"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Sagdynlygyň binýady

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Bedenterbiýe we sport jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýçdür». Şoňa görä-de, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň, ussat türgenleri taýýarlamagyň döwlet maksatnamalaryny kabul etmek bilen, halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly gadymy ýörelgelerini döwrebap dowam etdirmek, ildeşlerimiziň saglygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek babatda taýsyz tagallalary edýär. Şeýle tagallalar netijesinde geçen ýyllaryň içinde berkarar Watanymyzyň paýtagtynda hem-de sebitlerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri guruldy, döwrebap sport düzümleri kemala getirildi. Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde gurlan Olimpiýa şäherçesi, Aşgabatda hereket edýän häzirki zaman köpugurly sport toplumlary, welaýatlardaky atçylyk-sport toplumlary we köpsanly sport desgalary bu hakykatyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şeýle ajaýyp desgalar ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň, sportuň barha ösmege, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň dabaralanmagy, beden taýdan berk we ruhy taýdan sagdyn nesilleriň kemala gelmegi babatynda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda türgenlerimiziň halkara derejes

Welaýatyň birinjiligi

Änew şäherindäki sport mekdebinde stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça welaýatyň birinjiligi geçirildi. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen ýaryşy welaýatyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi gurady. Oňa welaýatymyzyň etraplaryndan hem-de Tejen şäherinden toparlar gatnaşdy. Ýaşlary sport-sagaldyş hereketine, köpçülikleýin bedenterbiýä giňden çekmek, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegini gazanmak we sport ussatlyklaryny ýokarlandyrmak hem-de sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça güýçli toparlary ýüze çykarmak ýaryşyň esasy maksady boldy. Şoňa görä-de, bu ýaryşa gyzyklanma uly boldy. Onda her etrapdan hem-de Tejen şäherinden gelen toparlaryň düzümi iki erkek, iki zenan türgenden ybarat boldy. Olar öz aralarynda işjeň duşuşyklary alyp bardylar.

Täsirli duşuşyk

Gökdepe etrabynyň Babarap obasyndaky ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň hem-de welaýatyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyga sport mekdep-internatynyň okuwçylary gatnaşdy. Duşuşykda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sport-sagaldyş hereketleriniň ösüşine gönükdirilen giň gerimli işler, bu ugurda gurulýan sport mekdepleridir toplumlarynyň, desgalarynyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Hormatly Prezidentimiziň türgenleriň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak, olaryň dürli derejedäki ýaryşlara gatnaşmagyny gazanmak babatdaky tagallalaryna aýratyn üns çekildi. Şonuň bilen baglanyşykly, duşuşykda çykyş edenler ýaşlara sportda barha taplanmak, dürli ýaryşlara taýýarlykly barmak we üstünlikli çykyşlary bilen ýurdumyzyň sport abraýyny belende götermek boýunça gymmatly öwüt-ündewlerini berdiler.

Olimpiýa medally mergen

Hormatly Prezidentimiz Agyr atletika boýunça dünýä çempiony Ýulduz Jumabaýewa mynasyp bolan medallaryny gowşurmak dabarasynda ýurdumyzyň sport taryhynda ajaýyp sahypalaryň az ýazylmandygyny nygtap, meşhur agyr atletikaçymyz, dünýäniň we Ýewropanyň üç gezek çempiony, şeýle hem Aziýanyň çempiony Altymyrat Orazdurdyýewi ýa-da görnükli türgen, döwrüniň iň meşhur mergeni hem-de Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi, nyşana ok atmakda köp gezek dünýäniň we Ýewropanyň rekordsmeni Marat Nyýazowy ýatlady. Milli Liderimiziň bu taryhy çykyşy türkmen sportunyň geçmişine ýene bir ýola nazar aýlamaga ganatlandyrdy. Türkmenistanly nyşana ok atyjy türgen Marat Nyýazowyň Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyna mynasyp bolanyna şu ýyl 61 ýyl dolupdyr. Minnetdar nesiller sportumyzyň şanly taryhyna adyny altyn harplar bilen ýazdyran türgeni häli-häzirler hem ýatlaýarlar.

Sport — uzak ömrüň gözbaşy

Ösüp gelýän ýaş nesilleriň berk bedenli, ruhubelent bolup ýetişmekleri hakyndaky alada ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary netijesinde giň möçberli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, bedenterbiýe we sportuň ösdürilmegine, goldanylmagyna, ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilen wezipeler milli kanunlarymyzda hem öz beýanyny tapýar. «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda raýatlaryň saglygyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzda adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimiziň gündelik durmuşyna içgin ornaşdyrmaga, esasan hem, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almaga gönükdirilen meseleler öz beýanyny tapýar. Çagalyk döwründen başlap, raýatlarda sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek, olaryň ýaramaz endiklerden daşda durmagyny gazanmak, türkmen jemgyýetinde işjeň ýaşaýyş-durmuşy kemala getirmek wezipeleri bellenilýär. Bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-ündew etmek babatda ýurdumyzda anyk işler durmuşa geçirilýär, uly ösüşler gazanylýar. Ýaşlarda bedenterbiýä we sporta bolan höwesi ösdürmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamak, olaryň gatnaşmaklarynda sportuň köpçülikleýin görnüşleri boýunça sport ýaryşlaryny geçirmegiň tejribesini ösdürmek spor

Türkmen sporty dabaralanýar

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrüldi. Halkymyzyň saglygyny berkitmekde, bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Jemgyýetimizde kämil şahsyýeti terbiýelemekde ata-babalarymyzyň «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» diýen pähiminden ugur alynýar. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň, şeýle-de talyp ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryna giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça meşgullanmak üçin ýokary derejedäki sport toplumlary we sport merkezleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurlan sport meýdançalarynyň, dürli sport desgalarynyň sany barmak basyp sanardan kän. Bularyň ählisi ata Watanymyzyň sport ulgamyny düýpli kämilleşdirmekde, köpçülikleýin bedenterbiýäni giň gerimde ösdürmekde, aýratyn hem, halkara derejesinde ussat türgenleri taýýarlamakda, berk bedenli, sagdyn ruhly kämil şahsyýetleri kemala getirmekde uly ýardam edýär.

Welosiped

sagdynlyk hem amatlylyk Aslynda, welosipediň o diýen uzyn bolmadyk taryhy bar. Ilkinji welosipedleriň görnüşi täsin eken. Olaryň beýikligi, takmynan, 1.5 metr töweregi bolup, yzky tigri öňki tigrine garanyňda kiçi ýasalypdyr. Geliň, welosiped hakynda internet sahypalarynda berilýän gyzykly maglumatlaryň käbirine ser salalyň!

Türgenleriň ussatlygy

Änew şäherindäki sport mekdebinde erkekleriň arasynda sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça welaýatyň birinjiligi geçirildi. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan meýilleşdirilen sport çärelerini, okuw-türgenleşik sapaklaryny we ýygnanyşyklary geçirmegiň wagtlaýyn tertibine laýyklykda tomaşasyz geçirilen bu ýaryş Bütindünýä saglyk gününe bagyşlandy. Oňa welaýatymyzyň dürli ýerlerinden türgenler gatnaşdy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bellenilýän Bütindünýä saglyk gününi dabaralandyrmak, ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak, olaryň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak hem-de güýçlüleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen ýaryşda türgenler 100, 200, 400 metr aralykdaky, şeýle-de 4x100 estafetada we uzynlygyna bökmekde ussatlygyny görkezdiler.

Ýaşyl tugy al-asmanda parladyp

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda sportuň dürli görnüşlerini ösdürmek, jemgyýetçilik durmuşyna köpçülikleýin bedenterbiýäni ornaşdyrmak we ilatyň saglygyny berkitmek barada edilýän aladalar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Milli Liderimiziň «Türkmenistan dünýä üçin, ähli ugurlar boýunça giň halkara hyzmatdaşlygy üçin açykdyr» diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden aýdan sözleri sporta hem doly derejede degişlidir. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi türkmen sportunyň ösüşine giň ýol açýar, türgenlerimiziň bolsa dünýä çempionatlaryna, halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, uly üstünlikleri gazanmaklaryna, tejribelerini artdyrmaklaryna oňyn mümkinçilik döredýär. Muňa türkmen türgenleriniň geçen ýyllaryň dowamynda geçirilen halkara ýaryşlarynda gazanan baýrakly orunlarynyň görnetin artandygy hem şaýatlyk edýär. Milli Liderimiz sport we bedenterbiýe hereketiniň maksada okgunlylyga höweslendirýän sagdynlygyň hem-de güýç-kuwwatyň çeşmesi bolup durýandygyny nygtamak bilen, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty durnukly ösüşiň uzakmöhletleýin maksatlaryna ýetmek üçin anyk ugur hökmünde kesgitleýär. Bu ugurda özygtyýarly, baky berkarar Watanymyzyň halkara hyzmatdaşlygy häzirki wagtda sportuň halklaryň we döwletleriň arasynda özara düşünişmegiň we hyzmatd

Sagdynlygyň we dostlugyň mekany

Halkyň saglygy hakynda alada milli Liderimiziň ýöredýän syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletimizde amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň, milli maksatnamalaryň, uly taslamalaryň özeninde döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy hasaplanylýan adamyň saglygy baradaky alada durýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak her bir türkmenistanlynyň gündelik durmuşynyň möhüm ýörelgesine öwrülmelidir. Hormatly Prezidentimiziň: «Sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamda özüne ynam, merdemlik, güýç-kuwwat, çakganlyk, başarnyk, ruhubelentlik we beýlekileriň ýeňşine guwanmak häsiýetlerini terbiýeleýär. Sport parahatçylygyň ilçisi bolup, ol dürli ýurtlarda we yklymlarda ýaşaýan halklary birleşdirmäge ukyplydyr» diýen ýaly çuň manyly sözleri, «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyny» we «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» kabul etmegi, 2021-nji ýylda Aşgabat şäherinde Welosiped sportunyň trek görnüşi boýunça dünýä çempionatyny we tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşy geçirmek baradaky aýdyň maksatly çözgütleri, adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi üçin döredip berýän ähli amatly mümkinçilikleri halkymyzy has-da yhlasly, döredijilikli zähmet çekmäge ruhl

Ýaglyga towusmak

Türkmen milli oýunlary ýaş nesillerimiziň şahsyýet bolup kemala gelmegine güýçli täsir edýär. Milli oýunlaryň üsti bilen olarda eserdeňlik, ünslülik, duýgurlyk, ýatkeşlik, çalasynlyk we ugurtapyjylyk ýaly häsiýetler kemala getirilýär. Türkmen milli oýunlarynyň taryhy örän gadymydyr. Şolaryň biri hem ýaglyga towusmakdyr. Ilkibaşda bu oýun ak öýler dikilip, çagarygy oturdylandan soň oýnalar eken. Öýüň tüýnüginden ýaglyk asyp, kim alyp bilse, baýrak berler eken. Soňlugy bilen bu şowhunly oýun göreş, at çapmak, altyn gabak atmak oýunlary ýaly ähli toý-baýramlarymyzyň bezegine öwrülýär. Adam boýundan has ýokarda asylgy ýaglygy böküp almak bilen bagly bu oýna, esasan hem, ýaş ýigitler we ýetginjekler gatnaşýarlar. Şeýle hem goýlan baýraga görä, ýaglyk beýigräkden ýa-da pesräkden asylýan eken. Oýunçylar gezekli-gezegine böküp, ýaglygy almaga synanyşýarlar. Her oýunçynyň bir gezek synanyşmaga hukugy bar. Gözbaşyny gadymdan alyp, şu günlere gelip ýeten sportuň bu milli görnüşi ýaş nesillerimiziň bökmek, ylgamak endiklerini ösdürýär.

Sport. Sport. Sport.

Ýolöten etrap sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň sport mekdebiniň şepagat uýasy Nabat Gylyjowa bu ýerde çärýek asyrdan bäri yhlasly zähmet çekip gelýär. Ol tälimçileriň we türgenleriň berk bedenli we sagdyn bolmagy ugrunda alada edip, olary lukmançylyk gözegçiliginden yzygiderli geçirip durýar. Şonuň üçin hem tälimçileriň we türgenleriň arasynda N. Gylyjowanyň ady uly hormat bilen tutulýar. SURATDA: etrap sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň sport mekdebiniň şepagat uýasy Nabat Gylyjowanyň türgenleriň saglygyny gözden geçirýän pursaty.

Welosport yzygiderli ösüşde

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň güýzünde paýtagtymyz Aşgabatda Welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda bu abraýly sport ýaryşyny üstünlikli geçirmek üçin giňden taýýarlyk görülýär. Türkmenistanda halkara derejeli sport ýaryşlaryny geçirmek üçin ajaýyp Olimpiýa şäherçesi özünde giň mümkinçilikleri jemleýär. Bu ýerdäki döwrebap Welotrek sport binasynyň iň häzirki zaman ölçeglerine laýyklanyp gurlandygyna «Aşgabat — 2017-niň» oýunlarynyň dowamynda-da doly göz ýetirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, halkymyzyň, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketine çekilmegi babatda zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Köpçülikleýin welosiped ýörişini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Milli Liderimiziň hut özüniň watandaşlarymyz bilen bilelikde şol köpçülikleýin çärelere gatnaşmagy ýurdumyzda sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sanynyň artmagyna, umuman, sportuň wagyz edilmegine nusgalyk goşant, şeýle hem täze ekologiýa garaýyşlarynyň kemala gelmegine, daşky gurşawyň ýagdaýyna jemgyýetiň jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylma

Anyk wezipeler we maksatlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Sportuň bu görnüşini ösdürmegiň esasy maksady ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, sporty beden hem-de ruhy kämilligiň çeşmesine öwürmek bolup durýar. Ýurdumyzyň welosiped sportunyň üstünlikleri döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen yzygiderli durmuşa geçirilýän hem-de türkmenistanlylaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine işjeň gatnaşmagyny gazanmaga, türkmen sportunyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga, olimpiýa hereketini ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň netijesidir. Şol üstünlikleriň hatarynda 2018-nji ýylda geçirilen welosiped sürmek boýunça iň köp sanly ildeşlerimiziň gatnaşmagynda okuw sapagynyň, 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýörişiň guralandygyny aýratyn belläp geçmek bolar. Agzalyp geçilen iki çäre bu ugurda dünýä rekordyny täzeläp, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

Sport syýasatynyň gadamlary

Yhlas ýeňşe ýetirýär Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine uly üns berilýär. Gahryman hem mähriban Prezidentimiziň öňe süren döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli başlangyjy ilkinji nobatda, halkymyzyň saglygynyň goralmagyna, jemgyýetimizde sagdynlygyň we ruhubelentligiň hemmeleriň hemrasy bolmagyna gönükdirilendir. Soňky ýyllaryň sepgitleri bu ýörelgäniň gowy netijelere ýetirýändigini äşgär edýär.

Sport — şahsyýet kämilliginiň mekdebi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ak mermerli Aşgabatda Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň we Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyrynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi ata Watanymyzyň halkara derejesindäki sport abraýyndan nyşandyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda Welotrek boýunça dünýä çempionatyna hem ählitaraplaýyn taýýarlyk görülýär. Şu ýylyň güýzünde ak mermerli paýtagtymyzda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk işleriniň çäginde bu ýaryşyň nyşanynyň, sport lybaslarydyr welosipediň bezeginiň taýýarlanylandygy buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň işlenilip taýýarlanan nyşanynda türkmen halysynyň ýüzünde şekillendirilýän garşy-goçak we alaja nagyşlary, welosipedçiniň sudurynyň görnüşi öz beýanyny tapýar. Ýaryşda çykyş etjek türgeniň egin-eşigi bolsa, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkinden we nagyşlaryndan ugur alnyp işlenip taýýarlanypdyr.

Türkmenistan — işjeň ösýän sport döwleti

Sport — saglyk, ösüş we bagtyýarlyk getirýän durmuş hakykaty. Ol ynsanlara saglyk bagyş etmek bilen birlikde, olaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklara ýol açýar. Halklaryň abadan we parahat durmuşyna gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlary bilen çykyş edýän ýurdumyzda sport çäreleriniň giň gerim almagy kanunalaýyklykdyr. Ähli döwürlerde-de dostlugy, parahatçylygy, agzybirligi, jebisligi we raýdaşlygy şygar edinen sport adamzadyň öňünde diňe oňyn maksatlary goýýar. Ýurdumyz bolsa oňyn maksatlary durmuşa geçirmekde, parahatçylygy wagyz etmekde sebitde nusga bolup çykyş edýär. Häzirki döwürde Türkmenistan örän ýokary depginler bilen ösýän sport döwletleriniň biridir. Biziň Watanymyzyň ähli künjeginde döwrebap sport desgalary, ýokary derejeli stadionlar, atçylyk sport toplumlary gurulýar. Çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bedenterbiýe maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda şu ýyl Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň, Aziýa we Okeaniýa IV toparynda tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyrynyň, 2022-nji ýylda bolsa Sambo boýunça dünýä çempionatynyň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegi meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu ýaryşlara ýokary derejede taýýarlyk görülýär.

Batly gadamlar bilen

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygy bilen bedenterbiýe we sport ulgamy giňden rowaçlanýar. Ýaş türgenleriň sanyny artdyrmak, ýaşlary sporta çekmek we milli ruhda terbiýelemek, olaryň zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak babatda maksada laýyk işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» kabul edilmegi bu wezipeleri durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleri açdy. Onuň esasy maksady bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek arkaly türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekden, watandaşlarymyzyň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga bolan isleglerini kanagatlandyrmakdan, şeýle-de boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerini gazanmakdan, olaryň saglygyny berkitmekden we keselleriň öňüni almakdan, bedenterbiýäniň we sportuň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak üçin zerur şertleri döretmekden, türkmen sportuny dünýäde ýokary derejelere çykarmakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde ähli ugurlar bilen bir hatarda sporty ösdürmek hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça asylly işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda sport ulgamy belent derejelere, ýokary basgançaklara göterildi. Muňa türkmen türgenleriniň halkara derejesinde, döwlet ýa

Maksada okgunly türgen

Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek arkaly ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek babatynda amala aşyrylýan işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Obalarymyzda, şäherlerimizde sanlyja ýylyň içinde gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap, häzirkizaman enjamly sport mekdepleri, toplumlary, meýdançalary türgenleriň göwnejaý tälim alyp, kämilleşmeklerine, bedenterbiýäniň we sportuň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyna giň şertleri döretdi. Şeýle şertlerden ýerlikli peýdalanýan türgenlerimiz bolsa barmak büküp sanardan kän. Kerki etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Sanjar Kamilow hem ýaşlygyndan sport bilen meşgullanyp, geçirilýän ýaryşlarda guwandyryjy netijeleri eýeleýän ýaş türgenleriň biri. Birinji synpdan bäri etrapdaky sport mekdebine gatnaýan Sanjar ol ýerde tälimçi Anwarjan Kurbanowdan tälim alýar. Onuň etrap, welaýat we döwlet derejesindäki bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri bolsa bir ýa-da iki däl. Ol 2018—2019-njy ýyllarda adaty karate boýunça welaýatyň açyk çempionatlarynda üç gezek 2-nji orna mynasyp boldy.

Ýaşlar — Watanymyzyň buýsanjy

Balkanabat şäherindäki 24-nji orta mekdepde «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň, welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda «Ýurdumyz — berkarar, ýolumyz — ýagty, ýaşlar — Watanymyzyň buýsanjy, bagty» atly maslahat geçirildi. Onda ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan üstünlikler, ata-babalarymyzdan gelýän edim-gylymlary ýaşlara dogry düşündirmek, olary jemgyýetimiziň ähli ugurlary boýunça meýletinçilige çekmek, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň türkmen sportuny ösdürmekdäki alyp barýan işleri, sportuň, welosiped sürmegiň adam saglygyna ýetirýän peýdasy baradaky täsirli gürrüňlere giň orun berildi. Ýaşlary sporta höweslendirmekde dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.