýy­lyň 20-nji few­ra­lyn­da An­ka­ra şä­he­rin­de ýer­leş­ýän Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň (TÜRK­SOÝ) Baş sek­re­ta­ria­tyn­da 2024-nji ýyl­da Änew şä­he­ri­niň «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» di­ýip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li Änew şä­he­rin­de baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry, dö­re­di­ji­lik du­şu­şyk­la­ry, sun­gat us­sat­la­ry­nyň sy­ýa­hat­la­ry­dyr ge­ze­lenç­le­ri yzy­gi­der­li gur­nal­ýar.

Şöhratly geçmişe buýsanç

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly ajaýyp kitaby halkymyza sowgat bermegi göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Täze kitaby okap, şöhratly taryhymyza bolan buýsanjymyz has-da artdy. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmakda başyny başlan işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dowam edýändiginiň güwäsi boldy. Hormatly Prezidentimiziň “Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabyny peşgeş etmegi halkymyzy örän guwandyrdy. Türkmen halkynyň şöhratly taryhy, gadymdan gelýän milli medeniýeti her birimiziň kalbymyzda buýsanç duýgularyny döredýär. Änewiň şöhratly taryhy onuň bereketli topragy, gadymy medeniýet ojagy bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Biz hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitabyny okap, bu topraga togap edýäris, ekerançylyk medeniýetine çuňňur gyzyklanma bilen garaýarys. Esasan hem, bu gymmatlyklary öwrenmekde dünýä alymlarynyň alyp baran işleri bilen tanyşmak aýratyn gyzyklanma döredýär. Çünki olar gadymy topragyň taryhyny, döreden medeniýetini ylmy esasda öwrenmek bilen, uly işleri alyp bardylar. Bu hem olara bolan hormat-sarpamyzy artdyrýar.

Merw we Beýik Ýüpek ýoly

Halklaryň arasyndaky ykdysady, söwda, medeni gatnaşyklaryň ösmeginde Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetiniň uly bolandygyny taryhy, ylmy çeşmeler tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyz Beýik Ýüpek ýolunyň dünýä ýurtlarynyň ykdysady, söwda, medeni gatnaşyklaryny ösdürmekdäki hyzmatyna şeýle baha berýär: «Özara gatnaşyklaryň medeniýeti, medeniýetleriň özara gatnaşygy, ine, Beýik Ýüpek ýolunyň köpasyrlyk tejribesi şonda jemlenendir, ata-babalarymyzyň pähim-paýhasynyň sütüni, daýanç kökleri hem şondadyr». Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ýurtlarynda täze-täze medeniýetler döräp, şol halkyň ýaşaýyş medeniýetine pugta ornaşypdyr. Şeýle medeniýet, döwrüň geçmegi bilen, milletiň maddy we ruhy gymmatlygyna öwrülipdir.

Merwiň syrly söhbetleri

Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde mekan tutan gadymy türkmen topragy asyrlaryň söhbedini süňňüne siňdiren taryhy ýadygärlikleriň, galalaryň, şäherleriň... mekany. Olaryň hersi halkymyzyň baý taryhynyň bellibir döwri hakdaky täsin eser. Şeýle eserleri özüne siňdiren ýadygärlikler gadymy Mary topragynyň hem her menzilinde öňüňden çykýar. Ýekedeşik. Tagtabazar etrap merkeziniň golaýynda, Murgabyň çep kenarynda ýerleşýän Ýekedeşik gowaklar ulgamy — hakyky täsinlikler mekany. Ýarym silindr görnüşli gümmezli uzyn däliziň ugrunda birleşýän jaýjagazlardan ybarat ýerasty şäheriň ýekeje girelgesi bolansoň, oňa «Ýekedeşik» diýip at beripdirler.

Paryzdepeden Arkadag şäherine çenli

Paryzdepe taryhy ýadygärliginden günbatarlygyna seredeniňde, ajaýyp Arkadag şäheri görünýär. Şol pursat ata-babalarymyzyň «Owal akan ýerinden akarmyş aryk» diýen jümlesi biygtyýar ýadyňa düşýär. 2016-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň hut şu topraga, şu ýadygärlige şa gadamynyň düşmegi bilen bu ýerde gadymy arheologik ýadygärlikleri düýpli öwrenmek işine badalga berlen bolsa, indi bu gadymy mekanda täze şäher — nurana binalar peýda boldy. Paryzdepe ýadygärliginde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitabynda görkezilen taryhy maglumatlary tassyklaýan gymmatlyklaryň üstünden baryldy. 2024-nji ýylyň ýazky gazuw-barlag möwsüminde Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary ýeriň, takmynan, 7,5 metr aşagyndan, ýadygärligiň 14-15-nji we degişlilikde, 16-njy medeni gatlaklaryndan gadymy Änew medeniýetine degişli ajaýyp taryhy maglumatlary ýüze çykardylar. Ýüze çykarylan gymmatlyklar gadymy suw ulgamy bolan käriz akabasynyň köne akymynyň ugrundan tapyldy. Bu ýerde geçirilen gazuw-agtaryş ylmy barlaglaryň dowamynda, eneolit döwri diýlip atlandyrylýan, miladydan öňki V-IV müňýyllyklara häsiýetli, Änew I medeniýetiniň döwrüne mahsus bolan hojalykda giňden ulanylan gaplaryň bölekleri, çakmak daşdan ýasalan gurallaryň galyndylary we başga-da köp sanly tapyndylar bilen bir hatarda şol döwre mahsus ýaşaýyş j

Beýik Seljuklaryň atabeglik mekdebi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly watansöýüjiligiň belent waspyny ajaýyp teswirleýän eserinde, milli taryhymyzdaky «atabeglik mekdebi» barada şeýle beýan edýär: «Türkmen soltanlyklarynda ýörite atabegler bolupdyr. Olar ähli ugurlardan okuwly, terbiýeli bolup, harby tälimleri çuňňur özleşdiripdirler». Atabeglik mekdebi ilkinji gezek Beýik Seljuk türkmenlerinde ornaşdyrylyp, döwlet derejesinde ähmiýet berlen terbiýe ulgamy bolupdyr. Seljuk soltanlary şazadalary terbiýeläp ýetişdirmekde «atabeg» adyna eýe bolan, ylymly-bilimli, goşun terjribeligine eýe mugallymlary wezipelendiripdirler. Sebäbi döwletiň ykbaly ynanyljak geljekki soltanlaryň ýaşlykdan türkmen milli däp-dessurlarynda, ynsanperwer, gaýduwsyz, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin uly ähmiýet berlipdir. «Atabeg» adalgasynyň ýüze çykyşy

Taryha bagyşlanan taryhy kitap

Her bir güni uly üstünliklere, taryhy wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda  hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň halkymyza gowuşmagy aýratyn guwandyryjy waka boldy. Hormatly Prezidentimiz pähim-paýhasdan dörän eserinde «Bu kitaby ýazmakdan maksadym, türkmen we daşary ýurtly okyjylarymy ýurdumyzda alnyp barylýan il-halk bähbitli işleriň geriminiň giňligi, tagallalarynyň beýikligi bilen tanyşdyrmakdan, şeýle hem olary beýik döwletimiziň bagtyýar hem-de ajaýyp geljegi üçin belent işlere ruhlandyrmakdan ybaratdyr» diýip, türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda emele gelen medeni we ruhy däpleri barada giňişleýin söhbet açýar. Täze kitap 3 bapdan we 7 bölümden ybarat bolup, «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly baplar hem-de «Rowaýata öwrülen geçmiş», «Gatar — Bagabat — Änew», «Gadymy Änew medeniýeti», «Änewiň arheologik däpleriniň öwrenilişiniň taryhyndan», «Änew medeniýeti we türki dünýä», «Geçmişiň syry galan toprak», «Watan hakyndaky müdimi owaz» atly bölümler türkmen halkynyň şanly geçmişini dabaralandyrýar.

Beýik geçmişimize çuňňur hormat

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby ýurdumyzda hem-de halkara jemgyýetçiliginde, şeýle-de ýakynda halkara çärelerine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtly alymlarda, hünärmenlerde, dürli kärdäki myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Döwlet Baştutanymyzyň bu eseri gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlanýar. TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edilen bu çözgüt Watanymyzyň belent halkara abraýa eýediginiň, türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşan uly goşandynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň güwäsidir. Şeýle-de bu kitap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda agzybir halkymyza ýapylan ajaýyp serpaýdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby giň okyjylar köpçüligi üçin gymmatly gollanma boldy. Çünki bu kitapda türkmen halkynyň şöhratly geçmişi düýpli we giňişleýin beýan edilip, dürli taryhy maglumatlar berilýär. Şeýle hem bu ajaýyp eserde halkymyzyň taryhy, asyrlaryň dowamynda kemala gelen gadymy medeni, ruhy däp-dessurlary barada söhbet edilýär.

Seljuk beg

Jende gaýtmanka seljuklar musulman däldi. Täze gelen ýerinde ornaşmak üçin yslam dinine geçmegiň zerurdygyna düşünen Seljuk beg bu ýeriň musulman häkiminden özlerine bu diniň kada-kanunlaryny öwredýän ýolgörkeziji bellemegini haýyş edipdir. X asyrda 920 — 960-njy ýyllarda (bu sene takyk däldir. Seljuklaryň 915-nji ýylda (belki, 924-nji ýylda) Göktaňry dininden yslam dinine geçendigi barada hem maglumat bar) seljuklar yslam dinini kabul edipdirler (Босворт К.Э. Нашествия варваров появления тюрок в мусульманском мире. // Мусульманский мир. – М.: Наука, 1981. – С.23.). Yslam dinini kabul eden seljuklara Samanylar döwletiniň raýatyna girmäge, mal bakmak üçin öri meýdanlaryny almaga mümkinçilik döredilipdir. Seljuklaryň göçüp gelen Jent welaýatynyň aglaba bölegi oguzlaryň yslamy kabul eden çarwa taýpalaryndan ybarat bolupdyr. Oguzlar X asyryň ikinji ýarymyndan başlap, musulmançylyga geçip başlap, XI asyrda olaryň ählisi musulman boldy. Araplar musulman oguzlara musulman türkler diýen manysynda «türkmen» diýipdirler. XIII asyrda oguz ady ýitip, ýerini türkmen ady eýeläpdir. Seljuk öz urugy bilen musulmançylygy kabul edeninden soň, Ýaňykent oguzlarynyň hökümdary Aly hana musulmanlaryň kapyrlara salgyt tölemeýändigini aýdyp, onuň salgytçysyny kowupdyr. Bu onuň musulman oguzlaryň arasyndaky abraýyny artdyrypdyr. Töweregine jemlenen gazylar bilen yslamy kabul etmedik türkleriň üstüne gaz

Gadymy Änewiň şöhratly taryhy

«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz özü­niň «Öm­rü­miň ma­ny­sy­nyň do­wa­ma­ty» at­ly ki­ta­byn­da: «Ki­tap bi­ziň dur­mu­şy­myz­da dem al­ýan ho­wa­myz­dan, gün­de­lik azyk-ow­ka­ty­myz bo­lan çö­rek­dir su­wu­myz­dan soň­ra iň esa­sy ze­rur­lyk bo­lup dur­ýar. Se­bä­bi ýa­şaý­şa dü­şün­me­giň we öňe iler­le­me­giň, ösü­şiň öze­nin­de ylym-bi­lim ýa­tyr. Ylym-bi­li­mi bol­sa ki­tap­lar ar­ka­ly has öz­leş­di­rip bil­ýä­ris. Ki­tap hiç wagt ba­ha­sy eg­sil­me­ýän, gym­ma­ty gaç­ma­ýan gym­mat­lyk­dyr» di­ýip bel­läp geç­ýär. Ha­ky­kat­da­nam, ki­tap yn­sa­na ru­hy taý­dan gol­da­wy, sag­dyn pi­kir­len­me­gi, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly bol­ma­gy ba­gyş ed­ýär. Ha­çan-da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dö­re­den eser­le­ri­ni alyp oka­ny­myz­da hem bu ha­ky­ka­ta ýe­ne bir ýo­la göz ýe­tir­ýä­ris.

Gadymy Änewiň suw desgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny Arkadagly Gahryman Serdarymyz üstünlikli dowam edýär. Bu ajaýyp döwürde ýurdumyzyň taryhyny ylmy esasda öwrenmek, milli mirasymyzy sarpalamak we ony wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bu gadymy şäheriň baý taryhynyň öwrenilmegine, ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň mümkinçilikleriniň artmagyna ýardam edýär. Änew özüniň taryhy, gadymy we orta asyr medeniýeti bilen ençeme ýyllardan bäri alymlaryň ünsüni çekip gelýär. Änewiň orta asyrlara degişli öwrenilmeli desgalarynyň biri hem suw desgasy bolan orta asyr sardobasydyr. Bu desga orta asyrlarda Änewde gyzgalaňly ýaşaýşyň bolandygyny, ýerli ilatyň ekerançylyk bilen meşgullanandygyny görkezýändir. Bu sardoba barada Änew medeniýeti bilen gyzyklanan A.W.Komarow, R.Pampelli, A.A.Semýonow, Ý.A.Kobranow ýaly alymlar birnäçe maglumatlary beripdirler.

«Türki dünýäsiniň medeni paýtagty»

* Döwletimiziň üstünlikleri, toý-baýramlary bu ýyl hem goşa-goşadan gelýär. Bu ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip atlandyrdyk. Sebäbi bu ýylda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde dabaraly belleýäris. Gadymy Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Bular, hakykatdan hem, tutuş dünýäniň ünsüni özüne çekjek wakalardyr. * Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän wakalaryň umumylygy «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda jemlenýär. Çünki döwletiň iň uly maksady adamlaryň bagtyýarlygydyr, geljege ynamly garaýşydyr. Bagtyýarlyk bolsa, bir sözde beýan edilmeýär, adamyň bagtyýarlygy onuň islegi, arzuwlary, garaýyşlary, duýgy-düşünjesi bilen baglanyşykly durmuş ýagdaýlarynyň esasyndaky düşünjedir. Bu düşünje dogrusyndaky umumy garaýyş Watan diýen sözde jemlenýär.

Garagum sährasy – gymmatlyklar hazynasy

Ümmülmez Garagum sährasy diňe bir ösümlik hem-de haýwanat dünýäsine baý bolman, eýsem, taryhy-arheologiýa ýadygärliklere, syýahatçylyk ýerlere hem baýdyr. Aýratyn hem, «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasy tutýan meýdany, tebigy gözelligi, şeýle hem syýahatçylar, zyýaratçylar üçin zyýarat edilýän ýerleriniň köpdügi bilen tapawutlanýar. Biz hem şolaryň käbiri bilen okyjylarymyzy tanyşdyrmagy müwessa bildik. Minara galasy — Merkezi Garagumda Minara çäkli goraghanasynyň çäginde, Minara guýusynyň ýanynda ýerleşýär. Antik döwründen galan bu arheologiýa ýadygärligi dörtburç görnüşde bolup, diwarlarynyň ölçegi her tarapdan 40 metre ýetýär. Minaranyň derwezesi hem-de gala girelgesi günorta tarapynda ýerleşýär. Onuň demirgazyk-günbatar burçunda taraplary 11x11 metr bolan, goranmak üçin niýetlenen kiçi gala hem gurlupdyr. Galanyň ortasynda diametri 4,5 metr we beýikligi 7 metr bolan diň bar. Gala adyny minarasyndan alypdyr. Galanyň günorta tarapynda gonamçylyk ýerleşýär. Bu gala gadymy Gürgenjiň serhedinde goranyş desgasy bolup hyzmat edipdir. Х — ХII asyrlarda ony düýpli abatlap, kerwensaraýa öwrüpdirler. Giçki orta asyrlarda Hywa hanlary galany üýtgedipdirler.

Änew — gadymy ekerançylygyň Watany

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge uly üns berilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, öndürilýän önümleri senagat taýdan işläp, harytlyk görnüşe getirmek, ekerançylygyň medeniýetini döwrüň ösen talaplaryna gabat getirmek ýaly möhüm meseleler döwletimiz tarapyndan elmydama üns merkezinde saklanýar. Biziň ýurdumyzda ekerançylygyň taryhy bolsa, öz gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Ony hormatly Prezidentimiziň golaýda halkymyza peşgeş eden «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitabyndaky: «Änew irki eýýamlardan bäri adamzat ýaşaýşynyň, esasanam, ekerançylyk, daýhançylyk medeniýetiniň ilkinji dörän hem-de ösen merkezleriniň biri bolup durýar» diýen jümle-de subut edýär. TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, bu topragyň dünýä derejesinde belli açyşlaryň mekany bolandygyndan habar berýär. Taryhda «Änew medeniýeti» ady bilen belli bolan bu gadymy mekanda dürli döwürlere degişli tapyndylar bilermenleriň ünsüni egleýär. Sebäbi olar özboluşly sünnäligi hem-de gaýtalanmajak çeperligi bilen görenleri haýrana goýýar.

Gorgandepe, Öredepe, Ýolbarslydere...

Taryhyň gatlarynda türkmen, türk, gök oguz, gyrgyz, gazak, özbek, tatar, alpan, azerbaýjan, garagalpak, uýgur, gumuk, garaçaý, bulgar, nogaý, tywa, kabardi, ýakut, hakas, altaý, başgyrt ýaly dünýäniň türki dilli halklary adamzat medeniýetiniň, siwilizasiýasynyň kemala gelmegine, ösmegine mynasyp goşantlaryny goşupdyrlar. Bu ugurdan iş alyp barýan alymlar türki dilli halklaryň gelip çykyşynyň oguz-türkmen kabylasyndan bolup, soňy bilen daşky täsirler esasynda gün-güzeranlary üçin aýratyn halka öwrülendigi hakynda ýazýarlar. Etnograf, edebiýatçy, arheolog alymlaryň belleýşi ýaly, biziň eýýamymyzdan ozalky dört müň ýyllyk taryhyň jümmüşinden gözbaş alýan, hersi özboluşly, ýeňil bolmadyk ýollary özbaşdak ýa-da egin-egne berip geçen bu halklar barada kän zatlar ýazyp, il-ulsa ýetirip bolardy... Emma biz häzirlikçe goňşy ýurtlaryň birinde kowçum bolup ýaşaýan arkadaşlarymyz hakynda bilenlerimizi okyjylara ýetirmegi makul bildik. Täjigistanyň Wagyş derýasynyň sag kenarynda, gadymy Etbaş obasynyň günbatarynda Türkmen atly polkunyň harby mekdebi hökmünde döwrüniň ýaşlaryna harby tälim beren mekany Gyzylgala ýerleşýär. Atly polkuň serkerdesi, asly daşoguzly türkmen Mährem Sapaýewiň başa-baş göreş, nyşana çenäp ok atmak we beýleki söweş tilsimleri boýunça diýseň ussat harby ýolbaşçy bolandygy hakynda maglumatlar bar. Şol döwürde Pelwerdiň Mergenli obasynyň kethudasy bolan Nazar aksakgalyň