"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Sport baýramynyň şowhuny

Şu günler Aşgabadyň ajaýyp köçelerini bezeýän ýazgylarda ýetip gelýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň şowhuny aýdyň beýanyny tapýar. Elbetde, çempionatyň diýseň ýokary guramaçylyk derejesi soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde möhüm sport merkezleriniň birine öwrülen Aşgabadyň sport mümkinçilikleriniň dabaralanmasydyr. Ýaryşa gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord görkezijiniň bellige alnandygy hakyndaky hoş habar hem sport ýurdy hökmünde uly abraýa eýe bolan Diýarymyzyň iň iri sport baýramçylyklaryny guramakdaky hem-de geçirmekdäki tejribesiniň halkara derejesindäki ykrarnamasydyr.

Şöhratly ýeňişleriň desgasy

Sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň sport desgalary yklym we dünýä derejesindäki iri ýaryşlary üstünlikli geçirmek üçin ähli mümkinçiliklere eýedir. Paýtagtymyzyň gözel künjegine bezeg berip oturan Başa-baş söweş sungaty sport toplumy Kuraş boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek üçin iňňän oňaýly sport desgasydyr. Halkara sport baýramçylygynyň esasy sahnasyna öwrüljek desgada tomaşaçylaryň birbada 5 müňden gowragyna ýaryşlardan lezzet almaga şert döredildi. Bu ýerde mümkinçiligi çäkli adamlar üçin hem ýerleriň göz öňünde tutulmagy «Sport hemmeler üçin!» diýen ýörelgä laýyk gelýär. Desgada metbugat we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň işlemegi üçin ýörite zal, naharhana, mejlisler zaly, türgenler we eminler üçin niýetlenen geýim çalşyrylýan otaglar, döwrebap fitnes merkezi, iş we tehniki otaglar bar.

Meýletinçi ýardamçylaryň taýýarlygy

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde ýaýbaňlandyrylan Kuraş boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek üçin giň gerimli taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Halkara ýaryşlary yzygiderli geçirip gelýän ýurdumyzda her bir sport baýramçylygynyň mynasyp derejede guralmagyna ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan düzülen meýletinçi ýaşlar hem mynasyp goşant goşýarlar. Dünýä çempionatyna taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde işläp düzen meýilnamasy esasynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň 310-sy meýletinçiler hökmünde taýýarlanyldy.

Aziýanyň merjen şäheri AşgabatKuraş boýunça dünýä çempionatyny kabul edýär

Ajaýyp sport baýramçylygyna ýokary taýýarlykly gelen gözel paýtagtymyza Kuraş boýunça dünýä çempionaty mübärek gadamyny goýdy. 23 – 28-nji noýabr aralygynda dünýäniň ünsüni özüne çeken Aşgabadyň şaýollarynydyr köçelerini bezeýän ýazgylarda abraýly halkara ýaryşyň şowhuny giňişleýin şöhlelenýär. Türkmen we iňlis dillerinde «Kuraş boýunça dünýä çempionatyna hoş geldiňiz!» diýen ýazgylar bilen bezelen nyşanlardyr bannerler paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň we beýleki gözel ýerleriniň görküne görk goşýar. Munuň özi soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde dünýäniň möhüm sport merkezleriniň birine öwrülen Aşgabadyň mümkinçilikleriniň dabaralanmasydyr. Myhmanlar üçin amatly şertler

Çykyşlaryňyz üstünliklere beslensin!

Kuraş boýunça milli ýygyndy toparymyz ýurdumyzda geçirilýän dünýä çempionatyna ýokary derejede taýýarlykly geldi. 23-nji noýabrda ýaşuly nesliň wekilleri paýtagtymyzdaky «Türgenler» myhmanhanasynda türgenlerimiz we tälimçilerimiz bilen duşuşyp, olara ak pata berdiler. Her bir işde ýaşululara geňeşmek, olaryň pent-nesihatlaryna eýermek halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgesidir. Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň badalga alan gününde il sylagly ýaşulularyň we mährem eneleriň milli ýygyndymyzyň türgenleri bilen duşuşyp, olara pent-nesihatlaryny bermegi we ýagşy dilegler etmegi hem asylly ýörelgelerimiziň dowamat dowam bolýandygynyň nyşanyna öwrüldi.

Sport, işewürlik, hyzmatdaşlyk

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen ýurdumyzda sport ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Türgenlerimiz dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň sport abraýyny artdyrýarlar. Diýarymyzda halkara derejesindäki iri ýaryşlaryň, şol sanda dünýä çempionatlarynyň yzygiderli geçirilmegi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna ýardam edýär. Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, hususy işewürlik bilen hyzmatdaşlyk aýry-aýry türgenleriň hem, toparlaryň hem üstünlige ýetmeginiň möhüm şerti bolup durýar. Beýleki bir tarapdan seredeniňde, ýokary netijeleri gazanýan türgenler ýa-da toparlar, şeýle hem halkara ýaryşlar bilen hyzmatdaşlyk telekeçileriň öndürýän önümleriniň ýa-da ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň meşhurlygynyň artmagyna, ýagny haryt nyşanynyň bazardaky ornuny berkitmegine öz täsirini ýetirip bilýär.

Kalbymyz buýsanja beslenýär

Şu günler gözel paýtagtymyz Aşgabat ýetip gelen abraýly sport ýaryşynyň – Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň baýramçylyk ruhuna beslendi. Daş-töwereklerini bag-bakja bezeýän şaýollarymyzdyr köçeleriň ugrunda türkmen hem iňlis dillerindäki: «Kuraş boýunça dünýä çempionatyna hoş geldiňiz» ýazgylara, bannerlerdir nyşanlara gözüň düşende, kalbyň aýratyn ýakymly hem buýsançly duýgulara beslenýär. Dünýä çempionatyna türkmen türgenleri ýokary derejeli taýýarlykly geldiler. Ýeri gelende bellesek, bu ýaryşda Türkmenistana 15 türgen wekilçilik eder. Milli ýygyndymyzyň agzalary üçin dünýä çempionatyna taýýarlanmak babatda ähli mümkinçiliklerdir şertler döredildi. Olaryň Aşgabat, Arkadag we Türkmenabat şäherlerinde, şeýle hem Gyrgyzystanyň Yssyk-Köl welaýatynda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçendiklerini bellemelidiris. Nobatdaky iri sport baýramçylygynda hem türgenlerimiz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan Türkmenistanyň sport abraýyny gorap, watansöýüjiligiň hem-de ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezerler.

Dabaraly pursatlar

Türkmen paýtagty ýene bir iri sport baýramyny – Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatyny kabul edýär. Baýramçylyk ruhy ak mermerli Aşgabadyň ähli künjegini gurşap aldy. Ajaýyp Olimpiýa şäherçesi bolsa diňe bir daş-töwerege aýratyn öwüşgin çaýýan nyşandyr mowzuklar, bannerler bilen däl-de, eýsem, her gün guralýan dabaraly çäreler bilen göwnüňi göterýär. Kuraş göreşi başa-baş söweş sungatynyň gadymy görnüşleriniň biri bolup, asyrlaryň dowamynda toýdur baýramlaryň bezegi hasaplanypdyr. Her bir güni bagtyýarlyga beslenýän Diýarymyzyň paýtagtynda ýaýbaňlandyrylan Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň hem ýokary ruhubelentlikde geçmegi sportuň bu görnüşiniň asylly ýörelgelerine kybap gelýär. Bu gün bolsa soňky ýyllarda meşhurlygy barha artýan kuraş boýunça iň güýçli türgenler paýtagtymyzda jemlenip, dünýä çempionatynyň medallary ugrunda göreşe girişmäge taýýarlanýar.

Dünýä çempionatynyň medallary

Meksikanyň Gwadalahara şäherinden gelip gowşan hoş habarda türkmen agyr atletikaçylarynyň şol ýerde jemlenen ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň medallaryna mynasyp bolandygy buşlanylýar. Gaýgysyz Töräýew 81 kilogram agram derejesinde çykyş etdi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby ştangany silterläp galdyrmakda 151 kg netije görkezip, altyn medal gazandy. Itekläp galdyrmakda 184 kilogram agyrlygy galdyrmagyň hötdesinden geldi. Zehinli türgeniň bu netijesi oňa kümüş medal getirdi. Onuň iki görnüşiň jemi boýunça boýun egdiren 335 kilogram netijesi zehinli türkmen türgeniniň ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatyň kümüş medalyna mynasyp bolandygyny mälim etdi.

Dostlugyň we bagtyýarlygyň baýramy

Nurana gelejegimiziň eýeleri hökmünde belent ynam bildirilýän ýaşlar hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda dürli ýurtlardaky deň-duşlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny yzygiderli pugtalandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen, 16 — 18-nji noýabr aralygynda Mary şäherinde ýokary derejede geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumy hem bu babatda täze mümkinçilikleriň binýadyny goýan ähmiýetli çärä öwrüldi. Köpugurly forumyň çäklerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dürli ugurlarda tapawutlanýan zehinli ýaşlara Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny gowşurmak dabarasynyň geçirilmegi özboluşly many-mazmuna eýe bolup, hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen ýurdumyzda ýaşlar üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, olaryň ukyp-başarnyklaryna, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine uly ähmiýet berilýändigini görkezdi. Bu baýraga mynasyp bolan ýaşlaryň arasynda Alp Arslan Begenjow, Zyýamuhammet Saparow, Baýry Baýryýew, Jemal Owlýakulyýewa ýaly halkara ýaryşlardaky ýeňişleri bilen begendirýän türgenlerimiziň hem bolmagy Diýarymyzda sporta we bedenterbiýä berilýän ýokary ünsüň nyşanydyr. Çünki bedenterbiýe we sport ählitaraplaýyn kämil nesli kemala getirmegiň esasy serişdeleriniň biridir.

Kubok bäsleşigi

Ýakynda zenanlaryň arasynda gandbol boýunça ýurdumyzyň Kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň sport zalynda guralan bäsleşige paýtagtyň we welaýatlaryň ýygyndy toparlary gatnaşdy. Ýaryşda Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary ýeňiji boldy. Balkan welaýatynyň ýygyndysy ikinji, Lebap welaýatynyň ýygyndysy üçünji orunlary eýelediler.

Milli oýunlaryň ähmiýeti

Bilşimiz ýaly, milli oýunlaryň taryhy, gelip çykyşy ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryny, halkymyzyň geçmişini hem öwrenmäge ýardam edýär. Oýunlaryň, güýmenjeleriň döreýşi halkyň taryhy, durmuş we ýaşaýan ýeriniň şertleri bilen gös-göni baglanyşyklydyr. Parfiýa we orta asyr ýadygärliklerinden ýüze çykarylan haýwanlaryň, adamlaryň palçykdan ýasalan şekilleriniň tapyndylary diňe bir dini manyda bolman, olar oýnawaç hökmünde hem ulanylypdyr diýlip çak edilýär. XI asyra degişli Gökdepe ýadygärliginden, Murgap etrabynyň XI-XII asyrlara degişli Köşk diýen ýadygärliginden ýüzüne düzzüm şekilli çyzylan daş kerpiçler tapylýar. Başga ýadygärliklerden hem köp sanly küşt, peçiz oýnalýan şekiller, aşyklaryň dürli görnüşleri tapylýar.

Futbol dünýäsinde

1964 — 1968-nji ýyllarda Ispaniýanyň ýygyndy toparynda oýnan Hesus Manuel Dewota futboldan daşgary gaýyk küreklemek boýunça ýaryşlara-da gatnaşyp, 2 gezek Olimpia medalyny gazanypdyr. Şol ýygyndy toparyň ýene bir oýunçysy Mesa Lusido bolsa futbol oýnamagyny bes edenden soň, 1968-nji ýylda Moskwa şäherinde geçirilen Çaýkowskiý adyndaky konkursda Barselonanyň simfoniki orkestriniň düzüminde çykyş edipdir. * * *

Taryhda şu gün

Bu duşuşygy netijeli geçiren Wengriýanyň ýygyndy topary garşydaşyndan 6:3 hasabynda üstün çykmagy başarypdy. Mundan öň «Uemblide» diňe bir duşuşykda – 1949-njy ýylda Irlandiýanyň ýygyndy toparyndan 0:1 hasabynda ýeňlen angliýaly futbolçylar dessine «haklaşyk» duşuşygyny guramagy teklip edýärler. 1954-nji ýylyň 23-nji maýynda Budapeştde geçirilen duşuşykda hem Wengriýanyň milli ýygyndysynyň uly hasaply (7:1) ýeňiş gazanandygyny bellemek gerek.

Saglygym – baş baýlygym

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde halkymyzyň saglygy hakyndaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi. Hut şunuň esasynda hem, ynsan saglygy hakynda alnyp barylýan işleriň derejesi barha kämilleşdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýady goýlan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda gurlan döwrebap hassahanalaryňdyr saglyk merkezleriniň mümkinçilikleri bolsa munuň üstüni ýetirýär. Şeýle binalaryň gurluşygynyň yzygiderli alnyp barylýandygy bolsa ynsan saglygyny baş baýlygyna deňeýän döwletde bu ugurdaky aladalaryň hiç wagt ünsden düşürilmejekdiginden nyşandyr. Bu ugurda täze bina edilen Arkadag şäheri hem uly mümkinçiliklere eýedir.

Futbol täzelikleri

«Merwiň» AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş edýändigi bilen bagly Mary şäheriniň toparynyň 27-nji tapgyrda «Köpetdag» bilen duşuşygy wagtyndan öň geçirildi. Şeýlelikde, Mary şäherindäki «Sport toplumy» stadionynda geçirilen duşuşykda «Köpetdag» garşydaşyndan 1:0 (Orazgeldi Seýidow) hasabynda üstün çykdy. Gazanan bu ýeňşinden soň 25 utuk toplan bu topar ýaryş tertibinde dördünji orna geçdi. 12 utugy bolan «Merw» 8-nji orny eýeleýär.

Sportuň durmuş-ykdysady galkynyşa täsiri

Bedenterbiýe we sport hereketlerini durmuşa geçirmek üçin ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, adamlaryň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga bolan isleglerini kanagatlandyrmak, türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmak, şeýle hem sport bilen meşgullanýan ruhubelent ýaşlary kemala getirmek boýunça giň gerimli işler göz öňünde tutulýar. Türkmenistan sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şonuň netijesinde Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi we beýleki iri sport guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Soňky ýyllarda Watanymyz sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýän merkezi hökmünde ykrar edildi. Paýtagtymyzda sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy halkara ýaryşlary iň ýokary derejede guramaga mümkinçilik berdi. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň we oňa taýýarlygyň çäklerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça sebit hem-de yklym derejesindäki halkara ýaryşlaryň geçirilmegi ýurdumyz üçin gymmatly tejribe boldy. 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň hem-de «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň guramaçylyk derejesi bolsa täze sport merkeziniň kemala gelendigin

Parahatçylyk we dostluk dünýä ýaýylýar

Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty toplumyna gadam basanyňdan, buýsançly pikirler, ýakymly pursatlar seriňe dolýar. Çünki soňky ýyllarda bu toplum halkara ýaryşlardan ýeňiş bilen dolanyp gelýän türkmenistanly türgenleriň gazanan üstünlikleriniň dabaralanýan ýerine öwrüldi. Yhlasdyr tagallalaryň, maksadaokgunlylygyň, erjelligiň we tebigy zehiniň sazlaşygyndan hasyl bolýan uly ýeňişleriň eçilýän ruhy baýlygynyň gymmaty bimöçberdir. Ol ruhy baýlyk diňe bir üstünlik gazanan türgende däl, eýsem, şatlykly pursatlara şärik bolýan ildeşlerimiziň islendiginde-de ýakymly duýgulary oýarýar. Geljege ynamly garamaga, kesbiňden kemal tapyp, Watanyň şöhratyny beýgeltmäge, il-güni begendirmäge bolan hyjuwyňy artdyrýar. Diýmek, sportda gazanylýan ýeňişler diňe türgenlerimiziňki däl-de, eýsem, her birimiziňkidir. Ynha, hakydamyzda şular ýaly ýakymly pursatlar bilen orun alan paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumy 23 — 28-nji noýabr aralygynda iri halkara sport ýaryşynyň — Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň geçirilýän merkezi hökmünde dünýäniň çar künjeginden türgendir tälimçileri, sport hünärmenlerini myhman alyp, baýramçylyk ruhuna beslenýär. Güýzüň ahyryndaky ajaýyp günlerde guralýan abraýly ýaryşa gatnaşmaga gelen türgenler, tälimçiler, eminler, hünärmenler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler ýakynda Ý

Dabarasy ýyllara barabar sport baýramy (Kuraş — 2023)

Mälim bolşy ýaly, 23-nji noýabrda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň dabaralaryna badalga berildi. Türkmen sportunyň taryhyna nobatdaky ajaýyp sahypa bolup ýazyljak bu iri sport baýramçylygyna Türkmenistan we türkmen türgenleri ýokary derejede taýýarlyk gördi. Şu gün bolsa, Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda çempionatyň açylyş dabarasy geçiriler.

Kuraş — 2023: Myhmanlar üçin medeni maksatnama

Şu gün — 24-nji noýabrda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň myhmanlaryny ak mermerli paýtagtymyzyň gözel ýerleri bilen tanyşdyrmak üçin gezelenç guraldy. Dürli ýurtlara wekilçilik edýän myhmanlar ýurdumyzyň taryhy-medeni gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdyryldy.