"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

«Man­çes­ter Si­ti» bi­len «In­ter» – iň köp oýun­çy ug­ra­dan klub­lar

Çem­pio­na­ta je­mi 621 fut­bol­çy ça­gy­ry­lyp, Fran­si­ýa­dyr Bel­gi­ýa­nyň hem-de Çe­hi­ýa­nyň dü­zü­mi­nde 25, ga­lan 20 to­par­da müm­kin bo­lan 26 fut­bol­çy bar. Çem­pio­na­ta iň köp oýun­çy ug­ra­dan klub­lar 13 fut­bol­çy bi­len «Man­çes­ter Si­ti» hem-de «In­ter» to­par­la­ry­dyr. «Re­al Mad­rid» bi­len PSŽ-niň 12, «Le­ip­sig» hem-de «Bar­se­lo­na» klub­la­ryn­dan 11, «Ar­se­nal», «Ba­ýer», «Ba­wa­ri­ýa» toparlaryndan 10, «Li­wer­pul­dan», «Sla­wi­ýa Pra­ga­dan», «Ýu­wen­tus» bi­len «Ro­ma­dan», «Bo­rus­si­ýa Dort­munddan», «Bo­lon­ýadan» 9, «Man­çes­ter Ýu­naý­ted», «Mi­lan», «Wolfs­burg» klub­la­ryn­da­nam 8 fut­bol­çy gat­naş­ýar. «Brent­ford», «Fe­ýe­noord», «At­le­ti­ko Mad­rid», «Fe­ner­bah­çe», «Şaht­ýor Do­nesk» klub­la­ryn­dan 7 fut­bol­çy ýy­gyn­dy­la­ra ça­gy­ryl­dy.

Möw­süm­dä­ki 6-njy, kar­ýe­ra­syn­da­ky 60-njy ýeň­şi

For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň 6-njy bäs­le­şi­gi Ka­na­da­nyň Mon­re­al şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. Žill Willn­ýow adyn­da­ky tras­sa­da ge­çi­ri­len 70 aý­law­dan yba­rat bo­lan ýa­ryş­da «Red Bull» to­pa­ry­nyň ni­der­land sü­rü­ji­si Maks Wers­tap­pen ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol ýa­ry­şy 1 sa­gat 45 mi­nut 47,927 se­kunt­da ta­mam­lap, möw­süm­dä­ki 6-njy, kar­ýe­ra­syn­da­ky 60-njy ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Ýa­ryş­da 2–3–4-nji orun­la­ry bri­ta­ni­ýa­ly pi­lot­lar eýe­le­di­ler. Ýe­ňi­ji­den 3,879 se­kunt yza ga­lan «McLa­ren» to­pa­ry­nyň sü­rü­ji­si Lan­do Nor­ris 2-nji, il­kin­ji ha­tar­dan baş­lan «Mercedes» to­pa­ry­nyň sü­rü­ji­si Jorj Ras­sell 3-nji, şeý­le-de onuň to­par­da­şy Lýu­wis Ha­mil­ton 4-nji or­na my­na­syp bol­dy. «McLa­ren» to­pa­ry­nyň beý­le­ki sü­rü­ji­si, awst­ra­li­ýa­ly Os­kar Piast­ri­niň 5-nji bo­lan ýa­ry­şyn­da «As­ton Mar­tin» to­pa­ry­nyň we­kil­le­ri – is­pa­ni­ýa­ly Fer­nan­do Alon­so bi­len ka­na­da­ly Lans Stroll 6-7-nji ýer­le­ri eýe­le­di­ler.

123-nji «Fransiýa Açyk» tennis ýaryşy tamamlandy

Ten­nis bo­ýun­ça möw­sü­miň 2-nji «Uly tu­wal­ga» ýa­ry­şy bo­lan «Fran­si­ýa Açyk­da» er­kek­le­riň ara­syn­da is­pa­ni­ýa­ly Kar­los Al­ka­ras, ze­nan­lar­dan pol­şa­ly Iga Şwen­tek ýe­ňi­ji bol­dy. 123-nji ge­zek ge­çi­ri­len ýa­ryş­da ýe­ňi­ji­le­re 2,4 mil­li­on ýew­ro pul baý­ra­gy gow­şu­ryl­dy. 3 ýa­ryş­da çem­pi­on­lyk ga­za­nan

To­par­la­ryň mun­dan ozal­ky öza­ra du­şu­şyk­la­ry

Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­na gat­naş­ýan ýy­gyn­dy­la­ryň hem­me­si­ne go­la­ýy to­par­ça­lar­da du­şuş­jak ýy­gyn­dy­la­ry bi­len ozal te­lim ge­zek du­şu­şyk ge­çir­di­ler. 2–3 sa­ny ýy­gyn­dy bol­sa il­kin­ji ge­zek EURO 2024-de öza­ra du­şu­şar­lar. Şu çem­pio­nat­da to­par­ça­lar­da öza­ra du­şu­şyk ge­çir­jek­le­riň ara­syn­da mun­dan öň iň köp ga­bat­la­şan to­par­lar Şweý­sa­ri­ýa bi­len ýer eýe­si Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry­dyr. Olar mun­dan ozal 53 du­şu­şyk­da gar­şy­laş­dy­lar. Şo­lar­da Ger­ma­ni­ýa has ýo­ka­ry ne­ti­je gör­ke­zip, olar 36 ge­zek Şweý­sa­ri­ýa­nyň ýy­gyn­dy­syn­dan üs­tün çyk­ma­gy ba­şar­dy. Şweý­sar­lar 9 ge­zek ýe­ňip, 8 du­şu­şyk­da-da deň­me-deň oý­na­dy­lar. Gol­lar­da ne­mes­le­riň 142 to­pu­na şweý­sar­lar 69 gol bi­len jo­gap ber­di­ler.

18 ýy­gyn­dy 3-nji tap­gy­ra çyk­dy

Fut­bol bo­ýun­ça 2026-njy ýyl­da ge­çi­ril­jek Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň saý­la­ma tap­gy­ry­nyň Azi­ýa zo­la­gyn­da 2-nji tap­gy­ryň du­şu­şyk­la­ry ta­mam­lan­dy. Ne­ti­je­de, 9 to­par­ça­nyň her­sin­den 2 ýy­gyn­dy ýa­ry­şy do­wam et­dir­mä­ge hu­kuk ga­zan­dy. To­par­ça­lar­da 3-4-nji ýe­ri eýe­län­ler bol­sa Azi­ýa Ku­bo­gy 2027-niň 3-nji saý­la­ma tap­gy­ryn­dan ýa­ry­şa baş­lar­lar. To­par­ça­lar­da 5-6-njy du­şu­şyk­lar ge­çi­ri­lip, 18 ýy­gyn­dy 3-nji saý­la­ma tap­gy­ry­na ýol­lan­ma al­dy. Şol 18 ýy­gyn­dy 6 to­par­ly 3 to­par­ça paý­la­nar. Ola­ryň bi­je­si 27-nji iýun­da Kua­la Lum­pur­da ge­çi­ril­jek da­ba­ra­da bel­li bo­lar.

Rimde italýanlar öňe saýlandy

Ýe­ňil at­le­ti­ka bo­ýun­ça Ita­li­ýa­nyň paý­tag­ty Rim­de ge­çi­ri­len 26-njy Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da ýer eýe­le­ri ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Ita­li­ýa­nyň ýe­ňil at­le­ti­ka­çy­la­ry me­dal sa­na­wyn­da il­kin­ji ge­zek 1-nji or­ny eýe­le­di­ler. Rimdäki Olimpiýa stadionynda geçirilen ýaryşlarda ýer eýe­le­ri 11 al­tyn, 9 kü­müş, 4 bü­rünç, je­mi 24 me­dal ga­zan­dy­lar. 4 al­tyn me­dal ga­za­nan 4 ýur­duň ara­syn­da Fran­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy kü­müş me­dal­lar­da öňe saý­la­nyp, sa­naw­da 2-nji ýe­re my­na­syp bol­du­lar (4 al­tyn, 5 kü­müş, 7 bü­rünç, je­mi 16 me­dal). 4 al­tyn, 4 kü­müş, 5 sa­ny-da bü­rünç me­dal ga­za­nan Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň we De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa­nyň tür­gen­le­ri 3-nji, Nor­we­gi­ýa 4-nji (4–2–1), Şweý­sa­ri­ýa bol­sa 5-nji (4–1–4) ýe­ri eýe­le­di. 19 ýur­duň we­ki­li azyn­dan 1 al­tyn, 28 ýur­duň tür­ge­ni-de azyn­dan 1 me­dal ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. 6 gün­läp do­wam eden bäs­le­şik­ler­de 15 sa­ny çem­pio­na­tyň re­kor­dy tä­ze­len­di.

Aş­ga­bat — Ar­ka­la­şy­gyň tä­ze sport müm­kin­çi­lik­le­ri­niň şä­he­ri

Mä­lim bol­şy ýa­ly, 24-nji maý­da paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ri­len Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň Hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­de Aş­ga­ba­dy «Ar­ka­la­şy­gyň tä­ze sport müm­kin­çi­lik­le­ri­niň şä­he­ri» di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da Çöz­güt ka­bul edil­di. Şu my­na­sy­bet­li 3-nji iýun­da Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň «Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty» sport top­lu­myn­da «Aş­ga­bat — sport müm­kin­çi­lik­le­ri­niň we üs­tün­lik­le­ri­niň şä­he­ri» at­ly baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri ge­çi­ril­di. Sport top­lu­my­nyň esa­sy gi­rel­ge­si­niň öňün­de türk­men tür­gen­le­riniň üs­tün­lik­le­ri­niň ser­gi­si gu­ral­dy. On­da ab­raý­ly hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da ga­za­ny­lan dür­li de­re­je­li baý­rak­lar gör­ke­zil­di. Bu ýe­re ýyg­na­nan­lar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Aş­ga­bat şä­he­ri­niň «Ar­ka­la­şy­gyň tä­ze sport müm­kin­çi­lik­le­ri­niň şä­he­ri» diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän «Aş­ga­bat — sport müm­kin­çi­lik­le­ri­niň we üs­tün­lik­le­ri­niň şä­he­ri» at­ly da­ba­ra­ly çä­rä gat­na­şy­jy­la­ra ibe­ren Gut­la­gy­ny uly üns bi­len diň­le­di­ler.

Türkmenabatda ýoga boýunça ussatlyk sapaklary geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdebinde gadymy ýoga sungaty boýunça ussatlyk sapaklary geçirildi. Halkara ýoga güni mynasybetli geçirilen sapaklar Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy we Türkmenabat şäher häkimligi tarapyndan guraldy. Dabaranyň başynda edilen çykyşlarda türkmen-hindi gatnaşyklarynyň ösüşi, gözbaşyny  gadymy hindi ussatlaryndan alyp gaýdýan ýoga sungatynyň taryhy we şu güni barada gürrüň edildi.

Sagdyn bedende — sagdyn ruh

Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdebiň sport zalynda ýaş bilim işgärleriniň arasynda sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ylymlar gününe bagyşlanan çäreleriň üstüni ýetiren bu ýaryş uly gyzyklanma eýe boldy. Ýurdumyzda sporta, bedenterbiýä berilýän üns-aladalardan ugur alyp, bilim işgärleriniň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak hem-de Ylymlar gününi dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen ýaryş mekdep mugallymlaryna ukyp-başarnygyny görkezmäge özboluşly mümkinçilik boldy. Ýaryş güýçli toparlary öňe saýlady. Netijede etrapdaky 1-nji orta mekdebiň topary birinji, ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebiň topary ikinji, ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldy.

Mekdep mugallymlary ussatlygyny görkezdi

“Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölüminiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikdäki meýilnamasy esasynda mekdep mugallymlarynyň arasynda etraplarda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryşlar geçirildi. Sarahs etrabyndaky 1-nji orta mekdepde geçen ýaryşa etrapdaky orta mekdepleriň aglabasyndan toparlar gatnaşdy. Ylymlar gününe bagyşlanan bu ýaryş uly gyzyklanma döredip, sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşiniň bilim işgärleriniň arasynda meşhurlyga eýedigini görkezdi. Ýaryşyň netijesinde etrapdaky 1-nji orta mekdebiň mugallymlary birinji, 21-nji orta mekdebiň mugallymlary ikinji, 18-nji orta mekdebiň mugallymlary üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijilere hormat hatlary we ýörite sowgatlar gowşuryldy.

Täzeçilligiň we sport äleminiň şäheri

Merjen paýtagtymyzyň her ädiminde, her tutumynda müň bir täzeçillik bar. Ýakynda ak şäherimiz «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlen täze derejäniň eýesi boldy. Bu dereje merjen paýtagtymyza Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy tarapyndan berildi. Mälim bolşy ýaly, geçen aýda bu guramanyň Hökümet Geňeşiniň nobatdaky mejlisi paýtagtymyzda geçirildi. Möhüm çözgütlere baý bolan şol mejlisde hem Aşgabady «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek baradaky çözgüt kabul edildi.

Harby talybyň sport üstünligi

Ýaňy-ýakynda sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça Özbegistan Respublikasynda Merkezi Aziýanyň çempionaty geçirildi. Bu ýaryşa türkmen türgenleri hem gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyby Abdyrahman Nurgeldiýew hem bu çempionata gatnaşyp, oňat netijeleri görkezdi. Türkmen türgenleri şeýle halkara ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşyp, ýaşyl Tugumyzy belentde parladýarlar. Bu bolsa ýurdumyzyň sport äleminde abraý-mertebesiniň has-da belende göterilýändiginiň beýany bolup durýar.

Sport äleminde şöhratly şäher

«Häzirki döwürde ak mermerli Aşgabat «Aziýanyň merjen şäheri» diýen ykrarnama eýe boldy we dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin amatly şertleri bolan şäherleriniň birine öwrüldi» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda uly ösüşlere beslenýän ajaýyp zamanamyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gözel paýtagtynyň halkara abraýy täze belentliklere göterilýär. Aşgabadyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň hem sportuň mekany hökmünde uly meşhurlyga eýe bolmagy hem aýratyn buýsandyryjydyr. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň paýtagtymyzda geçirilen mejlisiniň çäklerinde Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy boldy. Paýtagtymyz indi ençeme ýyl bäri sportda ägirt uly mümkinçiliklere eýedigini dünýä aýan edip gelýär. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Agyr atletika, Kuraş boýunça dünýä çempionatlary we beýleki iri sport ýaryşlary gözel paýtagtymyzda nusgalyk derejede geçirildi. Şol esasdan, Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi döwrümiziň ajaýyp hakykatynyň dabaralanmasy boldy diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. Ýakynda Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça

Ömürlere bezeg berýär sport hem-de sagdynlyk

Ýurdumyzda sportuň ösmegi hem-de köpçülikleýin bedenterbiýäniň ýaýbaňlanmagy üçin döredilen şert-mümkinçilikler bagtyýar raýatlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerini hemişelik hemra edinmeklerinde möhüm ähmiýetlidir. Diýarymyzyň şäherlerine, şäherçelerine, obalaryna bezeg berýän döwrebap sport desgalary sporty söýýänleriň, aýratyn-da, ýaş nesliň iň bir gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi. Munuň özi döwlet derejesindäki ägirt uly aladalaryň netijesinde, bedenterbiýäniň we sportuň jemgyýetimiziň umumy medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülendigine şaýatlyk edýär. Halkyň saglygyny hemmetaraplaýyn goramak we berkitmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de netijeli sporty ösdürmek, zyýanly endiklere garşy barlyşyksyz göreş alyp barmak häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň hataryndadyr. Sporty ösdürmekde, olimpiýa hereketini wagyz etmekde ýurdumyzda alnyp barylýan tutumly işlere dünýä jemgyýetçiligi ýokary baha berýär. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň paýtagtymyzda geçirilen mejlisiniň Çözgüdine laýyklykda, Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi munuň nobatdaky buýsançly subutnamasyna öwrüldi. 

Sport. Sport. Sport.

Ýaş türgeniň ýeňişli gadamlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly işlere badalga berilýär. Gözel Diýarymyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berlen we berilýän döwrebap stadionlar, sport desgalary we sport mekdepleri ilatyň, aýratynam, ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin amatly şertleri döredýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlary sporta çekmekde taýsyz tagallalar edilýär. Olara dürli ýaryşlara gatnaşyp, ýaşyl Tugumyzy dünýä ýüzünde parlatmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan türgenleriň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmakda tälimçiler hem yhlasly zähmet çekýärler. Dürli ýaryşlara gatnaşyp, türkmen sportunyň abraýyny belende göterýän türgenleriň sany barha artýar.

Ýaşlar kiçi futbolda bäsleşdi

Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesindäki «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde «Biz şadyýan nesiller» ady bilen kiçi futbol ýaryşy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda bolan ýaryşda merkezde dynç alýan çagalardan düzülen toparlaryň birnäçesi gatnaşdy. Merkeziň futbol meýdançasynda giň gerim alan ýaryşda çagalar ukyp-başarnygyny görkezdiler. Çekeleşikli duşuşyklaryň netijesinde “Bagtyýarlyk” topary ýaryşyň ýeňijisi boldy. Ýeňiji bolan topara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Merkezde guralan ýaryş

Gökdere jülgesindäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Gökdepe we Bäherden etrap Geňeşleriniň bilelikde guramagynda meýilnama esasynda gyzykly sport çäreleri geçirildi. Merkezde dynç alýan çagalaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýaş nesliň sporta höwesini artdyrmak hem-de höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryş örän gyzykly boldy. Onda çagalar hereketli oýunlar we tanap çekmek boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler.

Gözelligiň gözbaşy

Ýurdumyzda sportuň welosiped görnüşine aýratyn üns berilýär. Paýtagtymyzy bezäp oturan Olimpiýa şäherçesinde Welotrek binasynyň bolmagy, paýtagtymyzda ajaýyp «Welosiped» binasynyň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Sagdyn we işjeň durmuş ýörelgeleri adamlara öz mümkinçiliklerini doly açyp görkezmäge we olary durmuşa ornaşdyryp, üstünlikleri gazanmaga ýardam edýär. Yzygiderli geçirilýän türgenleşiklerdir sport maşklary adamyň saglygyna we özüni duýşuna oňyn täsir edýär, ol kesellere garşy durnuklylygy pugtalandyrýar, häsiýetini taplaýar, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk, özüňe bolan ynamy berkitmek ýaly häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Şeýle hem, welosipedli gezelençler tutuş maşgala üçin boş wagtyňy netijeli geçirmek üçin ajaýyp mümkinçilik döredýär. Welosipedli sport bilen meşgullanmak adam bedeniniň sowuklama we beýleki kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Şu jähetden, lukmanlar ony durmuş endigine öwürmegi maslahat berýärler. Welosiped sürmek ýürek-damar keselleriniň döremek howpuny ep-esli azaldýar hem-de dem alyş ulgamyna oňyn täsir edip, öýkeniň kadaly işlemegine ýardam berýär. Welosiped sürlende, myşsalar türgenleşýär, bedende gan aýlanyşygy gowulanýar. Yzygiderli welosipedli türgenleşikler bedende madda çalşygyny gowulandyrýar we agramyňa gözegçilik etmäge kömek berýär.

Çekeleşikli ýaryş

Gökdere jülgesindäki «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki meýilnamasy esasynda sport-sagaldyş çäreleri geçirilýär. «Berkarar döwletiň sagdyn nesli biz» ady bilen geçen şadyýan estafeta bäsleşigi şeýle çäreleriň biri boldy. Ýaş nesliň sporta we bedenterbiýä höwesini artdyrmak, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak, sportuň degişli görnüşi boýunça güýçlüleri ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryşda merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalardan düzülen toparlar gatnaşdy. Çekeleşikli ýagdaýda geçen ýaryşyň netijesinde «Güneş» topary birinji, «Şöhle» topary ikinji, «Galkan» topary üçünji orny eýeledi. Ýeňiji toparlar hormat hatlary bilen sylaglandy.

Lebaply kuraşçylar Aziýanyň çempionatynda bäş medal gazandylar

Welaýatymyzyň kuraşçylarynyň bäşisi 6 ― 10-njy iýun aralygynda Eýran Yslam Respublikasynda geçirilen Aziýanyň çempionatynda dürli derejeli medallara mynasyp bolup, ýurduň milli ýygyndysynyň umumy üstünligine goşant goşdular. Has takygy, 20 döwletden 200-e golaý türgeni özünde jemlän yklym çempionatynda Çärjew etrabyndaky 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi Aýşirin Haýdarowa 48 kilograma çenli agram derejesinde altyn, şol etrapdaky 24-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Rozymeňli Meýmanowa, Türkmenabat şäherindäki 29-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Sabina Kadyrowa, Saýat etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Nurana Hezretowa we Kerki etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy Daýanç Omirow dagy bürünç medala mynasyp boldular.