"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Paýtagtyň sport durmuşyndan

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde 64 öýjükli şaşka we düzzüm boýunça oglan-gyzlaryň arasynda çalasyn oýnamak (rapid) boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçirildi. Ýaryşy Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi TDP-niň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde gurady. Şaşka boýunça ýaryş aýratynlykda dört toparçada geçirildi. Netijede birinji toparçada Kerimnur Gandymow, ikinji toparçada Jeren Batyrowa, üçünji toparçada Ýakupberdi Akyýew, 4-nji toparçada Täzegül Toýmyradowa ýeňiji boldular.

Dost-doganlygyň dabaralanmasy

Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýän bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen strategiýanyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 15-nji aprelde paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça halkara ýaryşyna badalga berildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly taryhy wakalara beslenýär. Bu ýylda hokkeý boýunça halkara ýaryşyň geçirilmegi hem ýurdumyzyň sport abraýyny has-da şöhratlandyrýar. Soňky döwürde ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Ýaş türkmenistanlylar bolsa sportuň hokkeý we figuralaýyn typmak görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanýarlar.

Watany ýürekden söýen akyldar

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy akyldar şahyra goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiz nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilini sarpalamak bilen: «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galan beýik akyldar şahyrdyr» diýip nygtaýar. Magtymguly Pyragy Watanymyzy, türkmeniň ajaýyp topragyny çyn ýürekden söýen şahyrdyr. Pyragy bu mukaddes düşünjäni oňa bolan baky ynanjy esasynda has beýiklige galdyrypdyr, şol duýgular esasynda ol özüniň ynançlaryny goşgy setirlerine siňdiripdir. Şahyryň Watan mukaddesligi, gymmaty hakyndaky pikirleri «Türkmeniň», «Türkmen binasy», «Gadryn näbilsin», «Gidiji bolma», «Terk eýleme bu mekany», «Gymmat ýagşydyr», « Ýetirmez hijran», «Ötgül Pyragy», «Zemine batar», «Pynhan eýlär» ýaly goşgularynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Futbol täzelikleri

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.Bu tapgyrda myhmançylykda çykyş eden «Arkadag» topary «Energetikden» 7:0 hasabynda üstün çykyp, toplan 18 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýelemegini dowam edýär. Oýun gününiň esasy duşuşyklarynyň birinde «Altyn Asyr» myhmançylykda «Köpetdagy» 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Mary şäherinde geçirilen duşuşykda «Merw» «Şagadamdan» 2:0 hasabynda üstün çykdy. Paýtagtymyzyň «Aşgabady» öz meýdanynda «Nebitçiden» 2:1 hasabynda asgyn geldi. Geçirilen duşuşyklardan soň «Altyn Asyr», «Ahal», «Şagadam» hem-de «Merw» toparlarynyň hersiniň 12 utuk toplandygyny bellemek gerek.

Hokkeý muşdaklarynyň şatlygy

Şu gün gözel paýtagtymyzda tamamlanjak hokkeý boýunça halkara ýaryş sport ýurduna öwrülýän Watanymyzyň iri sport baýramçylyklaryny geçirmekdäki mümkinçiliklerini görkezdi. Ýurdumyzyň «Galkan» hokkeý toparynyň bu ýaryşdaky ajaýyp netijeleri bolsa ýurdumyzda sportuň buzdaky görnüşleriniň, şol sanda hokkeýiň giňden ösdürilýändiginiň beýanyna öwrüldi.

Taryhda şu gün

Rus­si­ýa­ly ten­nis­çi Di­na­ra Sa­fi­na Ze­nan­lar ten­nis as­so­sia­si­ýa­sy­nyň (WTA) reý­tin­gin­de bi­rin­ji bas­gan­ça­ga geç­me­gi ba­şar­dy. Bu wa­ka 2009-njy ýy­lyň 20-nji ap­re­lin­de bo­lup geç­di. Şol ýyl WTA-nyň sa­na­wy­ny üçün­ji ha­tar­da baş­lan Sa­fi­na­nyň möw­sü­miň do­wa­myn­da Rim­de hem-de Mad­rid­de ge­çi­ri­len iri ýa­ryş­lar­da ýe­ňiş ga­za­nan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Ady­gan bas­ket­bol­çy Maýkl Jor­da­nyň Mil­li bas­ket­bol as­so­sia­si­ýa­syn­da go­ýan re­kor­dy hem şu gün bi­len se­ne­len­ýär.

Dostluk. Bäsdeşlik. Ýeňşe ynam

Mälim bolşy ýaly, 15-nji aprelde paýtagtymyzda dabaraly ýagdaýda badalga berlen hokkeý boýunça halkara ýaryş türkmen sportunyň şan-şöhratyny nobatdaky gezek äleme aýan etdi. Ata Watanymyzda sportuň buzda oýnalýan görnüşi boýunça halkara ýaryşyň geçirilmegi ýurdumyzyň sport ulgamynda uly öňegidişlikleri gazanýandygynyň, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sporta aýratyn ähmiýet berilýändiginiň ajaýyp beýanydyr.

Sport

Şäheriň birinjiligi ugrunda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýatymyzda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Daşoguz welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Baş bilim müdirliginiň, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz şäher bölüminiň we jemgyýetçilik guramalaryň bilelikde guramagynda şäheriň birinjiligi ugrunda oglanlaryň we gyzlaryň arasynda sportuň basketbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Daşoguz şäherindäki 29-njy orta mekdepde geçirilen bu ýaryşa şäherdäki orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar.

Ýaş pälwanlar güýç synanyşdylar

Sarahs etrabynyň sport mekdebiniň we orta mekdepleriniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda milli göreş boýunça ýaryş geçirildi. Sport mekdebinde geçen ýaryşda ýaş pälwanlar agram derejeleriniň altysy boýunça güýç synanyşdylar. Gyzykly tutluşyklaryň netijesinde 45 kilogram agram derejesinde Saparnyýaz Döwletow, 48 kilogram agram derejesinde Meretaly Begenjow, 52 kilogram agram derejesinde Daýanç Esenow, 57 kilogram agram derejesinde Atajan Saparow, 62 kilogram agram derejesinde Ýusup Meretalyýew, 68 kilogram agram derejesinde Umyt Annalyýew dagy I orna mynasyp boldular. Ýaryşyň ýeňijilerine etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň hormat hatlary gowşuryldy.

Sportda ösüş bar

Her bir ene-ata öz çagalarynyň syratly bolmagyny arzuw edýändir. Sport çaganyň boýuny ösdürýärmikä? Boýuň uzyn, synalaryň gujurly bolmagy üçin sportuň haýsy görnüşleri bilen meşgullanmaly? Bu ata-eneleriň içgin gyzyklanýan sowaly. Biz hem bilermenleriň pikirini öwrenip, käbir sport görnüşleri barada töwerekleýin gürrüň etmegi makul bildik. Geň ýeri: irden çaganyň boýy agşamkysyndan biraz uzynrak bolýar. Muny agşamky dynç alyşdan soň, biloňurganyň oňurga dokumalarynyň irden ýazylgan ýagdaýda bolup, agşama çenli biraz gysylýanlygy bilen düşündirilýär. Aratapawut, takmynan, 1 sm çemesi bolýar. Islendik çagany sporta berip, uzyn boýly edip ýetişdirip bolmaýandygyny turuwbaşdan bellemek zerur. Elbetde, bu ýerde nesil yzarlamak, sagdyn iýmitlenmek ýaly ýagdaýlara-da möhüm orun degişlidir. Şol bir wagtyň özünde, sportuň käbir görnüşleriniň beden synalaryny ep-esli gurplandyrýandygyny, özüňe, güýç-gaýratyňa hem ukyp-başarnygyňa bolan ynamy polat ýaly taplaýandygyny türgenler tassyklaýarlar.

«Mançester Siti» bir ädim öňe geçdi

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da çem­pi­on­lyk ug­run­da ýi­ti gö­reş do­wam edip, «Ar­se­nal­dyr» «Li­wer­pul» 33-nji tap­gyr­da öz meý­dan­ça­la­ryn­da ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. «Ar­se­nal» Lon­don­da «As­ton Wil­la­dan» soň­ky 6 mi­nut­da ge­çir­den 2 go­ly esa­syn­da 2–0 ha­sa­byn­da ýe­ňil­di. Gol­la­ry 84-nji mi­nut­da Beý­li, 87-nji mi­nut­da-da Wat­kins ge­çir­di. «Ar­se­nal» 2024-nji ýy­la ge­çip, çem­pio­nat­da il­kin­ji ge­zek ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. Top­çu­lar «As­ton Wil­la­dan» myh­man­çy­lyk­da-da utu­lyp­dy (1–0). «Li­wer­pul» hem öz meý­dan­ça­syn­da «Kris­tal Pa­las­dan» 1–0 as­gyn ge­lip, ýe­ke-täk go­ly 14-nji mi­nut­da Ebe­re­çi Eze der­we­zä gi­riz­di. Öz meý­dan­ça­syn­da «Lu­ton Tawn» to­pa­ry­ny 5–1 ha­sa­byn­da ýe­ňen «Man­çes­ter Si­ti» gar­şy­daş­la­ryn­dan 2 utuk öňe saý­la­nyp, sa­na­wyň 1-nji or­nu­na beý­gel­di. «Nýu­kas­lyň» «Tot­ten­ha­my» 4–0 ýe­ňen tap­gy­ryn­da «Çel­si» öz meý­dan­ça­syn­da «Ewer­to­nyň» der­we­ze­sin­den jo­gap­syz 6 gol ge­çir­di. Gol­la­ryň 4-si­ni 16 mi­nut­da het-trik eden Ko­ul Pal­mer öz ady­na ýaz­dyr­dy. Ol 13-nji, 18-nji, 29-njy hem-de 64-nji (p) mi­nut­lar­da ta­pa­wut­la­nyp, Frank Lam­pard­dan soň «Çel­si­de» bir oýun­da 4 gol ge­çi­ren il­kin­ji fut­bol­çy bol­dy. Onuň gol­la­ry­nyň sa­ny 20-ä ýe­tip, ol «Çel­si­de» bir möw­süm­de 20 gol ge­çi­ren 5-nji fut­bol­çy bol­dy (Lam­pard, Has­sel­baýnk, Drog­ba,

«Baýeriň» taryhy çempionlygy

Ger­ma­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da çem­pi­on wag­tyn­dan öň bel­li bol­dy. 29-njy tap­gy­ra çem­pi­on­lyk­dan 3 utuk uzak­da baş­lan «Ba­ýer» to­pa­ry öz meý­dan­ça­syn­da «Wer­de­riň» der­we­ze­sin­den gol ba­ry­ny ýag­dyr­dy. Bo­ni­feý­siň, Dža­ka­nyň gol­la­ry hem-de Wirt­siň het-tri­gi bi­len 5-0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan Le­wer­ku­zen şä­he­ri­niň «Ba­ýer» to­pa­ry möw­sü­miň ta­mam­lan­ma­gy­na 5 tap­gyr ga­lan­da, çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan et­di. Bu ýe­ňiş 1904-nji ýy­lyň 1-nji iýu­lyn­da esas­lan­dy­ry­lan klu­buň ta­ry­hyn­da­ky il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­dyr. Klub mun­dan ozal 5 ge­zek 2-nji ýe­ri eýe­läp­di (1997, 1999, 2000, 2002, 2011). 11 ýyl­dan bä­ri çem­pi­on­ly­gy özün­de sak­lap gel­ýän «Ba­wa­ri­ýa­nyň» bu üs­tün­li­gi­ni soň­lan­dy­ran «Ba­ýer» to­pa­ry «Bun­des­li­ga­da» çem­pi­on­lyk ga­za­nan 13-nji klub hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. 29-njy tap­gyr­da «Ba­wa­ri­ýa» «Köl­ni» 2-0, «Ştut­gart» «Aýnt­rah­ty» 3-0 ha­sap­lar bi­len ýeň­di. «Ştut­gart» to­pa­ryn­da Gi­ras­si 25-nji go­lu­ny ge­çi­rip, bu ugur­da klu­buň re­kor­dy­ny tä­ze­le­di. Ozal­ky re­kord bir möw­süm­de 24 ge­zek ta­pa­wut­la­nan Ma­rio Go­me­se de­giş­li­di. Iki at­daş to­par­la­ryň du­şu­şy­gyn­da «Bo­rus­si­ýa Dort­mund» myh­man­çy­lyk­da «Bo­rus­si­ýa M» to­pa­ry­ny Sa­bit­se­riň gol­la­ry bi­len 2-1 ha­sa­byn­da ýeň­di. «Le­ip­sig» bol­sa öz meý­dan­ça­syn­da «Wolfs­bur­gyň» der­we

«Li­wer­pu­lyň» ga­ra­şyl­ma­dyk ýeň­li­şi

UEFA Ýew­ro­pa Li­ga­syn­da çär­ýek fi­na­lyň 1-nji du­şu­şyk­la­ry­nyň iň ga­ra­şyl­ma­dyk ne­ti­je­si Ang­li­ýa­da ha­sa­ba alyn­dy. Ita­li­ýa­nyň «Ata­lan­ta» to­pa­ry «An­field» sta­dio­nyn­da güýç­li gar­şy­da­şy «Li­wer­pu­ly» 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Du­şu­şyk­da gol­la­ryň 2-si­ni 38-nji we 60-njy mi­nut­lar­da Jan­lu­ka Ska­mak­ka, beý­le­ki­si­ni-de 83-nji mi­nut­da Ma­rio Pa­şa­liç ge­çir­di. Mun­dan öňem Li­wer­pul şä­he­rin­de «Li­wer­pu­ly» 2–0, «Ewer­to­ny» hem 5–1 ýe­ňen «Ata­lan­ta» 34 oýun­dan soň Ýur­gen Klop­puň tä­lim ber­ýän klu­bu­ny «An­fi­eld» sta­dio­nyn­da ýeň­me­gi ba­şa­ran il­kin­ji to­par bol­dy. «Li­wer­pul» jo­gap du­şu­şy­gyn­da «Ata­lan­ta­dan» 5–1 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kyp­dy. Ita­li­ýa der­bi­sin­de «Mi­lan» öz meý­dan­ça­syn­da «Ro­ma­dan» 1–0 ha­sa­byn­da as­gyn ge­lip, ýe­ke-täk go­ly 17-nji mi­nut­da Jan­lu­ka Man­çi­ni ge­çir­di.

3 to­par­da çem­pi­on­lyk ga­za­nan il­kin­ji sü­rü­ji

Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň 3-nji ýa­ry­şy ABŞ-nyň Te­has şta­ty­nyň Os­tin şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. 5,5 ki­lo­metr­lik «Ame­ricas» tras­sa­syn­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­da «Ap­ri­lia Racing» to­pa­ry­nyň is­pan sü­rü­ji­si Ma­we­rik Win­ýa­les ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol 20 aý­la­wy 41 mi­nut 9,503 se­kunt­da ge­çip, möw­süm­dä­ki il­kin­ji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Bu onuň Mo­to GP kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça 10-njy ýeň­şi bo­lup, ol 3 dür­li to­par­da ýe­ňiş ga­za­nan il­kin­ji sü­rü­ji hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. 29 ýa­şyn­da­ky pi­lot 2016-njy ýyl­da «Su­zu­ki» bi­len 1, 2017-2021-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da-da «Ya­ma­ha» bi­len 8 «Gran Pri­de» ýe­ňi­ji bo­lup­dy. Ýa­ryş­da «Red Bull KTM» to­pa­ry­nyň 19 ýa­şyn­da­ky is­pan sü­rü­ji­si Ped­ro Akos­ta 2-nji ýe­ri eýe­läp, ol ýe­ňi­ji­den 1,728 se­kunt yza gal­dy. Mün­be­riň 3-nji bas­gan­ça­gy­na-da «Ducati Le­novo» to­pa­ry­nyň ital­ýan sü­rü­ji­si Enea Bas­tia­ni­ni çyk­dy. Ge­çi­ri­len 3 ýa­ryş­dan soň «Pri­ma Pra­mac» to­pa­ry­nyň is­pan sü­rü­ji­si Hor­ge Mar­tin 80 utuk bi­len sa­na­wyň ba­şy­ny çe­kip gel­ýär. Bas­tia­ni­ni­niň 59, Win­ýa­le­siň 56 utu­gy bar.

«Mas­ters» ýa­ry­şyn­da­ky 2-nji ku­bo­gy

Golf bo­ýun­ça 4 uly ýa­ry­şyň möw­süm­dä­ki il­kin­ji­si bo­lan «Mas­ters» bäs­le­şi­gi ABŞ-nyň Jor­jia şta­tyn­da ge­çi­ril­di. 88-nji ge­zek ge­çi­ri­len «Mas­ters» ýa­ry­şyn­da ame­ri­ka­ly Skot­ti Şeff­ler 277 utuk top­lap, 2022-nji ýyl­dan soň 2-nji ge­zek çem­pi­on­lyk ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. 20 mil­li­on dol­lar baý­rak gaz­na­sy bo­lan ýa­ryş­da Şeff­le­re ýe­ňi­ji hök­mün­de 3,6 mil­li­on do­lalr ber­ler. Ýa­ryş­da 2-nji ýe­ri şwe­si­ýa­ly Lud­wid Aberg eýe­läp, ol 2,16 mil­li­on dol­lar­lyk pul sy­la­gy­ny alar.

Hepdäniň esasy duşuşyklary

19-njy ap­rel (an­na) Je­noa – La­sio (21:30)

NBA-nyň ýyldyzlary Pariž 2024-e gatnaşar

Ýe­ne-de 3 aý gow­rak wagt­dan baş­lan­jak Pa­riž 2024 to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­naş­jak ABŞ-nyň bas­ket­bol ýy­gyn­dy (er­kek­ler) to­pa­ry bel­li bol­dy. Su­per ýyl­dyz LeB­ron Jeým­siň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Pa­riž­dä­ki bas­ket­bol du­şu­şyk­la­ry­na NBA-nyň meş­hur bas­ket­bol­çy­la­ry gat­na­şar­lar. NBA-nyň su­per ýyl­dyz­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän ýy­gyn­da LeB­ron Jeýms, An­to­ni De­wis («Los An­je­les Leý­kers»), Bam Ade­ba­ýo («Ma­ýa­mi Hit»), Ke­win Du­rant, De­win Bu­ker («Fi­niks Sans»), Ste­fen Kör­ri («Gol­den Steýt War­riors»), An­to­ni Ed­wards («Min­ne­so­ta Tim­ber­wol­wes»), Jo­el Em­bi­id («Fi­la­del­fia 76ers»), Taý­riz Ha­li­ber­ton («In­dia­na Peý­sers»), Jrue Ho­li­deý, Jaý­son Ta­tum («Bos­ton Sel­tiks»), Kaw­hi Leo­nard («Los An­ge­les Klip­pers») da­gy ça­gy­ryl­dy. Tä­lim­çi Grant Hil­liň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ABŞ-nyň bas­ket­bol ýy­gyn­dy­sy bas­syr 5-nji çem­pi­on­ly­gy­na ym­tyl­ýar.

«Al Hi­la­lyň» ýe­ňiş­li ýö­ri­şi ta­mam­lan­dy

AFK Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da ýa­rym fi­na­lyň 1-nji du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ril­di. BAE-niň «Al-Ain» to­pa­ry bi­len Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň «Al Hi­lal» to­pa­ry­nyň ara­syn­da­ky du­şu­şyk­da ýer eýe­le­ri ýe­ňiş ga­zan­dy. 4–2 ha­sa­byn­da ýeň­şi­ni baý­ram eden Her­nan Kres­po­nyň şä­girt­le­ri­niň gol­la­ry­nyň 3-si­ni Su­fia­n Ra­hi­mi ge­çir­di. Ol 6-njy, 26-njy (p) hem-de 38-nji (p) mi­nut­lar­da ta­pa­wut­lan­dy. 4 goluň 3-sini penaltiden salan «Al-Ain» to­pa­ry­nyň beý­le­ki go­lu­ny-da 56-njy mi­nut­da (p) Ka­ku geçiridi. «Al Hi­la­lyň» gol­la­ry­ny Mal­kom (49) bi­len Al-Daw­sa­ri (78) ge­çir­di. Şun­luk­da, «Al Hi­lal» to­pa­ry­nyň yz­ly-yzy­na 34 oýun­dan bä­ri ýe­ňiş ga­za­nyp gel­ýän re­kor­dy ta­mam­lan­dy. Soň­ky ge­zek sent­ýabr aýyn­da ýe­ňiş ga­za­nyp bil­me­dik «Al Hi­lal» şon­dan bä­ri yz­ly-yzy­na 34 du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­za­nyp, dün­ýä re­ko­rdy­ny go­ýup­dy. Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň «Ul­san HD» to­pa­ry bi­len Ýa­po­ni­ýa­nyň «Ýo­ko­ha­ma F. Ma­ri­nos» to­pa­ry­nyň ara­syn­da­ky oýun­da ýer eýe­le­ri 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Ýe­ke-täk go­ly 19-njy mi­nut­da Li Don-gýeon ge­çir­di.

«Galkan» — finalda!

Şu günler ýurdumyzyň «Galkan» hokkeý topary paýtagtymyzda geçirilýän halkara ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryndan üstünlikli geçip, adyny final duşuşygyna ýazdyran ilkinji topar boldy. Ýaryşdaky dört duşuşygynda-da ýeňiş gazanan «Galkan» indi «B» toparçadan geljek garşydaşyna garaşar. Düýn geçirilen 4-nji tapgyryň duşuşygynda «Galkan» «A» toparçadaky esasy bäsdeşini — «Feniksi» (Özbegistan Respublikasy) 9:1 hasabynda ýeňip, bassyr dördünji duşuşygyny hem uly hasapda gazanylan ýeňiş bilen tamamlady. Duşuşykda bäş şaýba geçiren Perhat Atekäýew bolsa şu ýaryşda iň köp tapawutlanan hokkeýçileriň sanawynda birinji orna göterildi. Indi onuň hasabynda 9 şaýba bar. Duşuşykda «Galkanyň» galan dört şaýbasynyň ikisini Erkin Kakabaýew, galan ikisini bolsa Baýmyrat Baýmyradow bilen Muhammetýar Nuryýew geçirdi. Özbek toparyndan diňe Daniel Kogan bir gezek tapawutlanyp bildi.

Gyşky oýunlaryň bahar joşguny

Söýgi, üns-alada islendik zada ösüş, gülleýiş bagyş edýär. Üns bilen gurşalan gülüň beýleki güllerden ösüş babatda-da, görklülik tarapdan-da tapawutlanýandygyny ylmy barlaglar arkaly alymlaryň subut edendikleri hiç kim üçin-de täzelik däldir. Bu pikiri dürli ugurlara berilýän üns babatda-da aýdyp bolar. Ine, ýurdumyzda soňky ýyllarda sporta berilýän ünsüň barha ýokarlanmagy netijesinde ýaşlarymyzyň dünýä derejesindäki ýaryşlarda gazanýan ajaýyp ýeňişleriniň sany barha artýar. Bu günki gün ýurdumyz sportuň gyşky görnüşleriniň hem mekanyna öwrülýär. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde sportuň hokkeý we figuralaýyn typmak görnüşleri ýaş türkmenistanlylaryň durmuşyna ymykly ornaşdy. 2017-nji ýylda ýurdumyzyň milli hokkeý ýygyndy topary Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde geçirilen VIII gyşky Aziýa oýunlarynyň maksatnamasynyň çäklerindäki ikinji diwizionyň ýaryşynda altyn medaly gazandy. Şondan soňky ýyl Saraýewoda geçirilen saýlama ýaryşda ýeňiş gazanmagy bilen türkmen hokkeýçileri üçünji diwizionyň arasyndaky dünýä çempionatlaryna yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolup gelýärler. Şeýle üstünlikleri ýetginjek hokkeýçilerimiziň hem gazanýandygy ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň geljeginiň uludygyny görkezýär.