"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Asyrlaryň ýaňy

Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň 8-nji aprelinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen tassyklanan «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi türkmen halkynyň şöhratly taryhyny öwrenmegiň we onuň baý milli medeni mirasyny aýap saklamagyň, geljek nesillere ýetirmegiň hem-de olary syýahatçylyk ulgamyna girizmegiň täze tapgyryna badalga berdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň gadymy taryhyny, maddy we ruhy medeniýetini giňişleýin öwrenmeklige uly mümkinçilikler döredilýär. Köpasyrlyk taryha eýe bolan türkmen halky öz çylşyrymly we täsin taryhy, arheologik ýadygärlikleri, baý medeni mirasy, milli özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Güneşli Diýarymyzda türkmen halkynyň gadymy döwürlerine degişli ýadygärlikleri diýseň kän bolup, olaryň her biri ynsany uzak geçmişiň syrly dünýäsine sary alyp gidýär. Bu keremli ýerlere zyýarat edýärkäň, kalbyňda täsin duýgular oýanyp, hamana asyrlaryň owazasy gulagyňa eşidilýän ýaly bolýar.

Akyldaryň edebi mirasy — ruhy dünýämiziň baýlygy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda medeniýetimizi, sungatymyzy, taryhymyzy hem-de milli mirasymyzy dünýä ýaýmakda uly işler alnyp barylýar. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisine gatnaşyjylaryň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini bolsa 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek hakynda ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlaryny biragyzdan goldamaklary hem muny aýdyňlygy subut edýär. Ýurdumyzda 2024-nji ýylda belleniljek Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuna taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Beýik akyldaryň döredijiligine degişli şygyrlar diwanyny, internet portallaryny döretmek, alymlaryň derňewleriniň netijelerini toplamak we neşir etmek işi ýola goýulýar. Şahyryň ýubileýine meýilleşdirilen çäreler onuň baý edebi mirasynyň has çuňňur öwrenilmegine şert döreder.

Dowamaty dowam halym

Halyçylyk sungaty pederlerlerimizden miras galyp, asyrlardan-asyrlara aşyp, häzirki wagtda zenanlarymyzyň esasy hünärleriniň biri hasaplanýar. Biziň halkymyz hünärsiz kişini miwesiz daragta meňzedýär. Şonuň üçin-de ene-mamalarymyz el hünärlerini nesilden-nesle geçirip, şu günlerimize çenli apalap getiripdirler. Haly, keşde ýaly inçe işler ýaş gyzlarymyzyň käbesinden soňky terbiýeçisidir. Türkmen gyzlary haly dokamagy çagalyk döwründen öwrenip başlaýarlar. Haly diýmegiň özi türkmeniň haly, ahwaly, ýagdaýy diýen manyny berýär. Pederlerimiz öýi, duly gyzyl çog halydan doly adamlary barly, döwletli adamlar hasaplapdyr. Şonuň üçinem türkmenlerde halyny «ýedi hazynanyň» biri saýypdyrlar. Gadym döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň söwda kerweninde hem türkmen halysy ýüpekden soň ikinji geçginli we islegli haryt bolupdyr. Nepis halylarymyz beýik imperatorlaryň, soltanlaryň, şalaryň, hökümdarlaryň köşklerini, tagtlaryny, saraýlaryny bezäpdir. Halylarymyzda gyzyl reňkiň köp bolmagy daşary ýurtlulary has-da özüne çekipdir. Sebäbi gadymdan bäri gyzyl reňk synmaz güýjüň, şöhratyň, ýeňşiň, söýginiň nyşany hasaplanypdyr.

Şöhratly taryhyň yzlary

Ýurduň gadymy medeni mirasyny açyp görkezýän tapyndylaryň biri-de möhürlerdir. Gazuw-agtaryş işleri alnyp barlanda bürünçden, gipsden, kümüşden, toýundan, daşdan möhürleriň tapylmagy köpleriň ünsüni özüne çekýär. Möhürler tegelek, inedördül, gönüburçluk görnüşli ýasalypdyr. Möhürler türkmen halkynyň dini däp-dessurlary, ynançlary, rowaýatdyr hekaýatlary bilen berk baglanyşyklydyr. Goňurdepeden tapylan silindr şekilli möhüriň gipse basylan şekilinde bir adam ellerini uzadyp, ýarty göwresi adam, ýarty göwresi bolsa ýolbars şekilli hyýaly görnüşli jandary tutup dur, onuň gapdalynda hem bir adam hyýaly bir jandary elleri bilen tutup dur. Şular ýaly sýužetli möhürler Mesopotamiýadan hem tapylypdyr.

Dünýä ýaýylýan gymmatlyklar

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly medeni mirasymyzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi medeni we edebi gymmatlyklarymyzyň şan-şöhratynyň dünýä dolýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Bu guramanyň esasy maksatlary bilim, ylym we medeniýet ulgamynda ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan we netijeli ösdürmekden ybarat. ÝUNESKO medeni ýadygärlikleriň we tebigy landşaftlaryň gorap saklanylmagy ulgamyndaky halkara derejesinde işleri alyp barýar. Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy.

Şöhratly geçmişiň şuglasy

Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Mukaddes türkmen topragynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulyp, onuň dünýä siwilizasiýasynyň gadymy ojagydygyny, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegidigini doly ykrar edýän iň gadymy haşamly ýadygärliklere baý sebitleriniň biri hem gadymy Nusaýdyr» diýip belleýär. Munuň özi şöhratly taryhymyzda öçmejek yz goýan Nusaý galalarynyň ähmiýetini görkezýär. Nusaý Parfiýa döwletiniň ilkinji paýtagtydyr. Gadymy şäheriň düýbi biziň eýýamymyzdan öňki III asyrda tutulypdyr. Bu gadymy ýadygärlik diňe bir türkmen alymlarynyň däl, eýsem, dünýäniň dürli künjegindäki arheologlaryň hem ünsüni çekýär. Nusaýyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi hem bu hakykaty tassyklaýar. Nusaýda ilkinji arheologik gazuw-agtaryş işleri 1930-njy ýylda belli taryhçy-arheolog A.Maruşenko tarapyndan geçirilip başlanýar. Arheolog öz işlerinde Nusaýyň hökmany öwrenilmeli taryhy ýadygärlikdigini we Parfiýa döwletiniň ilkinji paýtagtydygyny, döwleti esaslandyranlaryň häzirki Türkmenistanyň çäginden gelip çykandygyny belläp geçýär.

As-Sulynyň maslahatlaryndan

Türkmeniň şöhratly taryhynda uly yz goýan Abu Bekir Muhammet ibn Ýahýa As-Suly IX – X asyrlarda ýaşap geçipdir. Ol küştüň kämilleşmegine, ösmegine mynasyp goşant goşan şahsyýetdir. Onuň küşt hakyndaky arap dilindäki golýazmalarynda bu oýnuň muşdaklaryna degişli peýdaly maslahatlar berilýär. Ine, olaryň käbiri: P Küştde sabyrly bolmaly. Garşydaşyň malyny almaga howlukmaly däl. Ýedi ölçäp, bir kesmeli. Ýöne garşydaşyňa hüjüm etmäge-de maý bermeli däl.

Halkyň ruhy baýlygy

Hereket we akyl bilen oýnalýan milli oýunlar çagalaryň ählitaraplaýyn ösüşine we terbiýesine uly täsirini ýetirýär. Milli hereketli oýunlaryň ýaşlaryň birek-birege kömek bermek we goldamak ýaly ajaýyp häsiýetli, berk bedenli, sagdyn, ruhubelent, edermen, hyjuwly bolup kemala gelmeklerinde ähmiýeti uludyr. Akyl bilen oýnalýan oýunlar ýaşlardan ugurtapyjylygy, özüne bolan ynamy talap edip, ruhuň belent bolmagyna getirýär. Saglygyň sakasy bolan sportuň aglaba görnüşi hem milli oýunlardan gözbaş alýar. Ýazyjylaryň, şahyrlaryň döredijiliginde hem halkymyzyň ruhy baýlygy bolan türkmen milli oýunlarymyzyň dürli-dürli görnüşlerine gabat gelmek mümkin. Muňa mysal edip, halkymyzyň gadymy «Görogly» eposynda: «Röwşen oglanlara goşulyşyp, olar bilen öwrenişip gitdi. Ol oglanlar bilen aşyk, çilik, top, tüwdürme, döwmaç, taýak dikdi we başga oýunlary oýnap geziberdi» diýlip beýan edilýär. Halkymyzyň milli oýunlarynyň birnäçesi häzirki wagtda hem çagalaryň arasynda uly höwes bilen oýnalýar. Olaryň içinde aşyk bilen oýnalýan oýunlar has meşhurlyga eýedir.

Köşkleriň «Altyn täji»

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň ilkinji aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde degişli ýolbaşçylara milli taryhy-medeni mirasymyzyň desgalaryny gorap saklamak üçin zerur işleri yzygiderli geçirip durmagyň wajypdygyny nygtap, bu ugurda wagyz-nesihat işleriniň hilini ýokarlandyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Munuň özi jemgyýetiň ösüşiniň häzirki tapgyrynda dünýä medeniýetiniň görnükli nusgalary diýlip ykrar edilýän milli mirasymyzy geljekki nesillere ýetirmekde hem-de ýaşlarymyzy şöhratly taryhymyza söýgi, watançylyk ruhunda terbiýelemekde okgunly gadamlaryň täze badalgasydyr. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän arheologiýa we medeni ähmiýetli ýadygärlikler diňe bir eziz Watanymyzyň şöhratly taryhyna buýsanmakda däl, eýsem, tutuş adamzat nesliniň müňýyllyklaryň jümmüşinde döreden we kämilleşdirip gelen sungatyny, aňyýet ösüşini öwrenmekde ygtybarly çeşmedir. Şoňa görä-de, taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, rejeleýiş, dikeldiş, ylmy-barlag işlerini yzygiderli geçirmek hem-de olary halkara syýahatçylyk merkezlerine öwürmek zerurdyr.

Danalary beren şäher

Häzirki Köneürgenç şäheri orta asyrlarda özüniň gülläp ösen döwründe Gündogaryň danalaryny dünýä beren şäherdir. Beýik alym Biruni «Geçen nesilleriň ýadygärlikleri» diýen işinde Aleksandr Makedonskiniň Merkezi Aziýa gelmezinden 980 ýyl ozal hem Horezmde ýaşaýşyň bolandygyny belläp geçýär. Baryp gadymy döwürde Horezmde takyk ylymlaryň esasy tutulyp, bu ylmyň çalt ösmegi üçin zerur bolan şertler döredilipdir. Aýratyn hem, ylmyň matematika, astronomiýa, geodeziýa ýaly ugurlarynyň  täze gözýetimlere ýetmeginde adyny taryhyň altyn sahypasyna ýazyp giden Muhammet ibn Musa al Horezmi, Abu Reýhan Biruni, Abu Nasyr ibn Yrag, Mahmyt Çagmini, Husaýin Horezmi... ýaly ylym pälwanlaryny bagyşlan mekandyr. Belli matematik Horezminiň ömri bu ylmyň gülläp ösen döwri bilen berk baglydyr. Horezminiň näme üçin ylmyň bu ugruna baş goşandygynyň düşündirişi tutuş Ýer ýüzüniň ylym ojaklarynda häzir hem gymmatyny ýitirmän gelýän ylmy traktatlarynda şeýle beýan edilýär: «Men arifmetikanyň ýönekeý we çylşyrymly sowallaryny öz içine alýan, algebrany hem-de almukabaly hasaplaýan kiçijik kitaby düzdüm. Çünki ol miras paýlaşylanda, söwdada we dürli ylalaşyklarda, şeýle hem ýer ölçenilende, ýap gazylanda, gurluşyk geometriýasynda we şular ýaly dürli işlerde adamlara gerek». Horezminiň üç eseri, ýagny «Hindi hasaby hakda», «Algebrany we almukabaly hasaplamak hakda», «Trigonometrik tablisalar» atly işleri

Gök­de­pä­niň ga­dy­my ýa­dy­gär­lik­le­ri

Hal­ky­my­zyň ta­ry­hy we me­de­ni mi­ra­sy­ny hä­zir­ki za­man nuk­daý­na­za­ryn­dan çuň­ňur öw­ren­mek hem-de ony dün­ýä ýaý­mak we­zi­pe­si döw­le­ti­mi­zi­ň y­lym-bi­lim sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, ýur­du­myz­da mil­li me­de­ni­ýe­te, sun­ga­ta uly üns be­ril­ýär we olary gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­mek üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Türk­me­nis­tan ir­ki eke­ran­çy­ly­ga de­giş­li ýa­dy­gär­lik­le­re baý ýurt­dur. Ge­çen asy­ryň or­ta­la­ry­nda baş­la­nyp, soň­ra giň ge­rim alan ar­heo­lo­gik bar­lag iş­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň ga­dy­my ta­ry­hy­nyň aý­ry-aý­ry dö­wür­le­ri­ni çuň­ňur we yzy­gi­der­li öw­ren­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Ar­heo­log­lar tä­ze açyş­la­ry bi­len türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy­nyň öň bel­li bol­ma­dyk sa­hy­pa­la­ry­ny aýan ed­ýär­ler.

Şöhratly geçmişden bagtyýar geljege sary

Uzak Gündogardan gözbaş alyp, Günbatarda Ortaýer deňzine çenli uzap gidýän Beýik Ýüpek ýoly Türkmenistanyň çäginde hem birnäçe şäherleriň, galalaryň, kerwensaraýlaryň üstünden geçipdir. Bu bolsa türkmen topragynda ýerleşen şäherleriň ählitaraplaýyn gülläp ösmegine amatly şert döredipdir. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy bilen halkymyzyň baý taryhyny öwrenmäge we ýaş nesle wagyz etmäge uly ähmiýet berilýär. Bu günki gün Türkmenistan dürli ulag ýollarynyň sazlaşykly ösüşi bilen özüniň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky möhüm söwda merkezleriniň biri hökmündäki gadymy şöhratyny döwrebap görnüşde dikeldýär. Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ýollarynyň köp ugurlary Ortaýer deňzinden tä Hytaýa çenli baryp, gadymy geçmişde we orta asyrlarda söwda gatnaşyklary we Günbatar bilen Gündogaryň medeniýetleriniň arabaglanyşygyny üpjün etdi. Beýik Ýüpek ýolunyň has köp bölegi Orta Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň üstünden hem geçipdir. Hytaýyň ýüpegi, Hindistanyň hoşboýlary we gymmat baha tebigy reňkli daşlary we ençeme başga-da harytlar bilen ýüklenen kerwenler Garagumuň içinden Merwiň we Horezmiň jülgelerinden, Murgabyň we Amyderýanyň üstünden aşypdyrlar. Kerwenleriň ugrunda baý-baý şäherler, söwda-senetçilik ilatly ýerler, kerwensaraýlar, metjitler we medreseler gülläp ösüpdir. Şol wagtlardan galan ençeme ta

Syrly ýazgylar

Ata-babalarymyz gadymy döwürlerde dowardarçylyk bilen birlikde, düýedarçylygy hem ösdürmäge uly üns berip gelipdirler. Çöl gämisi hasaplanylýan düýe malyny hojalykda uzak menzillere ýük daşamakda peýdalanypdyrlar. Alys ýerlere kerwene goşup, azyk, söwda hyzmatlarynda hem düýäniň peýdasy örän uly bolupdyr. Düýe barada ençeme aýtgylar, rowaýatlar döräp, ol biziň häzirki günlerimizde hem aýdylýar. Rowaýata görä, düýe beýik Biribaryň alkyşyna mynasyp bolan jandardyr. Bir gün pygamberimiz medineli musulmanlaryň biriniň howlusynda daňylgy duran düýe bilen salamlaşanmyş. Şonda düýe myhmany görüp, gözünden boýur-boýur ýaş döküp, arzy-halyny aýdypdyr. Myhman öý eýesine özüne hyzmat etmezden ozal, düýesiniň ot-suwuny bermegi aýdypdyr. Öý eýesi gyş üçin ýygnan ýandak küdesini aýap, düýesine az-azdan berýändigini gürrüň beripdir. Bu habary eşiden düýe eger rugsat etseler, hiç kime azarsyz, özi otlap ýene-de ýatagyna gaýdyp geljekdigini aýdanmyş. Ine, düýe şeýle janypkeşligi, eýesine agram salmaýandygy bilen alkyşa mynasyp bolupdyr. Şondan bärem düýe maly giň sährada otlap, suwlap gezipdir.

Gadymy geçmişli Änew

Geçen ýylyň ahyrynda Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Mejlisiniň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini bolsa 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek baradaky kabul eden çözgüdi hemmämizi diýseň begendirdi. Ol çözgüt hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän medeni diplomatiýasynyň aýdyň netijesidir. Şeýle hem umumadamzat medeni hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolan türki dilli halklaryň örän baý medeni mirasynyň goralyp saklanylmagyna, öwrenilmegine hem-de dünýäde wagyz edilmegine gönükdirilen TÜRKSOÝ guramasy bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alyp barýan syýasatynyň subutnamasydyr. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň genji hazynasy bolsa, gadymy Änew şäheri türkmeniň «Uly iliň soltany» diýip sarpa goýýan ak bugdaýynyň ilkinji mekanydyr. Gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginde örän uly many bar. Çünki Merkezi Aziýada iň gadymy suwarymly ekerançylyk medeniýetiniň Änew topragynda ýüze çykandygyny arheologlar subut etdi. Bu medeniýeti döreden ilatyň galdyran yzlaryny öwrenmek XIX asyryň soňky onýyllyklarynda başlanýar. 1886-njy ýylda A.W.Komarow Änewiň günorta-gündogar tarapynda ýerleşýä

Sirkiň döreýiş taryhy

Mähriban çagalar, söýüp tomaşa edýän sirk sungatynyň döreýiş taryhyny bilesiňiz gelýärmi?! Geliň, ol hakynda käbir maglumatlar bilen tanşalyň! «Sirk» sözi latyn dilinden geçen söz bolup, «tegelek bina» diýen manyny aňladýar. Ol lezzet beriji oýun, täsirli sungat hasaplanylýar. Çünki ondaky çykyşlar iň gyzykly tomaşalaryň biridir. Sirk adamlaryň, jandarlaryň bilelikde gatnaşyp, gülküli çeper çykyşlaryň üsti bilen masgarabazlyk, dürli sazlar, çylşyrymly hereketleriň jemlenýän ýeri bolup, ýörite tomaşaçylar üçin guralýar. Ol, esasan, ýerli we göçme sirk toparyna bölünip, göçme sirk ülke-ülke aýlanyp çykyş edýär. Her ýylyň aprel aýynyň üçünji şenbesi bolsa Bütindünýä sirk baýramçylygynyň günüdir.

Gadymy türkmen howlulary

Öz döwründe uly-uly galalary, berkitmeleri, şäherleri guran halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli binagärligi bar. Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän ýadygärlikleriň ählisinde diýen ýaly, toprak arhitekturasynyň özboluşly aýratynlyklaryny görmek bolýar. Geçmişde galalary, şäherleri, berkitmeleri, binalary, kerwensaraýlary, duralgalary gurmakda, diwarlary dikeltmekde birnäçe usullar ulanylypdyr. Jaý gurmagyň özboluşly aýratynlyklary belli bolupdyr. Ata-babalarymyzdan miras galan taryhy ýadygärlikleri synlanyňda, milli binagärlik sungatynyň birnäçe bölekden durýandygyna göz ýetirmek bolýar. Pederlerimiz bişen we çig kerpiçlerden, palçykdan, daşdan jaý gurmak bilen birlikde, dag gerişlerini oýup, ýaşamak üçin şertleri hem döredipdirler.

Gadymy Merwiň altyn hazynasy

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Gadymy Merw orta asyrlarda kerwenleriň gelim-gidimli hem-de söwdanyň ösen merkezleriniň biri bolupdyr. Dünýä belli kitaphanalary, kerwensaraýlarydyr bazarlary bilen Merw döwrüniň  belli şäheri bolupdyr. Şonuň üçin hem söwdagärleriň, alymlaryň, täjirleriň Merwe bolan gyzyklanmasy örän artypdyr. VII—X asyrlarda arap söwdagärleriniň gelim-gidimli ýeri bolan Merwde örän ýokary derejede söwdalar amala aşyrylypdyr. Häzirki döwürde Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän taryhy ýerlerde uly-uly kerwensaraýlarda kerwenleriň düşlänligine, bu ýerde bazarlarda söwda edilendigine hem-de dürli wagtlarda dürli pullaryň ulanylandygyna taryhy maglumatlar bilen birlikde, gazuw-agtaryş geçirileninde tapylan altyn teňňeler hem şaýatlyk edýär.

Seljuk soltanlary

Dowamy. Başlangyjy žurnalymyzyň geçen sanynda. Ömür beýany

Gündogaryň görnükli ymmatlyklary

Gadymy Lebap topragynda saklanyp galan, Begiň galasy — Zemm gala ady bilen belli bolan taryhy-medeni ýadygärligi Kerki etrabynyň Kerkiçi şäheriniň çäginde ýerleşýär. Onuň esasy medeni gatlagy Erk (içki) galasy ýadygärligiň tas 2 gektara golaý meýdanyny tutup, ol adaty medeni gatlaklara garanda, 20 metr çemesi belentlikde esaslandyrylypdyr. Öz zamanynda bu ýadygärlik derýadan geçmek üçin örän amatly ýerleriň hem-de şäherleriň biri hökmünde tanalypdyr. Sebäbi şäher Horasan — Mawerennahr aralygynda hereket eden kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşipdir.

Merw ýüpekleriniň tarypy

Orta asyrlarda Merwiň täjirleri öz harytlary bilen giňden tanalypdyr. Olaryň arasyndan gyrmyzy reňkli ýüpek matalar uly islege eýe bolupdyr. Şol döwürde dokmaçylyk diňe bir Horasanda däl, eýsem, Horezmde we Mawerennahrda hem ýörgünli kärleriň biri bolupdyr. Daşarky bazarlarda ýüpek matalar bilen bilelikde ýüňe, kagyza, pagta, atyrlar, kümüş we keramika gap-gaçlaryna uly isleg bildirilipdir. Gündogarda diňe Merw ýüpek matalaryna däl-de, Şanhaý (Hytaý), Gilýan (Eýran) ýüpegine hem uly baha berlipdir. Gaýry ýurtlardan gelýän täjirler bu önümleri höwes bilen satyn alypdyrlar. Çeşmelerde italýan täjirleriniň ýüpek matalary Ýewropa ýurtlaryna ugradandygy baradaky maglumatlar bar. Şol döwürde italýan bazarlarynda Merwiň bir kişilik ýüpek matasynyň bahasy 1,10 şilinga (iňlis teňňesi bolup, onuň agramy 9.33  grama deň), Şanhaýyňky 1,36 şilinga, Gilýanyňky 2,18 şilinga barabar ekeni. Olara baha kesgitlenende ýüpegiň hili we getirilen harytlaryň uzaklygy hem göz öňüne tutulýar. Italiýanyň Lukka, Piza şäherindäki bazarlarda ýüpegiň söwdasy has uly bolupdyr. Bu şäheriň bazarlaryndaky ammarlara 1335 — 1341-nji ýyllar aralygynda 125 müň funt möçberinde ýüpegiň ýerleşdirilendigi maglumatlarda bellenilýär. 1342 — 1363-nji ýyllarda bolsa ol 50 müň funt möçberinde bolupdyr.