"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Andreý MAKAROW: — «Galkan» bilen çempion bolmak isleýärin

Andreý Sergeýewiç Makarow Russiýa Federassiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde doglan 60 ýaşly hokkeý hünärmeni, ozalky hokkeýçi, häzirki tälimçi. Onuň sport ýoly Kazanyň dünýä meşhur «Ak Bars», Sankt-Peterburgyň «SKA», «Zwezda», «Tan», Nižnekamsk şäheriniň «Neftehimik», Şwesiýanyň «Troýa-Ýungbo» we «Antýarn» toparlary bilen bagly. 2000-nji ýylda tälimçilige başlan Andreý Sergeýewiç 16 ýyllap «Ak Bars» toparynyň hokkeý mekdebinde işledi. Şondan soň Kazanyň «Bars» we «Irbis» toparlaryna tälim berdi.

Aşgabat hokkeý muşdaklaryny garşylady

Ýurdumyzda dürli ýaryşlaryň, şol sanda halkara derejesindäki ýaryşlaryň geçirilmegi sport boýunça milli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz ösen sport ýurdy hökmünde tanalýar. Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen, olimpiýa hereketini, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmek meselesine uly üns berilýär. 15 ― 20-nji aprel aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryş hem diňe bir iri sport çäresi bolman, eýsem hokkeý muşdaklary üçin hakyky baýramçylyk bolar. Bu ýaryşy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekdi, guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi tassyklanyldy. Bu ýaryş üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan 200 meýletinçiniň taýýarlanylmagy ýaşlaryň halkara çärlerine işjeň, höwesjeň gatnaşýandyklarynyň görkezijisidir. Ýaryşa 10 döwletden 10 topar gatnaşyp, ähli duşuşyklar Gyşky oýunlar sport toplumynda geçiriler. Halkara ýaryşa ýurdumyzdan «Galkan» hokkeý topary wekilçilik edýär. Bu topar Türkmenistanyň sekiz gezek çempionydyr. «Galkan» hokkeý topary Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň garamagynda 2013-nji ýylda döredilip, ilkinji üstünliklerini eýýäm şol ýyl gazanyp başlady. Ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň düzüminiň agramly bölegini «Galkan» hokkeý toparynyň wekilleri emele getirýär. Ýaryşa ga

Sport — sagdynlygyň girewi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ýurt we dünýä derejesinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşmagyna giň mümkinçilikleriň döredilmegi has-da guwandyrýar. Bu ugurdaky tagallalar türgenlerimizi beýik üstünliklere ruhlandyryp, olara halkara derejelerdäki ýaryşlarda şowly çykyş etmäge we ata Watanymyzyň ýaşyl Tuguny belende galdyrmaga hyjuw berýär. Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenleriniň Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp sylaglanmagy buýsançly wakalaryň biri bolup, ildeşlerimizde gyzgyn goldaw tapdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu mynasybetli ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine Gutlagynda belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz diňe bir iri halkara sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşmak bilen çäklenmän, bu ýaryşlary geçirmäge-de mümkinçiligi bolan döwlet hasaplanýar. Geçen döwrüň içinde Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesinde köp sanly iri halkara ýaryşlaryň geçirilmegi Türkmenistanyň sport ýurduna öwrülendigine şaýatlyk etdi. Ginnesiň rekordlar kitabynda iki sany desgasy orun alan Olimpiýa şäherçesinde dürli desgalaryň 40-dan gowragy gurlup, olarda türkmen türgenleriniň türgenleşmekleri üçin hemme zerur şertler döredildi.

Aşgabatda sport baýramçylygy

Parahatçylygyň, dost-doganlygyň ilçisi, sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy bolan sporty ösdürmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan asylly syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen bina edilen 10 müň tomaşaçy orunlyk Gyşky oýunlar sport toplumynda 15 — 20-nji aprel aralygynda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryşyň ýiti bäsdeşlik bilen, ýokary ruhubelentlige beslenmegi Watanymyzyň halkara sport abraýyny artdyrýar. Myhmanlaryň garşy alnyşy we ýokary derejede geçirilen açylyş dabarasy Türkmenistanyň iri halkara ýaryşlary guramakda toplan baý tejribesini görkezýär.

Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş dowam edýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň halkara hyzmatdaşlygyndaky ornuny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Yzygiderli guralýan halkara ýaryşlar, sebitara sport-media forumlary, maslahatlar we sergiler ýurdumyzyň bu ugurda gazanan üstünliklerini hem-de mümkinçiliklerini şöhlelendirýär. Şeýle hem dünýä döwletleri bilen ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek hem-de ösdürmek boýunça döwletimizde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp baharynda, has takygy, 15-nji aprelde badalga alan şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryşa Ýewropanyň we Aziýanyň 10 ýurdundan toparlar gatnaşýar. Bu halkara ýaryşyň ýurdumyzda geçirilmegi Garaşsyz döwletimiziň sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem-de dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, ilkinji nobatda, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmaga ýakyndan ýardam berer.

Türkmenistanyň birinjiliginden ýeňiş bilen

Mary welaýatynda sportuň suwda ýüzmek görnüşi boýunça ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Şahsy we toparlaýyn görnüşlerde geçirilen bu ýaryşa biziň sport mekdebimiziň türgenleri hem gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezdiler. Oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda Sultan Rejepow 200, Rozgeldi Awlýakulyýew 100 metre brass görnüşinde ýüzmek boýunça birinjiligi gazandylar. Mekan Baýramow 100 metre brass görnüşinde ýüzmekde ikinji we 200 metre brass görnüşinde ýüzmekde bolsa üçünji orunlary eýeledi. Mergen Hezretkulyýew 50 metre brass görnüşinde ýüzmekde ikinji, 100 metre batterflýaý görnüşinde ýüzmekde bolsa üçünji orunlara mynasyp boldy. 100 metre brass görnüşinde ýüzmekde üçünji orny Yslam Hudaýberdiýew gazandy. Gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda Aýlara Akyýewa 200 metre toplumlaýyn ýüzmek boýunça üçünji orny eýeledi. Anastasiýa Miheýewa, Diana Aýdogdyýewa, Aýlara Akyýewa, Gülüstan Rejepowa bilelikde 4/100 metre erkin görnüşinde ýüzmekde üçünji orna mynasyp boldular.

Sport ýaryşy geçirildi

Sport mekdebimizde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli el pökgüsi boýunça ýaryş geçirildi. Oňa orta mekdepleriň okuwçylaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen duşuşyklaryň netijeleri boýunça Köýtendag etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň oglanlary iň ýokary netijeleri görkezip, birinji orna mynasyp boldular. 29-njy we 3-nji orta mekdepleriň toparlary bolsa degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýelediler. Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Küşt boýunça ýaryş geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdepde küşt boýunça ýaryş geçirildi. Oňa welaýat merkeziniň we Çärjew, Dänew etraplarynyň baýry küştçüleri bilen birlikde dürli kärlerde zähmet çekýän ildeşlerimiziň, tälimçilerdir türgenleriň 70-e golaýy gatnaşdy. Zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşyň netijeleri boýunça Gulmira Seýilhanowa, Mähri Agamyradowa, Jahan Rejepowa öňdäki orunlaryň eýeleri boldular. Erkekleriň arasynda geçirilen ýaryşlarda Ulugbek Matnazarow, Alihan Hakberdiýew, Maksat Myradow ýeňijiler diýlip yglan edildiler.

Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş badalga aldy

15-nji aprelde paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ýewropanyň we Aziýanyň 10 ýurdundan toparlar gatnaşýar. Ýaryşyň ähli duşuşyklarynyň geçiriljek ýeri bolan Gyşky oýunlar sport toplumynyň 10 müň orunlyk meýdançasynda ýaryşyň açylyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okalýar. Onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň pugtalandyrylmagy bilen bir hatarda, ussat türgenleri, tälimçileri we bu ugra degişli hünärmenleri taýýarlamak arkaly ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine, halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine hem uly üns berilýändigi bellenilýär.

Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş badalga aldy

15-nji aprelde paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ýewropanyň we Aziýanyň 10 ýurdundan toparlar gatnaşýar. Ýaryşyň ähli duşuşyklarynyň geçiriljek ýeri bolan Gyşky oýunlar sport toplumynyň 10 müň orunlyk meýdançasynda ýaryşyň açylyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okalýar. Onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň pugtalandyrylmagy bilen bir hatarda, ussat türgenleri, tälimçileri we bu ugra degişli hünärmenleri taýýarlamak arkaly ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine, halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine hem uly üns berilýändigi bellenilýär.

Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş badalga aldy

15-nji aprelde paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ýewropanyň we Aziýanyň 10 ýurdundan toparlar gatnaşýar. Ýaryşyň ähli duşuşyklarynyň geçiriljek ýeri bolan Gyşky oýunlar sport toplumynyň 10 müň orunlyk meýdançasynda ýaryşyň açylyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okalýar. Onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň pugtalandyrylmagy bilen bir hatarda, ussat türgenleri, tälimçileri we bu ugra degişli hünärmenleri taýýarlamak arkaly ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine, halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine hem uly üns berilýändigi bellenilýär.

Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş badalga aldy

15-nji aprelde paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ýewropanyň we Aziýanyň 10 ýurdundan toparlar gatnaşýar. Ýaryşyň ähli duşuşyklarynyň geçiriljek ýeri bolan Gyşky oýunlar sport toplumynyň 10 müň orunlyk meýdançasynda ýaryşyň açylyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okalýar. Onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň pugtalandyrylmagy bilen bir hatarda, ussat türgenleri, tälimçileri we bu ugra degişli hünärmenleri taýýarlamak arkaly ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine, halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine hem uly üns berilýändigi bellenilýär.

Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş badalga aldy

Aşgabat, 15-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ýewropanyň we Aziýanyň 10 ýurdundan toparlar gatnaşýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýalaryň netijesinde, türkmen sporty hil taýdan täze derejä çykaryldy. Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, ilkinji nobatda, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar.

Göni ýaýlymdaky täsirli teswirler

Şu günler paýtagtymyzda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryş dünýäniň sport jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Bagtyýar ildeşlerimiz bolsa bu ýaryşyň gyzykly duşuşyklaryna milli teleýaýlymlarymyzyň ikisi arkaly üç dildäki teswirleme bilen tomaşa etmäge mümkinçilik aldylar. «Türkmenistan: Sport» we «Ýaşlyk» teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda alnyp görkezilýän duşuşyklary üç dilde teswirlemäge tejribeli teswirleýjiler bilen bilelikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary hem gatnaşýarlar.

Ýaryşyň guramaçylygyna goşant

Merjen paýtagtymyzda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryş eýýäm ilkinji gününden ýokary guramaçylyk derejesine eýe boldy. Muny halkara sport baýramçylygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen myhmanlar hem nygtaýarlar. Bu babatda meýletinçi talyplar hem kesgitlenen ugurlaryň 14-si boýunça iş alyp barýarlar. Has takygy, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinden, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinden, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndan, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan saýlanyp alnan talyplaryň 200-si akkreditasiýa kartlaryny resmileşdirmek; protokol; sport ýygyndylary; lukmançylyk hyzmatlary; desgany dolandyrmak; maglumat tehnologiýalary; ýaýlyma bermek, media we metbugat; ýaryşyň açylyş, ýapylyş, sylaglaýyş dabaralary; iýmit üpjünçiligi; ulag hyzmatlary; myhmanlary garşy almak we ugratmak; myhmanlary ýerleşdirmek ýaly ugurlar boýunça degişli ýardamlary berýärler.

Güneşli Diýarymyzda gyşky oýnuň baýramy

Düýn — 15-nji aprelde Aşgabatda ýene bir sport baýramçylygyna — hokkeý boýunça halkara ýaryşa badalga berildi. Güneşli ülkämizde ajaýyp ýaz günlerinde geçirilýän sportuň gyşky görnüşi boýunça ýaryşda hokkeý boýunça Türkmenistanyň birnäçe gezek çempiony bolan «Galkan» dokuz ýurda wekilçilik edýän toparlar bilen güýç synanyşar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen bina edilip, 10 müň tomaşaça niýetlenen Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça iri halkara ýaryşyň geçirilmegi ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň ösüşine kuwwatly itergi bermekde, ildeşlerimizi, aýratyn-da, ýaşlary sporta we sagdyn durmuş ýörelgesine höweslendirmekde uly ähmiýete eýe bolar. Ýaryşdan öňki çäreler

Türkmen hokkeýi ösüş ýolunda

Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap sport düzümleri taryh üçin gysga döwürde ýurdumyzda gyşky sport oýunlarynyň iň meşhury hasaplanýan hokkeýiň ösmegine şert döretdi. 2015-nji ýylyň maýynda Türkmenistanyň Milli hokkeý federasiýasy Halkara hokkeý federasiýasynyň agzasy boldy. Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýygyndy topary gysga döwürde oňyn netijeleri gazanyp, dünýä çempionatynyň üçünji diwizionynyň «A» toparçasynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Şu ýylyň 10 — 16-njy marty aralygynda Gyrgyz Respublikasynda geçirilen ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Meksikanyň we Günorta Afrika Respublikasynyň toparlaryndan üstün çykyp, indiki ýyl hem üçünji diwizionyň «A» toparçasynda oýnamaga hukuk gazandy. Bu diwizionyň «A» toparçasynda ýeňiji bolan topar indiki ýyl ikinji diwizionyň «B» toparçasynda çykyş etmäge hukuk gazanýar. Şeýle gurluş kämilleşýän toparlara geljekki möwsümlerde has güýçli toparlar bilen güýç synanyşmaga mümkinçilik berýär. Her ýyl geçirilýän dünýä çempionatyna bolsa dünýäniň iň güýçli toparlarynyň 16-sy gatnaşýar.

Fijital — döwrüň täzeçilligi

Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligi innowasion tehnologiýalaryň ägirt uly ösüşini başdan geçirýär. Ylmyň, tehnikanyň iň soňky gazananlarynyň jemgyýetiň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli pudaklaryna ymykly ornaşmagy bilen häsiýetlendirilýän bu döwür sporta hem özüniň güýçli täsirini ýetirýär. Munuň özi diňe bir ýaryşlarda innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagynda ýüze çykman, eýsem, sportuň täze görnüşleriniň hem peýda bolmagyna getirýär. Olaryň arasynda iň tehnologiýalaşdyrylan sport görnüşi hökmünde fijital sportuny görkezmek bolar. Ýüze çykanyna kän wagt geçmedik bolsa-da, eýýäm dünýäniň ençeme ýurdy ony sport görnüşi hökmünde ykrar etdi. Munuň sebäbi fijital sportunyň muşdaklarynyň dünýä ýüzünde gitdigiçe artýanlygy bilen baglanyşyklydyr. Sportuň täze görnüşi Türkmenistanda hem ilkinji ädimlerini ädýär. Fijital sporty bilen meşgullanmak türgeniň diňe bir beden başarnyklarynyň kämil bolmagyny däl-de, onuň iň täze tehnologiýalardan oňat baş çykarmagyny hem talap edýär. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mekdep okuwçylarynyň arasynda «Hereketli we sanly sport — sportda innowasiýalar» atly fijital sporty boýunça ýaryşlaryň ýokary derejede geçirilmegine türkmen sportunyň geljegi üçin ähmiýetli waka hökmünde baha bersek, öte geçdigimiz bolmaz. Çünki sportuň bu görnüşini, kähalatlarda «geljegiň sporty» diýip hem a

Parahatçylygyň, dostlugyň we sportuň baýramy

Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryşa badalga berildi 15-nji aprelde paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Bu waka Aşgabadyň halkara sport merkezi hökmünde ykrar edilýändiginiň, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen strategiýanyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsidir.

Aşgabatda Hokkeý boýunça halkara ýaryşyna badalga berildi

Şu gün — 15-nji aprelde paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda Hokkeý boýunça halkara ýaryşyna badalga berildi. Halkara hokkeý ýaryşynyň açylyş dabarasy aýdym-saza beslendi. Mälim bolşy ýaly, ýaryşa 10 döwletiň — Bahreýn, Belarus, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Oman, Russiýa, Türkmenistan, Türkiýe we Özbegistan ýaly döwletleriň hokkeý toparlary gatnaşýarlar. Hokkeý boýunça geçirilýän halkara ýaryşy türgenleriň ussatlyklarynyň, tejribeleriniň artmagynda ägirt uly ähmiýetlidir.