"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Halkara hokkeý bäsleşigi

Şu gün — 15-nji aprelde gözel paýtagtymyz Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça halkara ýaryşy badalga aldy.  Hormatly Prezidentimiziň hokkeý boýunça halkara ýaryşa gatnaşyjylara Gutlagynda: «Eziz Diýarymyzyň sport taryhynda möhüm waka bolan bu ýaryşyň halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrmaga, Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de ornaşdyrmaga, hokkeý boýunça türgenleriň  ussatlyklaryny, tejribelerini artdyrmaga uly goşant goşjakdygyna  berk ynanýaryn» diýen sözleri bäsleşigiň uly ruhubelentlige beslenjekdigini aýan edýär. Bu bäsleşikde türkmen janköýerleri ýurdumyzyň birnäçe gezek çempiony bolan «Galkan» toparyna uly ynam bildirýärler.  Bu toparda ençeme bäsleşiklere gatnaşan tejribeli hokkeýçileriň bolmagy bellenilmäge mynasypdyr.

Ýaş boksçynyň ýeňişleri

Ähli ulgamlar bilen bir hatarda, sportda gazanylýan üstünlikler hem biziň her birimiziň kalbymyzy joşdurýar. Ýeňşi sanardan has kän bolan şeýle türgenleriň içinde mekdep okuwçylary-da köp. Bu bolsa ýaş nesillerimiziň ýokary derejede bilim almagy, sungatyň we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin döredilýän şertleriň, mümkinçilikleriň berýän miwesidir. Ýurdumyzda sporty ösdürmeklige, has-da kämilleşdirmeklige berilýän üns-aladanyň netijesinde ýaşajyk oglan-gyzlar sport zallaryna, ýörite türgenleşiklere gatnap, ussat türgenlerden tälim alýarlar. Ine, şeýle ýaş türgenleriň biri-de boksçy jigimiz Mekan Sabyrowdyr. Ol Aşgabat şäherindäki 82-nji orta mekdebiň 11-nji synpynda okaýar. Okuwyndan daşary Olimpiýa şäherçesiniň boks boýunça türgenleşik zalyna gatnaýar. Ýaş türgende boksa bolan gyzyklanma on ýaşlaryndaka başlady. Onuň bu ugra höwesiniň bardygyny aňan kakasy ony 3-nji synpda okaýan wagtlary Köpetdag stadionynyň boks boýunça ýörite zalyna gatnatmaga başlady. Şeýlelikde, sportuň bu görnüşine bolan söýgi ony türgenleşik zallaryna, yzygiderli türgenleşikler, özüne bolan ynamy bolsa ýeňişlere ýetirdi. Şol gazanylan üstünlikleriň käbiriniň üstünde durup geçeliň.

Paýhas oýnunyň ýaşajyk ýyldyzy

Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň ýöriteleşdirilen Küşt we şaşka mekdebi ökde, ussat küştçüleriň ilkinji mekdebi hasaplanylýar. Bu mekdepde okan küştçüleriň, okaýan okuwçylaryň ençemesi özleriniň zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny dürli ýaryşlarda görkezmegi başardylar. Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň zehinli okuwçysy Merýem Agajanowa Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy. Ol dokuz ýaşyndan bäri küşt we şaşka mekdebine gatnap, sportuň bu görnüşini özleşdirmäge çalyşýar. Ol başlangyç synplarda okaýarka, synpdaş gyzjagazlarynyň arasynda küşt bilen içgin gyzyklanýanlary bardy. Olar küşt oýnunyň käbir göçümleri, düzgünleri barada aýdyp berýärdiler. Şonda Merýemde küşt oýnuny has içgin öwrenmek, doly özleşdirmek, bu ugurda ussatlyga ýetmek arzuwy döredi. Şol arzuw ony küşt we şaşka mekdebine getirdi. Onuň ilkinji tälimçisi Saodat Açylowa, şeýle hem Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, sport ussady, Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) hünärmeni we emini Serdar Annaberdiýew. Ussat tälimçilerden tälim alýan Merýem jigimiz şu ýylyň 4-nji martyndan 17-nji marty aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilen aýal-gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň ýokary ligasynda küştüň nusgawy görnüşi boýunça 1-nji orny eýeläp, Türkmenistanyň çempiony boldy. Ol bu ýaryşda oňat netijeleri görkezmek bilen, sport ussady derejesine eýe bol

Sport. Sport. Sport.

Türgenler ezberligini görkezdiler Golaýda welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň guramagynda Mary şäherindäki köpugurly sport toplumda sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça welaýatyň kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi. Ýaryşa welaýatymyzyň sport mekdepleriniň türgenleri gatnaşdylar.

Türkmenistan — sport ýurdy

«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýe we spor­ty ös­dür­mek­de uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Mu­nuň aý­dyň my­sa­ly hök­mün­de ýet­gin­jek tür­gen­le­riň ara­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni wa­gyz et­mek mak­sa­dy bi­len ge­çi­ril­ýän du­şu­şyk­la­ry gör­kez­mek bo­lar. Şeý­le du­şu­şyk­la­ryň bi­ri Te­jen et­rap be­den­ter­bi­ýe we sport bö­lü­mi­niň gu­ra­ma­gyn­da Te­jen şä­he­rin­dä­ki sport mek­de­bin­de ge­çi­ril­di. Wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gyn­da ýaş tür­gen­le­ri­mi­ze be­den­ter­bi­ýäniň we spor­tuň yn­sa­nyň fi­zi­ki taý­dan ukyp-ba­şar­ny­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak­da, ça­ga­nyň ça­la­syn­ly­gy­ny, çe­ýe­li­gi­ni ös­dür­mek­de ber­ýän tä­si­ri ha­kyn­da gür­rüň be­ril­di. Sport ada­myň di­ňe bir fi­zi­ki taý­dan däl, eý­sem onuň edep­li we ter­bi­ýe­li bo­lup ýe­tiş­me­gin­e hem oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Bu ba­bat­da my­sa­llar ar­ka­ly ber­ki­di­lip edi­len gür­rüň­deş­lik du­şu­şy­ga gat­na­şan ýaş­lar­da uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di.

«Olimp» orta sport mekdebi — bäsleşigiň ýeňijisi

«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024 «Ýo­ka­ry sport­da Türk­me­nis­ta­ny dün­ýä ta­nat­mak me­niň esa­sy mak­sat­la­ry­myň bi­ri­dir» diý­ýän Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­sy bi­len, ýur­du­myz­da gel­jek­ki olim­pi­ýa­çy tür­gen­le­ri taý­ýar­la­mak ba­bat­da ýo­ka­ry dep­gin­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat mer­kez­le­ri­miz­de ýaş olim­pi­ýa­çy­la­ry taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça ýö­ri­te or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri he­re­ket ed­ýär.

Hokkeý boýunça halkara ýaryşa bagyşlanan mediaforum geçirildi

Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň "Sport" myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda türkmen paýtagtynda geçirilýän şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşa bagyşlanan mediaforum boldy. Bu barada TDH habar berýär. Bellenilişi ýaly, mediaforuma Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň hokkeý federasiýalarynyň ýolbaşçylary, ýaryşa gatnaşýan toparlaryň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýazky at çapyşyk möwsümine badalga

Düýn Mary atçylyk sport toplumynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýazky at çapyşyk möwsümine badalga berildi. Dabara welaýat, etrap, şäher häkimlikleriniň ýolbaşçy düzümleri, halk maslahatlarynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýaşuly nesliň wekilleri, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen halypa we ýaş atşynaslar, bagtyýar ýaşaýjylar, talyplar uly ruhubelentlikde gatnaşdylar.

Türkmen sportunyň rowaç gadamlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda giň sport hyzmatdaşlygyny alyp barýan Türkmenistan sport arkaly halklary parahatçylyga, agzybirlige, ösüşe çagyrýar. Diýarymyzda häzirki wagtda sportuň dürli görnüşleri uly üstünliklere eýe bolup, olar bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany barha artýar. Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny mundan beýläk-de belende götermek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 15 — 20-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçirmek hakynda Karara gol çekmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Diýarymyzyň dünýä derejesinde sport abraýynyň has-da belende galýandygynyň nobatdaky güwäsidir. Türkmenistanyň, Belarus, Türkiýe, Gazagystan, Gyrgyz, Özbegistan Respublikalarynyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň, Oman Patyşalygynyň, Bahreýn Patyşalygynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň öňdebaryjy hokkeý toparlarynyň gatnaşmagynda şu gün badalga alýan bu halkara sport ýaryşy Watanymyzyň syýahatçylygyny ösdürmekde we mahabatlandyrmakda hem uly ähmiýete eýe bolar.

“Galkandan” tamamyz uly

Şu günler paýtagtymyzda sport ruhy höküm sürýär. 15 — 20-nji aprel aralygynda hokkeý boýunça halkara ýaryş geçirilýän ak şäherimizde dünýäniň on ýurdundan gelen türgenler buzdaky sportuň bu görnüşi boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezerler. Biz — sport janköýerleri ozal teleýaýlymda synlaýan buz üstündäki oýunlarymyza ýakyndan tomaşa etmäge mümkinçilik alarys. Has dogrusy, biz bu ýaryşda ýurdumyza wekilçilik edýän «Galkan» toparyna janköýerlik ederis. Hokkeý boýunça birnäçe gezek Türkmenistanyň çempiony bolmagy başaran «Galkan» topary öz janköýerlerine mynasyp oýny sowgat eder diýip ynamly aýdyp bileris. Şu güne çenli Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysynyň esasy oýunçylarynyň «Galkan» toparyndan düzülendigi aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. Şonuň üçin ýaryşda bu topardan uly netijelere garaşýarys. Onuň düzüminde ençeme ýyl bäri çykyş edip gelýän hokkeýçiler bar. Olar halkara derejede geçirilen birnäçe ýaryşa, okuw-türgenleşiklere gatnaşdylar. Bu bolsa olaryň gowy tejribe toplamaklaryna şert döretdi.

ÝÇL: Çärýek finalyň deslapky oýunlary dartgynly geçdi

Ýewropa çempionlar ligasynyň 9-10-njy aprelde geçirilen çärýek final tapgyrynyň deslapky oýunlary bu möwsümde çempionlyk üçin göreşiň has ýiti geçjekdigini görkezdi. Çärýek finalyň deslapky oýunlarynyň ählisi dartgynly ýagdaýda geçdi. Şonuň üçin hem, hiç bir jübütde indiki tapgyryň meselesi barada heniz kesgitli zat aýdyp bolanok. 4 oýunda derwezelerden 18 goluň geçirilmegi tapgyryň deslapky oýunlarynyň gyzgalaňly bolandygyny tassyklaýar. Geçen hepdäniň sişenbe agşamynda geçirilen oýunda «Mançester Siti» Madridde «Realyň» myhmany bolup, 3:3 hasabynda deň oýnady. Oýunda ýer eýeleriniň gollaryna Rodrigo we Federike Walwerde awtorlyk etdi, ýene bir gol awtogol hökmünde Ruben Diaşyň adyna ýazyldy. Myhmanlardan bolsa Bernardu Silwa, Fil Foden we Ýoşko Gwardiol tapawutlandy.

Agyr atletikaçylarymyzyň agramly üstünligi

Türkmenistanly agyr atletikaçylar Taýlandyň Phuket şäherinde geçirilen Dünýä kubogynda üstünlikli çykyş etdiler. Aýratyn bellenilmeli ýagdaý, bu ýaryş Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýollanma berendigi bilen has-da ähmiýetlidir. Şeýle abraýly ýaryşda türkmenistanly türgen Maksat Meredow 81 kilograma çenli agram derejede 3 sany kümüş medalyň eýesi boldy.

Türkmen pälwany Döwletjan «PFL 2» ýaryşynda sloweniýaly Nedony tehniki nokaut bilen ýeňdi

12-nji aprelden 13-nji aprele geçilýän gijede ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde «PFL-iň» 2024-nji ýyldaky adaty möwsüminiň ikinji ýaryşy geçirildi. «The Theater at Virgin Hotels» arenasynda geçirilen tutluşyklarda «Bellatordan» «PFL-e» geçen türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow sloweniýaly Jeýkob Nedony ýeňdi.

Şu gün Aşgabatda halkara hokkeý ýaryşy badalga alar

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda halkara hokkeý ýaryşy başlanar. Oňa 10 döwletden 10 sany hokkeý topary gatnaşýar. Olar Türkmenistanyň «Galkan», Özbegistan Respublikasynyň «Feniks», Oman Soltanlygynyň «Oman Khanjars», Bahreýn Patyşalygynyň «Bahreýn», Gazagystan Respublikasynyň «Akmola», Türkiýe Respublikasynyň «Gümüş Patenler», Gyrgyz Respublikasynyň «Dordoý», Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Orhis-Kazan», Eýran Yslam Respublikasynyň «Ice Box» we Belarus Respublikasynyň «Wolat» hokkeý toparlarydyr. Ýaryşda toparlar 2 toparça bölünip, özara güýç synanyşarlar. Toparçalaýyn tapgyrda oýunlar aýlaw görnüşinde geçirilip, 1 aýlawdan ybarat bolar.  Toparçanyň ýeňijisi finalda çempionlyk üçin oýnamaga hukuk gazansa, ikinji ornuň eýeleri bürünç medal üçin göreşerler.

Aşgabatda halkara hokkeý ýaryşy

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzda sportuň ösdürilmegine uly ähmiýet berlip, halkara derejesindäki ýaryşlar geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen geçirilýän halkara sport çäreleri, ýaryşlar ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belent derejelere eýe edýär. Elbetde, sport diňe bir sagdynlyk däl-de, eýsem, halklaryň arasyndaky dost-doganlykdyr. Şonuň üçin hem geçirilýän halkara sport ýaryşlary dost-doganlygy has-da berkidip, ynsan kalbynda ýakymly täsirleri galdyrýar. Ynha, Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryşynyň geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu ýaryş gyzykly we çekeleşikli duşuşyklara, oýunlara örän baý bolar. Çünki Aşgabatdaky hokkeý baýramçylygyna 10 ýurtdan 10 topar gatnaşýar. Öň metbugatda habar berlişi ýaly, halkara ýaryşda «Galkan», «Feniks», «Oman Khan jars», «Bahreýn» we «Ice Box» toparlary «A» toparçany, «Akmola», «Gümüş Patenler», «Dordoý», «OrhisKazan» we «Wolat» toparlary bolsa «B» toparçany emele getirer. Bu toparlaryň her biri üstünlikli çykyş etmek we ýokary netijeleri gazanmak üçin gyzykly oýunlary görkezerler, janköýerlere, sport muşdaklaryna ajaýyp pursatlary bagyş ederler.

Paralimpiýaçy türgenler sylaglandy

«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň «Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty» sport top­lu­myn­da ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, çempion bolan tür­gen­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Ola­ra Gah­ry­man Arkadagy­my­zyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyn­dan sow­gat­lar, şeý­le-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly ki­ta­by gow­şu­ryl­dy.

Sagdyn nesil — ruhubelent nesil

«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024 Be­dew ba­dy bi­len öňe bar­ýan Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Di­ýa­ry­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si bi­len her gü­nü­miz şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Dur­mu­şyň esa­sy ugur­la­ry sag­dyn dur­muş bi­len bag­la­nyş­dy­ryl­ýar. Ýurt­da al­nyp ba­ryl­ýan döw­let äh­mi­ýet­li iş­le­riň baş tag­ly­ma­ty hök­mün­de sag­dyn­lyk, bag­ty­ýar­lyk we dost­luk dur­mu­şa geç­ýän mak­sat­na­ma­lar­da hal­kyň gyz­gyn gol­da­wy bi­len ama­la aşyry­lýar. 2024-nji ýy­lyň ap­rel aýy­nyň tu­tuş do­wa­myn­da ge­çi­ril­ýän dür­li gör­nüş­li sport ýa­ryş­la­ry, yl­my-ama­ly mas­la­hat­lar we ser­gi ýur­du­myz­da yn­san sag­ly­gy­nyň ala­da­sy­nyň edil­ýän­di­gin­den, be­den­ter­bi­ýä we spor­ta aý­ra­tyn hor­mat go­ýul­ýan­dy­gyn­dan ny­şan­dyr.

Halkara bäsleşik badalga aldy

«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024 Spor­t bilen be­den­ter­bi­ýä aý­ra­tyn üns be­ril­ýän ýur­du­myz­da spor­tuň to­mus­ky gör­nüş­le­ri bi­len bir ha­tar­da gyş­ky gör­nüş­le­ri­niň hem ýaş­la­ryň ara­syn­da giň­den ýaý­baň­lan­ma­gy­na oňyn şert­ler dö­re­dil­ýär. 15 — 20-nji ap­rel ara­ly­gyn­da paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ril­ýän Hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şy hem bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň öňe iler­le­me­gi­ne ýar­dam ber­jek no­bat­da­ky tap­gyr­dyr.

Hal­ka­ra hok­keý ýa­ry­şy­na 10 to­par gat­na­şar

«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024 15 — 20-nji ap­rel ara­ly­gyn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek Hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şyna 10 döw­let­den 10 to­par gat­na­şar. Olar Türk­me­nis­ta­nyň «Gal­kan», Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň «Fe­niks», Oman Sol­tan­ly­gy­nyň «Oman Khan­jars», Bah­reýn Pa­ty­şa­ly­gy­nyň «Bah­reýn», Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň «Ak­mo­la», Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň «Gü­müş Pa­ten­ler», Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň «Dor­doý», Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň «Or­his-Ka­zan», Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň «Ice Box» we Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň «Wo­lat» hok­keý to­par­la­ry­dyr.

Mö­hüm çä­rä ba­dal­ga

«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ri Gah­ry­man Arkadagymyzyň ba­şy­ny baş­la­ma­gyn­da, Ar­ka­dag­ly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň tä­ze üs­tün­lik­le­ri eýe­le­ýän aja­ýyp za­ma­ny­dyr. Şu gün paý­tag­ty­myz­da­ky Gyş­ky oýun­lar sport top­lu­myn­da ba­dal­ga al­jak Hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şy bu aý­dy­lan­la­ryň no­bat­da­ky aý­dyň be­ýa­ny­dyr.