"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Kuraş — 2023: Milli ýygyndymyzyň agzalary «Türgenler» myhmanhanasyna ýerleşdiler

Şu gün — 22-nji noýabrda Türkmenistanyň kuraş boýunça milli ýygyndy toparynyň türgenleri Arkadag şäherindäki jemleýji okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny tamamlap, paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki «Türgenler» myhmanhanasyna ýerleşdiler.

Sport baýramçylygyna öwrüler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmündäki meşhurlygy barha artyp, türkmen sportunyň şan-şöhraty arşa göterilýär. Güneşli diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sportuň hem-de sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýetiň berilmegi, türgenlerimiziň dürli sport ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmekleri, iň esasysy-da ýurdumyzda iri ýaryşlaryň geçirilmegi bu babatda möhüm ähmiýete eýedir. Ak mermerli paýtagtymyz bu gün iri ýaryşlaryň ýene-de biriniň bosagasynda dur. Şu ýylyň 23—28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty geçirilýär. Oňa dünýäniň 50 töweregi ýurdundan ýygyndy toparlaryň gatnaşyp, medallaryň onlarçasy ugrunda göreşiljekdigi diýseň begendirýär. Bu ýaryş Türkmenistan Watanymyzyň dünýäde iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmäge ukyply döwlet hökmünde ykrar edilendiginiň, ýurdumyzyň sport boýunça milli strategiýasynyň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ajaýyp beýany bolup durýar. Öňdäki ýaryşlaryň sport baýramçylygyna öwrülip, üstünlikli geçjekdigine, türkmen türgenleriniň hem şowly çykyş etjekdigine ynanýarys.

Stol tennisiniň ussatlary

«Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çäginde Sarahs etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň sport zalynda stol tennisi boýunça ýaryşyň etrap tapgyry geçirildi. Bu ýaryşy “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölümi, etrap bilim bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Etrapdaky orta mekdepleriň okuwçylary ýaryşa höwes bilen gatnaşyp, başarnykdyr erjelligini görkezdiler. Turuwbaşdan çekeleşikli häsiýeti bilen uly gyzyklanma döreden ýaryşyň netijesinde ýeňijiler toparlaýyn kesgitlendi. Etrapdaky 1-nji orta mekdebiň okuwçylary has güýçlüdiklerini subut edip, birinji orny eýelediler. Ikinji orna 3-nji, üçünji orna bolsa 17-nji orta mekdepleriň toparlary mynasyp boldular.

Ussatlar üstünlik gazandy

Sarahs etrabynyň sport mekdebinde okuwçy ýaşlaryň arasynda küşt ýaryşy geçirildi. «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çäginde geçen ýaryşa etrapdaky umumybilim berýän orta mekdeplerden toparlar gatnaşdy. Akyl-paýhas oýnuna höwesliler okuwçy ýaşlaryň arasynda näçe diýseň bar. Bu hakykata küşt ýaryşynyň etrap tapgyrynda göz ýetirmek kyn bolmady. Ýaryşa taýýarlykly gelen ýaşlar özaralarynda gyzykly duşuşyklary alyp bardylar.

Ýaryşlar çekeleşikli dowam edýär

Şu günler «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çägindäki ýaryşlaryň etrap tapgyrlary giň gerime eýe bolýar. Mekdep okuwçylarynyň arasynda uly meşhurlyk gazanan bu sport ýaryşlaryna gyzyklanmanyň barha artýandygyna onuň stol üstündäki tennis görnüşi boýunça Tejen etrap tapgyry hem şaýatlyk etdi. Bu ýaryş “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölüminiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň meýilnamasy esasynda geçirildi. Etrapdaky 41-nji orta mekdebiň sport zalynda döredilen şertler ýaryşyň guramaçylyk derejesine oňyn täsirini ýetirdi. Bu bolsa okuwçy ýaşlaryň ýaryşy ruhubelentlige beslemäge we erjelligini ýüze çykarmaga ýardam etdi. Çekeleşikli we gyzykly duşuşyklar sport janköýerlerine ýakymly duýgulary peşgeş berdi. Ýaryşyň netijesinde 42-nji orta mekdebiň okuwçylary birinji, 41-nji orta mekdebiň okuwçylary ikinji, 1-nji orta mekdebiň okuwçylary üçünji orunlara mynasyp boldular.

Kuraş — 2023: Sowgatlyk we ýadygärlik harytlar

Şanly seneler, baýramçylyklar, halkara ýaryşlardyr festiwallar mynasybetli taýýarlanylýan sowgatlyk we ýadygärlik önümler ýakymly ýatlamalary galdyrýar. Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek ýerlerinde hem milli we ýadygärlik önümleriň söwda nokatlary guralar.

Kuraş — 2023

Şu günler Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty bilen bagly ýazgylardyr şygarlar ak şäherimiz Aşgabada aýratyn ýaraşyk berýär. Sport baýramçylygyna taýýarlyk diňe bir şäheri däl, eýsem, şäheriň ýaşaýjylarynyň we onuň myhmanlarynyň ýüreklerini hem bezeýär. Ildeşlerimizde Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçiriljek ýaryşa bolan gyzyklanma örän uly. Peteklere gyzyklanma uly

Paýtagtymyz Aşgabatda uly sport baýramy

Ertir, ýagny 23-nji noýabrda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty badalga alar. Ýaryş noýabr aýynyň 23 — 28-i aralygynda Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçiriler. Kuraş boýunça dünýäniň ilkinji çempionaty 1999-njy ýylyň aprel aýynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirildi. Geçen ýyl bolsa dünýä çempionatyny Hindistanyň Puna şäheri kabul etdi. Geçen dünýä çempionatyna ýurdumyzdan 13 türgen (7-si erkek, 6-sy zenan) wekilçilik edip, olar medallaryň üçüsine mynasyp boldular.

Küşt ýaryşy

Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde okuwçy ýaşlaryň arasynda küşt ýaryşy geçirildi. Bu ýaryş «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çäginde guraldy. Etrapdaky orta mekdeplerden gelen okuwçylara ussatlygyny görkezmäge giň mümkinçilikleri döreden ýaryş uly gyzyklanma eýe boldy. Ýaşajyk küştçüleriň özara duşuşyklary olaryň ýaryşa taýýarlykly gelendigini görkezdi. Şeýlelikde, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçen ýaryşda etrapdaky 16-njy orta mekdebiň okuwçylary toparlaýyn birinji orny eýelediler. Ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdebiň okuwçylary ikinji, 1-nji orta mekdebiň okuwçylary üçünji orun bilen küşt ýaryşyny tamamladylar.

Ýaşlaryň erjelligi

Babadaýhan etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň sport zalynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çäginde sportuň stol üstündäki tennis görnüşi boýunça ýaryşyň etrap tapgyry geçirildi. Ony «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de etrap bilim bölümi bilelikde gurady. Ýaryş okuwçy ýaşlara sportuň stol üstündäki tennis görnüşi boýunça ussatlygyny görkezmäge mümkinçilik döretdi. Ýaryşyň guramaçylyk derejesi we döredilen giň şertler bolsa, her bir duşuşygyň turuwbaşdan çekeleşikli ýagdaýda geçmegine oňyn täsirini ýetirdi. Uly gyzyklanma eýe bolan ýaryş güýçli tennisçileri öňe saýlady.

Kuraş — türkmen göreşiniň Watanynda myhmançylykda

Ertir ― 23-nji noýabrda merjen şäherimiz Aşgabatda kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatyna badalga berler. Munuň özi, sözüň doly manysynda sport baýramçylygydyr. Alty günüň dowamynda Aşgabat dünýäniň kuraş jemgyýetçiliginiň nazarynda bolar. Iri ýaryşlary, şol sanda sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä çempionatlaryny ýokary derejede geçirýändigi bilen hemişe halkara jemgyýetçiliginiň öwgüli bahasyna mynasyp bolýan döwletimiz jahanyň iň güýçli pälwanlaryny jemlejek ýaryşa hem taýýarlykly geldi.

Sport — halklaryň dostluk köprüsi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny has-da ösdürmek bilen, halkara derejesindäki dürli ugurlara degişli çäreleriň, bäsleşikleriň geçirilýän ýurdy hökmünde ata Watanymyzy dünýä meşhur etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň sport abraýynyň dünýä ýüzünde belende göterilmegi üçin başyny başlan işleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwrebap derejede ösdürilýär. Bu gün ýurdumyz dünýäde iri halkara sport bäsleşiklerini geçirmäge ukyply döwlet hökmünde ykrar edildi. Ýurdumyzda dürli derejedäki ýaryşlaryň geçirilmegi ýola goýuldy. Sport ulgamyna iň täze tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän stadionlar, sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri gurlup ulanmaga berildi. Bu işleriň hemmesi netijeli sporty ösdürmäge ýardam berýär.

Üstünligiň aýdyň ýoly

Eziz Diýarymyzda yzygiderli geçirilýän halkara ýaryşlardyr dünýä çempionatlary halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmaga, jemgyýetimize bedenterbiýäni we sporty, sagdyn-durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmaga, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny belende götermäge ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de halkara kuraş assosiasiýasy bilen bilelikde şu ýylyň 23 — 28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Kuraş bu türki halklaryň gadymy däp bolup gelýän göreşiniň bir görnüşi bolup, ol dürli halklaryň milli baýramlarynyň, toý-dabaralarynyň bezegi hasaplanýar. Onuň Merkezi Aziýanyň çäginde takmynan 3,5 müň ýyl ozal dörändigi çaklanylýar. Gadymy grek taryhçysy we filosofy Gerodot hem öz «Taryh» kitabynda gadymy halklaryň däp-dessurlarynyň hatarynda kuraşa möhüm ähmiýet berilýändigini belleýär.

Kuraş — 2023: Petekleriň satuwy başlandy

Paýtagtymyzda geçiriljek Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň petekleriniň satuwy başlandy. Olary Olimpiýa şäherçesindäki, «Berkarar» we «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezlerindäki nokatlardan satyn almak mümkin. Petekler üçin tölegler nagt we nagt däl görnüşde kabul edilýär.

Kuraş — 2023: Myhmanlar üçin döwrebap şertler

Paýtagtymyz Aşgabat Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji myhmanlaryny garşy alýar. Sport baýramçylygynyň myhmanlary we türgenler üçin zerur mümkinçilikleri döretmekde myhmanhanalara hem möhüm orun degişlidir. Dünýä çempionatyna gatnaşýan resmi wekiliýetleriň, Halkara kuraş assosiasiýasynyň, milli federasiýalaryň wekilleri Olimpiýa şäherçesiniň ýakynyndaky «Sport» myhmanhanasynda ýerleşerler. Döwrebap myhmanhanada ýokary hilli otaglaryň 400-e golaýy bolup, myhmanlaryň birbada 800-sini kabul etmäge mümkinçiligi bar. Bu ýerde bir we iki orunlyk adaty otaglar, lýuks we ýarym lýuks otaglar, mümkinçiligi çäkli adamlar üçin ýörite otaglar, 700 orunlyk mejlisler zaly, 1000-den gowrak müşderä hyzmat edip bilýän restoranlar bar.

Ýaş türgenlerimiziň uly üstünligi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkentde kadetleriň arasynda sportuň dzýudo görnüşi boýunça geçirilen Aziýa çemponatynda türkmen türgenleri kümüş we bürünç medallaryň eýeleri boldular. Yklym döwletleriniň 15-sinden güýçli pälwanlaryň 180-den gowragyny jemlän ýaryşda Köýtendag etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň okuwçysy Nuriýa Pardaýewa şowly çykyş etdi. Ol 40 kilograma çenli agram derejesinde diňe final tutluşygynda ýer eýesinden asgyn gelip, kümüş medalyň eýesi boldy. Sport älemine Köýtendag etrabynda gadam basan, häzirki wagtda paýtagtymyzdaky «Olimp» sport mekdebinde okuwyny dowam etdirýän Behruz Bahridinow bolsa 50 kilograma çenli agram derejesinde üçünji orny eýeläp, bürünç medala mynasyp boldy.

Talyp gyzlaryň arasynda bäsleşik geçirildi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagynda Türkmenabat köpugurly sport toplumynda welaýat merkezindäki ýörite we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda «Bagtyýarlygyň we sagdynlygyň ýurdy, jan Watanym, Türkmenistan» atly ýaryş geçirildi. Türgen gyzlar sportuň düzzüm, şaşka we küşt görnüşleri boýunça bäsleşdiler. Gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçen bäsleşikde düzzüm boýunça birinji orny Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby Gunça Toraýewa eýeledi. Ikinji we üçünji orunlara degişlilikde Türkmenabat şäher häkimliginiň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky 1-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň talyby Dildara Hojaýewa we Türkmenabat şäher häkimliginiň 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň talyby Lalahan Ýazmuradowa mynasyp boldular.

Kuraş — 2023: Meýletinçiler — ýaryşyň ýüzi

Meýletinçiler işi halkara ýaryşlaryň guramaçylykly geçirilmeginiň esasy ugurlarynyň biridir. Ozal habar berşimiz ýaly, Aşgabatda 23 — 28-nji noýabr aralygynda geçiriljek Kuraş boýunça dünýä çempionatynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan meýletinçileriň 310-sy saýlanyp alyndy. Olar taýýarlyk ugurlarynyň 14-si boýunça myhmanlara ýardam eder. Ýaryşa taýýarlyk döwründe meýletinçiler bilen ýörite okuwlar, duşuşyklar geçirildi.

Kuraş — 2023: Paýtagtymyz baýramçylyk ruhuna beslenýär

Dünýä çempionatynyň bosagasynda duran paýtagtymyzda sport baýramçylygynyň ruhy höküm sürýär. «Kuraş boýunça dünýä çempionatyna hoş geldiňiz!» diýen ýazgy ýerleşdirilip, özboluşly bezelen nyşanlardyr bannerler paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň we beýleki gözel ýerleriniň görküne görk goşýar. Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty diňe bir türkmen türgenleri üçin jogapkärli synag bolman, eýsem, ýurdumyzyň sport ýaryşlaryny guramaçylykly geçirmekdäki gazanan tejribesini, halkymyzyň myhmansöýerligini, ýurdumyzda bedenterbiýe we sport hereketiniň ýeten derejesini Ýer ýüzüne äşgär etjek baýramçylykdyr.

Gadymy göreş galkynýar

Ýene-de sanlyja günden güneşli Diýarymyzda Kuraş boýunça dünýä çempionaty başlanar. Uly sport baýramy dünýäniň 50-den gowrak döwletinden türgenleriň 250-ä golaýyny dostluk suprasynyň başyna jemlär. Oňa ýurdumyzdan  wekilçilik  edýän  kuraşçylaryň  15-sinden  8-siniň zenanlardygy buýsandyrýar. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Şirin Kubaýewanyň ýolbaşçylygyndaky zenanlar ýygyndysynyň bu ýaryşda hem üstünlikli çykyş etjekdigine ynanýarys. Çünki olar taýýarlyk türgenleşiklerini hormatly Prezidentimiz tarapyndan ähli şertler we amatlyklar döredilen Arkadag şäheriniň sport toplumlarynda geçdiler. Dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda gelip gowşan hoş habar – Türkmenistanyň 2023–2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanmagy türkmen türgenlerini ýeneki beýik ýeňişlere ruhlandyrýar. Sportuň gadymy görnüşi bolan kuraş boýunça ýaryş haýsy ýurtda geçirilse-de, şol ýurduň milliligi bilen baglanýar. Ol «göreş» ady bilen türki halklaryň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Türkmen toýlaryny bolsa milli göreşsiz göz öňüne getirip bolmaýar. Çünki türkmen topragy Pilmahmyt ýaly pälwanlary dünýä beren toprakdyr. Geçmiş taryhymyzda Görogly beg, Bezirgen pälwan, Mahmyt pälwan, Harmandäli, Aýsoltan ýaly meşhur pälwanlarymyzyň ýaşap geçendigi bize gadymy dessanlardan mälim. Türkmen pälwanlarynyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde