"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Dokmaçylyk milletimiziň milli senedi

Hormatly Prezidentimiziň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 17-nji martynda sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bellän senelerinde Diýarymyzyň ähli sebitlerinde asylly däbe eýerip ýaşulularymyzyň ak pata bermegi bilen gowaça ekişine başlandy. Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli geçirilen dabaralar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşlerini dabaralandyrdy.

Şöhratly geçmişiň şu günki şuglasy

Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanylýan Türkmenistan Watanymyzyň hem-de türkmen halkymyzyň şöhratly taryhynyň bolandygyna, şol taryhyň dowamynda hem adamzadyň ösüşine gönüden-göni dahylly wakalaryň, açyşlaryň bolup geçendigine şaýatlyk edýän maglumatlar az däl. Margiana, Bak- triýa, Horezm, Parfiýa, Seljuk türkmen medeniýetleri, Merwiň, Nusaýyň, Ürgenjiň, Abiwerdiň, Dehistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri umumadamzadyň medeni ösüşine ägirt uly täsirini ýetiren künjekler hökmünde bu günki gün bütin dünýäde bellidir. Gadymy döwürlerden bäri şäher medeniýetiniň gülläp ösen mekany hökmünde tanalýan türkmen topragynda dörän Merw, Gürgenç, Nusaý, Abiwerd, Dehistan, Sarahs, Amul, Zemm, Şähryslam ýaly uly şäherleriň durmuşyň gülläp ösen ýerleri, iri ylym-bilim merkezleri bolandygy, dünýä ylmynyň, edebiýatynyň, medeniýetiniň hem-de sungatynyň öňe gitmeginde we baýlaşmagynda aýratyn hyzmatlary bitirendigi, elbetde, şol döwürlerde ýaşan ata-babalarymyzyň nesli hökmünde biziň üçin örän buýsandyryjydyr. Häzirki ajaýyp zamanamyzda şöhratly geçmiş taryhymyzy öwrenmekde, maddy hem ruhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda, dünýä ýaýmakda giň gerimli işler alnyp barylýar. Muny hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen halkynyň maddy hem-de ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek, dünýä ýaýmak, nesilden-nesle geçip gelýän belent ynsanperwer däplerimiz, medeni we ruhy gymmatlyklarymyz

Döredijilik bäsleşigi geçirildi

Türkmen oba hojalyk institutynda döredilen «Daşky gurşawy goramak — durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy» atly ÝUNESKO-nyň klubynyň açylmagy mynasybetli dabaraly maslahat hem-de talyplaryň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. Oňa welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdy. Türkmen oba hojalyk institutynyň binýadynda döredilen «Daşky gurşawy goramak — durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy» atly ÝUNESKO-nyň klubyny has-da baýlaşdyrmak, onda bar bolan maglumatlaryň üstüni ýetirmek maksady bilen, talyplaryň arasynda «Türkmenistan — ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Parfiýanyň taryhy şöhraty

Bitarap döwletimiziň belent ruhunda gaýtadan dikeldilýär Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy martda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna ses bermäge baranda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna hem jogap berdi. Şonda Gahryman Arkadagymyz şöhratly taryhymyzyň dikeldilýändigine ünsi çekip, ýurdumyzyň taryhyny öwrenmekde R.Pampelli, M.Masson, W.Sarianidi ýaly dünýä belli alymlaryň, taryhçylaryň, arheologlaryň iş alyp barandygyny buýsanç bilen belläp, şeýle diýdi: «Taryhçy alymlaryň ýadawsyz zähmeti arkaly türkmen halkynyň şöhratly taryhy dikeldilýär. Aşgabadyň eteginde gadymy Parfiýa patyşalygynyň Nusaý galalary ýerleşýär. Parfiýa kuwwatly döwlet bolup, Hytaýdan Hazar deňzine çenli bolan aralykda adalaty dabaralandyrypdyr. Häzirki döwürde alymlar, arheologlar Parfiýa patyşalygynyň Nusaý galalarynda gazuw-agtaryş işlerini, ylmy seljermeleri geçirip, bu döwletiň öz döwründe bitarap ýurt bolandygyny ykrar edýän maglumatlary tapdylar...».

Adalatly hökümdaryň waspy

Gahryman Arkadagymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda: «Men türkmen soltanlarynyň adalata sygnyp, dünýäde şöhratlanan döwletleri gurandyklaryny uly buýsanç bilen belleýärin» diýip ýazýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen soltanlarynyň dünýäde şöhratly döwletleri adalatly dolandyrmaklary halkyň asuda hem abadan durmuşyny üpjün edip, hökümdarlaryň at-abraýyny has-da beýgeldipdir. Adalatlylygy, watansöýüjiligi bilen taryhymyzy şöhratlandyran beýik şahsyýetleriň biri-de, Oguz hanyň neslinden bolan baýyndyrlaryň guran Akgoýunly türkmenleriň döwletiniň hökümdary Uzyn Hasandyr. Uzyn Hasan 1453-nji ýyldan 1478-nji ýyla çenli çärýek asyryň dowamynda Akgoýunly türkmenleriň döwletine hökümdarlyk edipdir. Onuň dolandyran döwründe Akgoýunly türkmenleriň şadöwleti imperiýa derejesine ýetip, döwletiň çäkleri Horasandan Garamana, Kura derýasyndan Pars aýlagyna çenli ýetipdir. Merkez Diýarbekir şäherinden Töwrize geçirilipdir.

Gözelligiň baýramy

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyz milli baýramçylyklary uly şatlyk-şowhun bilen döwlet derejesinde belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Nowruz baýramy halkara hukuk derejesine eýe boldy. 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 döwletiň goldamagynda Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň teklip etmegi netijesinde 2010-njy ýylyň 19-njy fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz güni diýip yglan etmek barada ýörite Rezolýusiýa kabul edildi. Şeýlelikde, Nowruz baýramy halklaryň arasynda parahatçylygy berkidýän, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýan hem-de Gündogar halklarynyň taryhy-medeni däp-dessurlaryny dünýä ýaýýan baýram hökmünde uly şatlyk-şowhun, aýdym-saz bilen giňden bellenilýär. Nowruz baýramynyň Horezm patyşalarynyň köşgünde bellenilişi barada Abu Reýhan al-Birunynyň «Geçen nesilleriň ýadygärlikleri» atly kitabynda giňişleýin beýan edilýär. Biruny milady ýyl hasabynyň 1000-nji ýylynda bu kitaby ýazyp gutarypdyr. Onda «Nowruz ýaşaýşyň başlangyjy we dünýäniň ýaradylan günüdir» diýip nygtapdyr. Nowruz 21-nji martdan başlap, alty günläp bellenilipdir. Baýramçylygyň altynjy gününe «Uly Nowruz» di

Parfiýanyň mirasy

Halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy we baý milli mirasy bar. Parasatly ata-babalarymyzdan galan bu gymmatly miras biziň milli buýsanjymyzdyr. Halkymyzyň beýik ogullarynyň, merdana, gaýduwsyz gerçekleriniň harby mirasyny öwrenmek we wagyz etmek biziň jana-jan borjumyzdyr. Şu jähetden, dünýäniň harby sungatynda öçmejek yz galdyran Parfiýa döwletiniň mirasy hem düýpli öwrenilmegine garaşýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň I kitabynda: «Parfiýa döwleti parlar, dahlar, massagetler, türkmen halkynyň ata-babalarynyň beýleki kowumlarynyň konfederasiýasy tarapyndan döredilendir. Ol Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugurlarynyň tabynlygyny eline almagy maksat edinen Gadymy Rimiň kuwwatly bäsdeşine öwrülýär» diýip, anyk taryhy maglumaty beýan edýär.

Şahymerdan Murgap jülgesinde

Gadymy Murgap derýasynyň adynyň gelip çykyşy barada dürli çaklamalar, pikirler bar. «Ab» — suw, ýöne «mur» ýa-da «murg» sözlerini garynja bilen-de, guş bilen-de baglanyşdyrýarlar. Bu derýanyň ýerli halkyň dilinde «Egrije» diýlip atlandyrylýandygyny, belki, köpler bilýän hem däldir. Bu ady, megerem, Tagtabazardaky Düldül ahyr obasynyň adamlary ýa-da Murgabyň sag kenarynda ýokary belentlikde ýerleşýän Şahymerdan babanyň aramgähine zyýarata gelýänler dakandyrlar. Gözbaşyny Pamir daglaryndan alyp gaýdýan Murgap derýasynyň umumy uzynlygy 978 kilometr bolup, onuň 530 kilometri Türkmenistanyň çägine düşýär. Bu derýanyň 3 sany goşandy bar. Olaryň ilkinjisi Owganystanyň çägindäki, Türkmenistan bilen serhede golaýdaky Kaýsar derýasy. Tagtabazar etrabynyň çäginde bolsa Murgaba Kaşan we Guşgy derýalary goşulýarlar.

«Illeri bar diňli-diňli...»

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 10-njy fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde gadymy medeni mirasy düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekip, taryhy-medeni ýadygärlikleri abat saklamak, öwrenmek, dikeltmek hem-de bu ugurda içerki halkara syýahatçylygy ösdürmek boýunça degişli çäreleri görmegiň wajypdygyny aýratyn nygtady. Şu jähetden, merdana ata-babalarymyzyň taryhy-medeni ýadygärliklere siňdiren beýik binagärlik sungatyna degişli maglumatlary öwrenip, nazary barlaglary geçirmek, döwrebap barlag usullaryny ulanmak bilen, täze pikirleri öňe sürmek, ýaş nesilleri pederlerimize ygrarly edip terbiýelemek iňňän zerur iş bolup durýar. Diňler milli binagärlik sungatynyň şanly nusgalarynyň biridir. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän arheologiýa ýadygärlikleriniň uzaklardan seleňläp görünýän diňlerinde biygtyýar nazarymyz eglenýär. Bu täsin gurluşly desgalar, göýä, şöhratly taryhymyzyň asyrlardan gelýän ýaňyna meňzeýär.

Atçylygyň gadymy merkezi

Gadymy Marguş döwleti dünýäniň geografik kartasynda aýratyn orny tutýar. Bu ýerden tapylan gadymy tapyndylar ýaşaýjylaryň biziň eýýamymyzdan öňki III müňýyllygyň ahyrynda dünýäde ilkinji bolup diýen ýaly atlary eldekileşdirendikleri baradaky maglumatlara esas döredýär. Münülýän atlaryň Gadymy Marguş ýurdunda belli bolandygyna tapylan arkasy eýerli atyň daşdan ýasalan keşbi hem şaýatlyk edýär. Elbetde, munuň özi Merkezi Aziýada münülýän atlaryň bolandygy hakynda iň irki subutnamalaryň biridir we Gadymy Gündogarda atçylygyň ösüşiniň taryhy üçin iňňän wajyp ähmiýete eýedir. Irki maglumatlardan mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň çäklerinde atlary biziň eýýamymyzdan öň VI müňýyllykda köpeldipdirler. Gadymy döwrüň adamlary atlara arabalary tirkäpdirler. Şol sebäpli atlary köpeltmek Ýakyn Gündogarda we Ýewropada giňden ýaýbaňlanypdyr. Meşhur türkmen atlary Kiçi Aziýadan Urartu we Müsüre, ondan bolsa Gresiýa we Rime çenli ýaýrapdyr. Olar aç-suwsuz uzak aralyga çapyp bilipdirler. Türkmenler has irki döwürlerde hem öz atlary barada aýdymlary, rowaýatlary, nakyllary döredipdirler.

Şöhratly taryhymyzyň şuglasy

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz: «Ga­raş­syz Di­ýa­ry­my­zyň Merw, Nu­saý, Ür­genç, Aby­werd, Sa­rahs, De­his­tan ýa­ly ga­dy­my şä­her­le­ri il­kin­ji ylym­la­ryň we bi­lim­le­riň, me­de­ni­ýet­le­riň hem-de sun­gat­la­ryň gül­läp ösen mer­kez­le­ri hök­mün­de dün­ýä meş­hur bo­lup­dyr. Tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de mil­li ýö­rel­ge­le­ri­mi­zi da­ba­ra­lan­dyr­mak, oka­mak, öw­ren­mek, zäh­met çek­mek, eziz Wa­ta­ny­my­zyň şan-şöh­ra­ty­ny dün­ýä ýaý­mak bi­ziň esa­sy mak­sa­dy­myz­dyr» di­ýip belleýär. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýur­du­my­zy tä­ze be­lent­lik­le­re ýe­tir­me­giň esa­sy sü­tün­le­riniň bi­ri ylym ul­ga­my­ny has-da kä­mil­leş­dir­mek bolup durýar. Ta­ry­hyň äh­li dö­wür­le­rin­de Türk­me­nis­tan­da ylym gül­läp ösüp­dir. Türk­men yl­my­nyň ta­ry­hy türk­men hal­ky­nyň eme­le ge­liş ýag­da­ýy bi­len sep­le­şip, ol özü­niň göz­ba­şy­ny ga­dy­my dö­wür­ler­den alyp gaýd­ýar. Adam­lar ga­dy­my dö­wür­ler­de ys­sy, gu­rak ho­wa şert­le­rin­de, esa­san, der­ýa­la­ryň ke­nar ýa­ka­la­ryn­da ýa­şap­dyr­lar we der­ýa­la­ryň joş­ma­gy­nyň, sil gel­me­gi­niň se­bäp­le­ri­ni öw­re­nip, te­bi­gy ha­dy­sa­la­ra yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik edip­dir­ler. Bu ýag­daý ola­ryň aý-ýyl se­ne­na­ma­sy­ny iş­läp düz­me­gi­ne ýar­dam edip­dir. Dür­li köşk­le­ri, ýol­la­ry gur­mak, eke­ran­çy­lyk ýer­le­ri­ni öl­çe­mek ýa­ly ho­ja­lyk ala­da­la­ry ma­te­ma­ti­ka­nyň, fi­zi­ka­nyň,

Öý işi nädip döredi?!

Eziz çagalar, «Öý işi nädip we kim tarapyndan döredildikä?» diýip oýlanyp gördüňizmi?! Geliň, onuň taryhy bilen tanyş bolalyň! Sapakda geçilýän temalar, esasan, düşündirmekden ybarat bolup, ol soňra berkitmegi talap edýär. Irki döwürlerde okuwçylar diňe sapak wagty her dersiň aýratynlygyna görä ony diňläp gyzyklanypdyrlar. Elbetde, her öwrenilmeli tema ýerine düşenden soňra täzesine geçilýär. Ýöne bilim derejesini barlamak we bahalandyrmak temanyň ýatda galyjylygy bilen bagly bolupdyr. Bu hem öz gezeginde kynçylygy ýüze çykarypdyr. Bu soragdan çözgüt tapmak üçin dürli usullar ýüze çykypdyr.

Şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­za buý­sanç

Sä­her bi­len pen­ji­rä­ni açyp, tö­we­re­ge seredersiň we­lin, kö­çe ug­run­da­ky ba­şy Gök di­re­ýän, ak mer­me­re bes­le­nen bi­na­la­ry, aja­ýyp gö­zel­lik­le­ri gör­mek bol­ýar. Yn­ha, üm­mül­mez säh­ra­syn­dan baş­lap, çeş­me­li­dir de­re­li dag­la­ry, ýa­şyl beg­res aty­nan düz­le­ri, jo­şup-jo­şup ak­ýan bol suw­ly der­ýa­la­ry diý­jek­mi... ju­da kän. Olar adam­za­dyň bar­mak bü­küp sa­naý­jak­la­ryn­dan örän köp­dür. Jen­ne­ti me­kan diý­le­ni-dä. On­soň bu me­kan­da ýa­şa­ýan hal­kyň ta­ry­hy şöh­rat­ly, şu gü­ni buý­sanç­ly, gel­je­gi röw­şen­dir. Ta­ryh — syr­ly dün­ýä. Onuň sa­hap­la­ryn­da ata Wa­ta­ny­myz ha­kyn­da ha­ky­ka­ta öw­rü­len ni­çe­me ha­ky­da­lar bar. Öz top­ra­gyň, Di­ýa­ryň ha­kyn­da­ky gür­rüň­ler, ta­kyk mag­lu­mat­lar her bir yn­san üçin buý­sanç hem-de köp mer­te­be bol­sa ge­rek. Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­my­zyň ta­ry­hy­nyň, ar­heo­lo­gi­ýa­sy­nyň we et­no­lo­gi­ýa­sy­nyň me­se­le­le­ri­ni tä­ze esas­da düýp­li hem-de çuň­ňur öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len köp iş­ler ama­la aşy­ryl­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bu ugur­da­ky giň ge­rim­li baş­lan­gyç­la­ry hä­zir­ki wagt­da my­na­syp do­wam et­di­ri­lip, hal­ky­my­zyň baý me­de­ni mi­ra­sy­ny çuň­ňur öw­ren­mä­ge, go­rap sak­la­ma­ga we wa­gyz et­mä­ge döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar. Ga­dy­my ýa­dy­gär­lik­le­ri­miz­de gi­ňiş­

Galalar — şöhratly taryhyň beýany

Diýarymyzyň çar künjeginde ýaýylyp ýatan giňişliklerde sudur bolup, uzaklardan magallaklap görünýän galalarda biygtyýar nazaryň eglenýär. Hemmelere elýeterli bolan internetiň kömegi bilen emeli hemradan düşürilen suratlary synlap, gadymy galalaryň arheologik yzlarynyň täsinligine haýran galýarsyň. Guşuçar belentlikden synlanyňda bolsa, gadymy derýalardyr bol suwly çeşme-çaýlaryň kenarlarynda, sähra giňişliklerinde, takyrlaryň, dag ulgamlarynyň aralarynda aýyl-saýyl görünýän, merjen däneleri ýaly seteran düzülen galalaryň binagärlik galyndylary Beýik Ýüpek ýolunyň biri-biri bilen baglanyşýan gadymy şahalarynyň hereketini göz öňüňde janlandyrýar. Şeýle täsin, taryhyň gatlarynda ata-babalarymyzyň ümmülmez pähim-parasadyny siňdirip kemala getiren baý gurluşyk tejribeleriniň aýratynlyklaryny ýaş nesillerimize ýetirmek biziň borjumyzdyr. Aslynda, «gala» arap sözi bolup, yslam dinini kabul etmegi bilen, gadymy pederlerimiziň öňden ulanyp gelýän «gorgan» (goralýan manydaky «gor» sözünden we at ýasaýjy «an» goşulmasyndan ybarat) diýen sözüň ornuny tutýar. Ýeri gelende aýtsak, bu gadymy söz «kurgan» görnüşinde rus we beýleki käbir Ýewropa dillerine hem geçipdir. Türk dilçisi Zeki Eýuboglunyň düşündirişi ýaly, «gala» — «töweregi palçyk, daş ýa kerpiç diwar bilen berk gurşalan ýurt, kent, daşyna berkitme aýlanan öý, oba, ýer» diýmegi aňladýar. Şoňa görä-de, «gala» sözi ýer-ýu

Taryha sarpa

15-nji ýanwarda Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň Ahal welaýatynyň merkezi şäheriniň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşlygynyň dowamynda Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilen baş metjidiň binagärlik toplumyna dahylly bolan çyzgylary synlap, onuň ýanynda medresäniň gurulmagynyň hem maksadalaýyk boljakdygyny aýtmagy bagtyýar watandaşlarymyzyň köňül arzuwyny ganatlandyrdy. Çünki türkmen halky öz milli däp-dessurlaryny, medeni gymmatlyklaryny asyrlarboýy saklap we gorap gelýär. Taryhy maglumatlarda bellenilmegine görä, IX asyrdan başlap türkmen topragy yslam dünýäsiniň ylym we edebiýat äleminiň merkezi hasaplanypdyr. Horasan welaýaty hemişe ylmyň gülüstany bolup, onuň ähli ýerlerinde: Nusaýda, Abiwertde, Sarahsda we Merwiň çäklerindäki dürli şäherlerde, hatda onuň daş etraplarynda-da adamlaryň arasynda meşhur alymlar köp bolup, ylmy we medeni merkezleriň arasynda Merw şäheriniň öz aýratynlygy bolupdyr. Merw şäheriniň täsiri bilen Horasanyň başga şäherleri hem yslam medeniýetiniň ösüşinde esasy orunlara eýe bolupdyr. Merw Horasanyň esasy şäheri we ylmyň iň joşgunly merkezi hasaplanýar. Onuň kitaphanalarynyň Gündogar alymlaryny we filosoflaryny kitap bilen üpjün etmekde uly orny bolupdyr.

Taryhdan söz açýan daşlar

Gadymy türki ýazgylary bilen baglanyşykly ýazuw ýadygärlikleri häzirki Russiýanyň, Mongoliýanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we biziň ýurdumyzyň çäklerinde duş gelýär. Olaryň ýörite işlenip taýýarlanan daşlara — «beňgutaşlara» (gadymy türki dilde beňgu taş — baky daş), adaty tebigy daşlara — «bitiktaşlara» (gadymy türki dilde bitig taş — «ýazgyly daş»), şeýle-de teňňeleriň, gap-gaçlaryň ýüzüne ýazylanlary häzirki günlere çenli saklanypdyr. Emma agajyň, pergamentiň, ýüpek matalaryň, kagyzyň ýüzüne ýazylanlarynyň aglabasy diýen ýaly ýitip gidipdir. Nusaý galasyndan tapylan küýze bölekleriniň 2700-e golaýyndan ýazgylaryň tapylmagy Gadymy Parfiýa döwletiniň hat-ýazuwy barada pikir ýöretmäge mümkinçilik döretdi. Taryhy tapyndylar 5-6 müň ýyl mundan ozal hem ata-babalarymyzyň ekerançylyk kalendarynyň bolandygyny görkezdi. Zenan heýkeljigine ýazylan şeýle kalendarlar Tejen derýasynyň aşak akymyndaky «Göksüri» sebitinden tapyldy. Ol Merkezi Aziýanyň çäginden tapylan iň gadymy kalendardyr. Orhon, Gündogar Türküstan, Ýeniseý, Talas we Altaý ýadygärliklerinde duş gelýän ýazgylarda umumylyk bolsa-da, olaryň käbirinde gadymy etnoslaryň dialektlerine mahsus tapawutlary görmek bolýar. Olaryň arasynda orhon-oguz dillerini bellibir derejede gadymy türki halklaryň edebi dili hökmünde häsiýetlendirmek bolar.

Mirasa sarpa — geçmişe hormat

7-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Muzeý gymmatlyklaryny rejelemek işi: dünýä tejribesi we ýetilen sepgitler» ady bilen brifing-maslahat geçirildi. Oňa ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri, daşary ýurtly alymlar, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary, muzeý işgärleri, talyp ýaşlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky ilçiniň gaznasy» atly maksatnamanyň çäklerinde  2022-nji ýyl üçin  bäsleşik yglan edilipdi. Maslahatyň dowamynda  şol bäsleşikde ýeňiji bolan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan hödürlenen «Gadymy Merw» Döwlet arheologik ýadygärliginden tapylan V asyra degişli bolan Buddanyň heýkeliniň kelle böleginiň parçalaryny gorap saklamak we ony dikeltmek üçin 3D skaner we beýleki enjamlar bilen doly öwrenmek işleriniň alnyp barlyşy hakynda giň gerimli çykyşlar diňlenildi. Buddany şekillendirýän monumental gadymy heýkel üç bölekden ybarat bolup, bu gymmatlygy öwrenmek işi 1960 ― 1978-nji ýyllarda akademik Mihail Massonyň ýolbaşçylygynda Günorta-Türkmenistan arheologik toplumlaýyn ekspedisiýasy tarapyndan amala aşyryldy.

«Ulug Dehistan görüner...”

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň gojaman taryhyň dowamynda toplan tejribesini, gadymy ýadygärliklerini Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talaplaryna laýyklykda ylmy taýdan we hemmetaraplaýyn öwrenmegiň örän wajyp, gaýragoýulmasyz meseleleriň biridigini nygtaýar. Gadymy ýadygärlikleriň biri Dehistan ýadygärlikler toplumy bolup, ol giňden öwrenilýän ýadygärlikleriň hataryna girýär. Alym Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Dehistanyň üstünden köp ýüzýyllyklaryň dowamynda kerwenler geçipdir. Şonuň üçinem, ol ýerde kerwensaraýlaryň köp gurlandygy geň ýagdaý däldir» diýip ýazýar.

Akgoýunly döwletiniň ýaş hökümdary

Türkmen halkynyň Milli Lideri: «Döwletimiziň esaslarynyň mundan beýläk-de pugtalanmagy, kämil jemgyýetiň kemala gelmegi üçin ak ýürekli, Watana wepaly, ýokary düşünjeli, ruhubelent, öz borjuna düşünýän nesil terbiýeläp ýetişdirmek biziň borjumyzdyr» diýip, kämil jemgyýeti kemala getirmegiň zerurdygyny nygtaýar. Kämil jemgyýet kämil şahsyýetiň kemala gelmegi bilen utgaşyklydyr. Kämil şahsyýetiň kemala gelmeginde onuň ýaşlykda alýan edep-terbiýesine uly orun degişlidir. Munuň şeýledigi taryhymyzda uly yz galdyran şahsyýetleriň jogapkärli wezipeleri ýaşlykda ýerine ýetirendiklerinden görünýär. Taryhda yz goýan, şöhratly işleri bitiren şol ýaşlar biziň üçin görelde mekdebidir. Biziň gadymy we baý taryhymyzda türkmen ogullary Türkmenistanyň häzirki çäginiň daşynda birnäçe döwletleri esaslandyrypdyrlar hem-de dolandyrypdyrlar. Şolaryň biri orta asyrlarda asly Oguz han neslinden bolan baýyndyrlaryň esaslandyran Akgoýunly döwletidir. Bu döwletiň hökümdarlary özleriniň bitiren işleri bilen diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň taryhynda hem uly yz galdyran şahsyýetler bolupdyr. Şolaryň biri, Akgoýunly döwletiniň meşhur hökümdary Uzyn Hasanyň (1453 — 1478) ogly Ýakup begdir. Ýakup beg 1478-nji ýyldan 1490-njy ýyla çenli 12 ýyl Akgoýunly döwletini dolandyrypdyr. Ýakup begiň 27 ýaşynda aradan çykandygy barada maglumata esaslanyp, onuň 15 ýaşda tagta geçendigini aýtmak bolar.

Türkmen halkynyň baky synmaz sütünleri

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Meniň baş maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esaslaryny has-da berkidip, ýurdumyzy beýik geljegimize tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr.