"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Sport psi­ho­lo­gi­ýa­sy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 «Spor­tuň psi­ho­lo­gi­ýa­sy» di­ýen adal­ga­nyň peý­da bol­ma­gy hä­zir­ki za­man Olim­pi­ýa oýun­la­ry­ny esas­lan­dy­ry­jy Pýer de Ku­ber­te­niň ady bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ol ba­ryp XIX asy­ryň ahyr­la­ryn­da spor­tuň bu ul­ga­my ba­ra­da il­kin­ji ki­ta­by ýa­zyp­dyr. Şon­dan soň köp ýyl­lap hiç hi­li zat ýa­zyl­man­dyr. Di­ňe ge­çen asy­ryň 30-40-njy ýyl­la­ryn­da sport pu­da­gyn­da psi­ho­lo­gik bar­lag­lar ozal­ky so­ýuz­da ge­çi­ri­lip baş­lan­ýar. 50-60-njy ýyl­lar­da Ger­ma­ni­ýa­da, Pol­şa­da, Çe­hi­ýa­da, Weng­ri­ýa­da, Ru­my­ni­ýa­da, has soň­rak, Fran­si­ýa­da, ABŞ-da, Şweý­sa­ri­ýa­da we Ang­li­ýa­da bu bar­lag­lar giň ge­ri­me eýe bol­ýar.

Sebitimiziň sport teleýaýlymlary

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry sport ul­ga­myn­da öz­bo­luş­ly­ly­gy we öň­de­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bu ýurt­lar­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri halk ara­syn­da mil­li oýun­lar hök­mün­de meş­hur­dyr. Hä­zir­ki wagt­da bu ýurt­lar­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri ge­çi­ri­lip, olar­da go­wy ne­ti­je­le­ri gör­kez­ýär­ler. Ine, şu­la­ry dün­ýä ýaý­mak­da bol­sa ýur­duň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­ne aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Ge­liň, bu ýurt­la­ryň sport ul­ga­my­na ýö­ri­te­le­şen ýaý­lym­la­ry bi­len ta­nyş bo­la­lyň. 

Futbol muşdaklarynyň baýramy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Dün­ýä ýü­zün­de spor­tuň iň meş­hur gör­nüş­le­ri­niň bi­ri fut­bol­dyr. Se­bä­bi fut­bol iň köp to­ma­şa edil­ýän we gy­zyk­la­nyl­ýan sport gör­nü­şi­dir. Her dört ýyl­dan ge­çi­ril­ýän dün­ýä çem­pio­na­ty­na fut­bol­sö­ýü­ji­le­riň uly gy­zyk­lan­ma bi­len ga­raş­ma­gy hem sö­zü­mi­ziň aý­dyň my­sa­ly­dyr.

Futbolçy bolmak üçin butsy hökman däl

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki 47-nji orta mek­de­biň uçu­ry­my Be­genç Ho­ja­ýew ça­ga wag­ty fut­bol oý­nan­dy­gy­ny, em­ma fut­bol­çy bol­mak ar­zu­wy­ny ça­ga­lyk ýyl­la­ryn­da gal­dy­ryp, baş­ga kes­bi saý­lap alan­dy­gy­ny gür­rüň ber­ýär. «Ni­re­de iş­le­se­mem, ga­zet-žur­nal aç­sam-da fut­bol ha­ba­ry­ny il­ki bi­len oka­ýan, te­le­wi­de­ni­ýe­de fut­bol gör­se­mem, ün­sü­mi şo­ňa so­wa­ny­my bil­män gal­ýa­ryn. 25-nji ma­ýyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan «Bü­tin­dün­ýä fut­bol gü­ni» di­ýlip yg­lan edil­me­gi fut­bol bi­len bag­ly ýat­la­ma­la­ryň bu­ja­gy­ny çöz­di» di­ýip, Be­genç Ho­ja­ýew öz ha­tyn­da ýa­zyp­dyr. Bi­zem onuň ýat­la­ma­la­ry­nyň kä­bi­ri­ni oky­jy­lar bi­len paý­laş­ma­gy ma­kul bil­dik. 

Bir günde iki baýram

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Sport jan­kö­ýer­le­ri ta­ra­pyn­dan söý­lüp to­ma­şa edil­ýän hem-de köp­le­riň söý­gü­si­ni ga­zan­ma­gy ba­şa­ran sport gör­nüş­le­ri­niň bi­ri-de fut­boldyr. Häzirki wagtda mil­li­on­lar­ça jan­kö­ýer­le­ri özün­de jem­le­ýän fut­bo­lyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de tut­ýan or­ny diý­seň uly. Sport bi­len meş­gul­lan­ýan yn­san­la­ryň, hu­su­san-da, ça­ga­lar­dan baş­lap, ýa­şu­ly ne­sil­le­riň ara­syn­da fut­bol oýun­la­ry­na to­ma­şa ed­ýän­le­riň sa­ny bir ýa iki däl. Olar müň­ler­çe. Şo­nuň üçin-de, dün­ýä ýü­zün­de fut­bo­la hem-de fut­bolçylara be­ril­ýän üns has-da güýç­li. Ýa­kyn­da fut­bol muş­dak­la­ry­ny be­gen­di­ren bir wa­ka boldy, ýagny BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan her ýy­lyň 25-nji ma­ýy «Bü­tin­dün­ýä fut­bol gü­ni» diý­lip yg­lan edil­di. Bu buý­san­dy­ry­jy wa­ka türk­menistanly fut­bol­ muşdak­la­ry üçin-de ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat bol­dy. Se­bä­bi her ýy­lyň 25-nji ma­ýyn­da paý­tag­ty­my­zyň — Aş­ga­bat şä­he­ri­niň gü­nü­ni ulu­dan baý­ram ed­ýän sport­sö­ýü­ji­le­ri­miz bu gün­de dün­ýä halk­la­ry bi­len bir­lik­de Bü­tin­dün­ýä fut­bol gü­nü­ni hem bel­le­ýär.

Ýaşlary terbiýelemekde sportuň ähmiýeti

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň her bir gü­ni şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Äh­li ugur­lar­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­riň sa­ka­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty dur­ýar. Her bir döw­le­tiň sy­ýa­sa­tyn­da, yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de, jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň beý­le­ki ugur­la­ryn­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li amal et­mek­li­giň mö­hüm şer­ti bo­lup, bu işe jem­gy­ýe­tiň äh­li gat­lak­la­ry­nyň iş­jeň çe­kil­me­gi hem-de ola­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gyn­da­ky ra­ýat jem­gy­ýe­ti­niň tut­ýan or­ny çy­kyş ed­ýär.

Saglyk we sport aýy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň aýy bo­lan ap­rel aýy­nyň il­kin­ji gün­le­rin­den baş­lap ýur­du­myz­da sport çä­re­le­ri, ýa­ryş­lar, we­lo­si­ped ýö­riş­le­ri we Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da, Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­rin­de ge­çi­ri­len köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sport we sag­dyn dur­muş çä­re­le­ri­ne ta­lyp ýaş­lar, dür­li pu­dak­la­ryň iş­gär­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri iş­jeň gat­naş­dy­lar.

Biri gyzyl, biri sary, biri ak...

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Sözbaşa gözi düşen okyjy, megerem, alabahar asmanynyň deňsiz-taýsyz bezegi bolan ynsan kalbyny joşa getirýän, adamlaryň göwünlerini al-asmana göterýän al-ýaşyl reňkli älemgoşaryň gözelliginiň waspyny etjekdigimize garaşýandyr. Ýöne ol ýalňyşýar... Biz ýap-ýaşyl öwüsýän futbol meýdançasynda deňsiz-taýsyz duşuşygyň gidişini büdredýän, futbolçylaryň hem-de bu jadyly oýnuň muşdaklarynyň keýpini gaçyrýan, eminleriň kisesindäki, älemgoşaryň ähli reňklerini bolmasa-da, köpüsini özünde saklaýan duýduryş petekleri hakynda gürrüň etmekçi bolýarys.

Saglyk üçin iň ygtybarly ylgaw

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň sag­lyk üçin peý­da­la­ry ba­ra­da, fi­zi­ki maşk­la­ryň ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri, gan ba­sy­şy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy, beý­nä gan in­me, dia­bet, huş­suz­lyk, sus­su­pes­lik, sem­re­me ýa­ly der­de­ser­le­riň, düw­nük ke­se­li­niň en­çe­me gör­nüş­le­ri­niň öňü­ni al­ýan­dy­gy ba­ra­da luk­man­çy­lyk tej­ri­be­sin­de aý­dyň su­but­na­ma­lar ýe­ter­lik. Soň­ky on­ýyl­lyk­lar­da ýyg­na­lan yl­my mag­lu­mat­la­ryň şa­ýat­lyk et­me­gi­ne gö­rä be­den maşk­la­ry­nyň has peý­da­ly gör­nüş­le­ri­niň bi­ri yl­gaw bo­lup dur­ýar. 

Milli oýunlar

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Alym Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» diýen kitabynda: «Milli oýunlar halkyň edep-terbiýe we ahlak ýörelgeleriniň özboluşly dünýäsi bolup, zähmetsöýerlilik, gaýratlylyk, ugurtapyjylyk, başarjaňlyk ýaly milli häsiýetlerimizi, parahatçylykly durmuşy söýmek ýaly ýörelgeleri dabaralandyrýar» diýip, ata-babalarymyzdan miras galan milli oýunlarymyzyň çagalaryň şahsyýetiniň kemala gelmeginde uly ornunyň bardygyny belläp geçýär.

Asylly däbe öwrülen baýramçylyk

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Hal­ka­ra de­re­je­sin­de giň­den bel­le­ni­len Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni pa­ra­hat­çy­ly­gy, dost-do­gan­ly­gy, yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ni da­ba­ra­lan­dyr­ýan baý­ram­dyr. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň to­mus pas­ly­nyň il­kin­ji gün­le­rin­de Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­nü­niň şa­ny­na köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­riş­le­riň, baý öwüş­gin­li me­de­ni-jem­gy­ýet­çi­lik çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir.

Fijital küşt gyzyklanmanyň täze görnüşi hökmünde

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Fi­ji­tal sport (he­re­ket­li-san­ly sport) – spor­tuň top­lum­la­ýyn gör­nü­şi bo­lup, tür­gen ýe­ke­lik­de ýa-da top­lum­la­ýyn spor­tuň bel­li bir gör­nü­şi bo­ýun­ça he­re­ket­li hem-de san­ly wir­tu­al dün­ýä­de bäs­leş­ýär­ler. Fi­ji­tal sport be­den taý­ýar­ly­gy­ny ta­lap ed­ýän he­re­ket­li, ada­ty sport oý­ny bi­len ki­bers­por­tuň, yl­myň we teh­no­lo­gi­ýa­nyň ut­ga­şy­gyn­dan dö­rän tä­ze sport gör­nü­şi­dir. Mun­da tür­gen hem wir­tu­al dün­ýä­de komp­ýu­ter­de ýo­ka­ry ne­ti­je gör­kez­me­li, hem-de sport meý­dan­ça­syn­da özü­ni sy­na­ma­ly.

We­lo­si­ped sür­mek we sag­lyk

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 He­re­ket­de bol­mak be­de­ni­ňi ber­kit­mek­dir. Adam be­de­ni­niň tap­lan­ma­gyn­da, ber­ke­me­gin­de he­re­ket­li­li­giň äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Fi­zi­ki iş­jeň he­re­ket­de bol­mak sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň iň esa­sy şert­le­ri­niň bi­ri­dir. Bu bol­sa py­ýa­da ýö­re­mek ýa-da we­lo­si­ped sür­mek, maşk­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­lup dur­ýar. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, her gün 30 mi­nut çe­me­si ýö­ri­te mak­sat­ly aram he­re­ket et­me­li. Bu ze­rur bo­lan ýö­ri­te mak­sat­ly he­re­ket­li iş, öý­den işe py­ýa­da ýa-da we­lo­si­ped­li gat­na­mak ar­ka­ly ýe­ri­ne ýe­ti­rip bil­ner. Py­ýa­da ge­ze­lenç et­me­giň or­ta­ça uzak­ly­gy 1,5-2,8 ki­lo­met­re go­laý bol­ma­ly­dyr. Mu­ňa bol­sa, adat­ça, 15-20 mi­nut wagt harç­lan­ýar. We­lo­si­ped­li ge­ze­lenç et­me­giň or­ta­ça uzak­ly­gy 3,5-4,8 ki­lo­metr bo­lup, mu­ňa or­ta­ça 10-15 mi­nut ge­rek bol­ýar. Bu gan da­mar­la­ry­nyň wa­ri­koz ke­se­lin­den ejir çek­ýän­ler üçin örän peý­da­ly­dyr. Aýak­la­ryň py­ýa­da he­re­ket­de bol­ma­gy da­mar­lar­da gan aý­la­ny­şy­nyň tiz­leş­me­gi­ne, gan bi­len üp­jün­çi­li­giň ka­da­laş­ma­gy­na iter­gi ber­ýär. Spor­tuň bu gör­nü­şi göz üçin hem peý­da­ly­dyr.

Olim­pi­ýa ala­wy­ny ge­ti­ren gä­mi

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Iň ga­dy­my fran­suz gä­mi­le­ri­niň bi­ri bo­lan üç gat ýel­ken­li «Be­lem» gä­mi­si il­kin­ji ge­zek 1896-njy ýy­lyň 10-njy iýu­nyn­da ýü­zü­şe baş­la­ýar. Ony Nant şä­he­rin­de gu­rup, An­til ada­la­ry­nyň se­bit­le­rin­de ýük da­şa­ma­gy mak­sat edin­ýär­ler. 1914-nji ýy­la çen­li ýel­ken­li gä­mi ýük da­şa­mak üçin 33 ge­zek uzak ara­ly­ga sy­ýa­hat ed­ýär. Bug gä­mi­le­ri bi­len bäs­le­şik­de äh­mi­ýe­ti­ni ýi­ti­ren gä­mi­ni uza­gyn­dan söw­da mak­satly ýü­züş­ler­den daş­laş­dyr­ýar­lar. Öz wag­tyn­da di­ňe bir Fran­si­ýa­nyň däl, eý­sem tu­tuş Ýew­ro­pa­nyň iň uly ýel­ken­li gä­mi­le­ri­niň bi­ri ha­sap­la­nyp­dyr. Şol dö­wür­de «Be­lem» gä­mi­si­ni bri­tan ger­so­gy sa­tyn alyp­dyr. Ol ýel­ken­li gä­mi­ni sy­ýa­hat et­mek üçin ula­nyp baş­lap­dyr. 1921-nji ýyl­da bol­sa iç­gi­le­ri sat­mak bo­ýun­ça tä­jir Ar­tur Er­nest Gin­ne­se sa­typ­dyr.

Türkmeniň ýüwrük ogly...

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ga­dym za­man­lar, gys­sag­ly ha­ba­ry goň­şy-kent­le­re ýe­tir­mek üçin han­lar, ser­ker­de­ler kow­sa ýet­ýän, gaç­sa gu­tul­ýan aşa do­gum­ly ýaş ýi­git mün­di­rip ça­pa­ra gön­de­rip­dir­ler. Meş­hur ýa­zy­jy­myz Ata Gow­şu­do­wyň «Dor­de­pel» po­wes­ti hem türk­me­niň geç­mi­şin­dä­ki at­ly ça­par­la­ryň yk­ba­ly bi­len bag­ly­dyr.

Çar­wa­dar­la­ryň V Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry gu­ra­lar

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ga­za­gys­ta­nyň paý­tag­ty As­ta­na şä­he­rin­de Çar­wa­dar­la­ryň V Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­na gat­na­şy­jy­la­ry ka­bul et­mä­ge taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Bu ýyl­ky sport çä­re­le­ri 8-15-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da «Uly säh­ra­da du­şu­şyk» şy­ga­ry as­tyn­da ge­çi­ri­ler. Bu çä­rä 100 ýurt­dan 4 müň tür­gen gat­na­şar diý­lip ga­ra­şyl­ýar. Oýun­la­ryň gu­ra­ma­çy­la­ry As­ta­na­da bol­jak oýun­la­ra taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da mas­la­hat ge­çir­di­ler. Mas­la­ha­tyň bar­şyn­da ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­la­ryň eşik­le­ri­niň we me­dal­la­ry­nyň nus­ga­la­ry gör­ke­zil­di.

Fut­bol klu­by oý­nuň ha­ty­ra­sy­na iki gün­läp har­by gä­mi­de ýüz­di

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 «Çi­li­niň» «Sant­ýa­go Uon­de­rers» to­pa­ry «Çi­li — 2024» Ku­bo­gyn­da­ky il­kin­ji çy­ky­şy­ny uzak wagt ýa­dyn­da sak­la­sa ge­rek: mu­nuň özi ha­ky­ky sy­nag bol­dy.

Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň sa­na­wy­na gys­ga wagt­lyk gi­ren sport gör­nüş­le­ri

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Iň ab­raý­ly sport ýa­ry­şy bo­lan hä­zir­ki za­man Olim­pi­ýa oýun­la­ry Pýer de Ku­ber­ten ta­ra­pyn­dan tä­ze­den di­kel­di­lip, 1894-nji ýyl­dan baş­lap, bü­tin­dün­ýä ýa­ryş­la­ry gör­nü­şin­de her dört ýyl­dan bir ge­zek to­mus­ky hem-de gyş­ky möw­süm­ler­de ge­çi­ril­me­gi­ni do­wam ed­ýär.

Türkmen sportunyň ösüşli menzilleri

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­ta­nyň bi­lim, sport ul­ga­my­ny we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­ny döw­let stra­te­gi­ýa­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­mek bi­len, bu ugur­lar­da iki­ta­rap­la­ýyn hem-de köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek me­se­le­le­rin­de iş­jeň or­ny eýe­le­ýän­di­gi­ni nyg­ta­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň dün­ýä­de sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny da­ba­ra­lan­dyr­mak ug­run­da alyp bar­ýan giň ge­rim­li iş­le­ri Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de bar­ha öňe iler­le­ýär.

Ten­nis re­kord­la­ry

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 ATP ( Pro­fes­sio­nal ten­nis­çi­le­riñ as­so­sia­si­ýa­sy­nyñ) reý­tin­gin­de hep­de­lik ne­ti­je­ler bo­ýun­ça bi­rin­ji or­ny iñ uzak wagt­lap sak­lan ten­nis­çi ser­bi­ýa­ly, meş­hur ten­nis­çi No­wak Jo­ko­wiç bo­lup dur­ýar.Ol öz hep­de­lik ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça bi­rin­ji or­ny 400 hep­de­den köp sak­lap, ta­ryh­da şu re­kor­dy gör­ke­zen ýe­ke­täk ten­nis­çi bol­ma­gyn­da gal­ýar. Sa­naw­da ikin­ji or­ny ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len us­sat ten­nis­çi, şweý­sa­ri­ýa­ly Ro­jer Fe­de­rer eýe­le­ýär. Onuñ hep­de­le­ri­niñ sa­ny bol­sa 310-a ba­ra­bar­dyr.