"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Futbol ýaryşy

Babadaýhan etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň sport meýdançasynda «Altyn top» atly futbol ýaryşynyň etrap tapgyry geçirildi. «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki meýilnamasynyň çäginde geçirilen ýaryşa etrapdaky orta mekdeplerden toparlar gatnaşdy. Ýurdumyzda ýaş nesliň ruhy-ahlak taýdan sagdyn, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly bolmagy, sagdyn durmuş kadalaryna eýermegi, sport bilen meşgullanmagy ugrunda edilýän tagallalardan ugur alnyp, ýaşlaryň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak, futbol boýunça güýçli toparlary ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryş uly gyzyklanma döretdi.

Welaýatyň çempionaty geçirildi

Türkmenabat şäheriniň köpugurly sport toplumynda ýeňil atletika boýunça welaýatyň çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherinden we Saýat, Dänew, Çärjew, Halaç, Köýtendag etraplaryndan oglan-gyzlaryň 100-den gowragy gatnaşdy. Türgenler bellenilen 100, 200, 400, 800, 1500 metr, 3 we 5 kilometr aralyklara ylgamak, 110 we 400 metr aralykda päsgelçiliklerden geçmek, uzynlygyna bökmek, disk we naýza zyňmak boýunça ýaryşdylar. Şeýle-de 4x100 we 4x400 metr aralyklara estafeta ylgawy hem guraldy. Çekeleşikli häsiýete eýe bolan ýaryşyň umumy netijelerine görä, welaýat merkeziniň topary birinji orna mynasyp boldy. Türgenler Jemal Çopanowa, Diana Baýazitowa, Atajan Bagyýew, Walentina Lawrenýun toparyň bu üstünligine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşdular. Olary ýaryşa tälimçiler Swetlana Pessowa bilen Eldar Hojaýew taýýarladylar.

Sport — sagdynlygyň gözbaşy

Ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak maksady bilen mekdep okuwçylarynyň, edara-guramalaryň işgärleriniň, harby gullukçylaryň gatnaşmaklarynda etrabymyzdaky 3-nji sport mekdebinde «Sport — sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy» atly köpçülikleýin sport çärelerini we bäsleşikleri guradyk. Sport çäreleri tälimçileriň sport ulgamynda ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak, ýaşlaryň sport ussatlyklaryny ýüze çykarmak ugrunda alnyp barylýan işleriň ähmiýetine bagyşlanan çykyşlary bilen başlandy. Şeýle-de çykyşlarda şu günler giň gerime eýe bolýan sport çäreleriniň we ýaryşlaryň netijeli taraplaryna aýratyn üns çekildi. Soňra etrabyň sport mekdepleriniň toparlarynyň arasynda woleýbol, kiçi futbol, badminton, göreş boýunça ýaryşlar guraldy we ýeňijiler yglan edildi. Sport mekdebiniň türgenleriniň görkezme çykyşlary ildeşlerimize uly ruhubelentlik paýlady.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli

Baýramçylyk at çapyşygy Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde tutýan Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen baýramçylygyň toý dabaralarynyň toý tutumy bedew janköýerleriniň ahalteke atlaryna bolan buýsançlaryny dünýä ýaýdy.

Sport

Çekeleşikli geçen ýaryş Golaýda Wekilbazar etrabynyň 1-nji sport mekdebinde sportuň grek-rim görnüşi boýunça etrabyň açyk birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Ýaryş 2013 — 2014-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda bolup, türgenler 23-26-29-32-35-38-42-47-52-62 we ondan ýokary agramlarda çykyş edip, olar özleriniň ukyp-başarnyklaryny ussatlyk bilen görkezdiler. Ýaryşda emin agzalarynyň adalatly baha bermeginde ýeňijiler belli boldy.

Çekeleşikli geçen ýaryş

Tejen etrabyndaky 42-nji orta mekdebiň sport meýdançasynda “Altyn top” atly futbol ýaryşynyň etrap tapgyry geçirildi. Umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasyndaky bu ýaryşy “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de etrap bilim bölümi bilelikde gurady. Ýaryşa etrapdaky orta mekdeplerden toparlar gatnaşyp, öz aralarynda bäsleşdiler. Gyzykly duşuşyklara baý bolan ýaryşyň netijesinde etrapdaky 36-njy orta mekdebiň topary birinji, 31-nji orta mekdebiň topary ikinji, 37-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldular hem-de hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 Şu gün ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi. Şanly senäniň hormatyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy.

Ýewro — 2024-de jürlewük çalanlar näçe gazanar?

Şu ýylyň tomsunda geçiriljek futbol boýunça Ýewropa çempionatynda işlejek eminleriň gutarnykly sanawy yglan edildi. Oňa laýyklykda, yklym ýaryşynda Ýewropa ýurtlaryndan 18 we Argentinadan 1 emin jürlewük çalar. UEFA eminleriň sanawyny yglan etmek bilen bir hatarda olaryň her bir oýun üçin aljak haklaryny hem mälim etdi. Şeýlelikde, baş eminler toparçalaýyn tapgyrda jürlewük çalan her bir oýny üçin 5 müň ýewro, kömekçi we dördünji eminler 2,5 müň ýewro, VAR-daky eminler bolsa 3 müň ýewro gazanarlar. Pleý-off tapgyrynyň her bir oýny üçin baş emine 10 müň ýewro, kömekçi, dördünji we VAR-daky eminlere bolsa 5 müň ýewro tölener.

Bedenterbiýe we sport ugurly internet olimpiadasy geçirildi

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty innowasion tehnologiýalar arkaly bedenterbiýäni we sporty ylmy esasda öwrenmek boýunça Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda internet olimpiadasyny gurady. Bu barada «www.tdbsi.edu.tm» resmi web-saýty arkaly habar berilýär.

Sport ― ag­zy­bir­li­ge gur­lan köp­ri

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 Paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ri­len Hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şy Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň sport döw­le­ti­ne üs­tün­lik­li öw­rül­ýän­li­gi­ni aýan ed­ýän şan­ly wa­ka­la­ryň bi­ri bol­dy. Biz bu mö­hüm hal­ka­ra çä­re­si my­na­sy­bet­li paý­tag­ty­myz­da bo­lan myh­man­la­ryň bir­nä­çe­si bi­len gür­rüň­deş bol­duk. Şolaryň biri Öz­be­gis­ta­nyň Hok­keý fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň di­rek­to­ry El­bek Mahmudow.

Kik­bok­sin­giň dö­re­ýiş ta­ry­hy

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 Kik­bok­sing ba­şa-baş gö­re­şiň bir gör­nü­şi ha­sap edil­ýär. Ol il­kin­ji ge­zek 1900-nji ýyl­da dö­räp­dir.

Türkmenistan — Sport ýurdy

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 25 — 29-njy ap­rel ara­ly­gyn­da Dur­res şä­he­rin­de (Al­ba­ni­ýa Res­pub­li­ka­sy) küş­tüň çalt (ra­pid) we ça­la­syn (blitz) oý­nal­ýan gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça 8, 10 we 12 ýa­şa çen­li ça­ga­la­ryň ara­syn­da dün­ýä çem­pio­na­ty ge­çi­ril­di. Bu ab­raý­ly ýa­ry­şa ady ag­za­lan ýaş­da­ky ýa­şa­jyk tür­gen­le­ri­miz­den yba­rat mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­myz hem gat­naş­dy.

Sportuň suwda oýnalýan görnüşleri

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 Dün­ýä­de sportuň suwda oýnalýan birnäçe gör­nü­şleri bar­dyr. Olar­dan ga­ýyk­da ýüz­mek, suw­da ýüz­mek, ka­noe ga­ýy­gyn­da ýüz­mek ýa­ly bir­nä­çe gy­zyk­ly suw sport­la­ry­ny my­sal ge­ti­rmek bo­lar. Şeý­le-de, bi­ziň döw­le­ti­miz­de esa­sy ýör­gün­li suw sport­la­ry­nyň bi­ri suw­da ýüz­mek­dir. Suw­da ýüz­mek spor­tu­na ýaş­la­ry uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär­ler. Türk­men tür­gen­le­ri­miz suw­da ýüz­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­na gat­na­şyp, ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny go­ra­ýar­lar.

Uçar ganatly buýsanjymyz

26-njy aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ýapyk manežinde bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigi geçirildi. Ýaryşa Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna, Milli atly sport merkezine, Türkmenistanyň milli atly sport federasiýasyna degişli jemi 11 sany saýlama bedew gatnaşdyryldy. Ýeri gelende, atly sportuň konkur görnüşi dünýäde barha meşhurlyk gazanýan we köpleriň söýgüli sport görnüşidigini ýatladýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda sportuň bu görnüşi ýurdumyzda has-da uly ösüşlere eýe bolýar. Bäsleşikde üç tapgyrda ýaryşdylar. 1 metr 10 santimetr belentlikdäki päsgelçilikden jerimesiz, az jerimeli we gysga wagtda geçip, bäsleşigiň ikinji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazananlar Seýitymam Seýidowyň erk eden Atbasary, Yhlas Çopanowyň erk eden Altynhany, Ýazgeldi Garajaýewiň Toýçusy, Möwlam Baýramdurdyýewiň Alamaty, Annadurdy Hallyýewiň Hanaýy, Mergen Gurbanlyýewiň Gudraty we Merdan Pirmyradowyň Terbaşy dagy başardylar.

Päsgelçiliklerden atly bökmek ýaryşy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli düýn Halkara ahalteke atçylyk toplumynyň ýapyk manežinde atly sportuň päsgelçiliklerden atly bökmek — konkur bäsleşigi geçirildi. Ýaryşa jemi 11 sany saýlama bedew gatnaşdyryldy. Atly sportuň konkur görnüşiniň düzgünlerine görä, atlar birinji tapgyrda 1 metr 10 santimetr beýiklikdäki päsgelçiliklerden böküp geçdiler. Päsgelçiliklerden iň az wagtda hem jerime almazdan ýa-da az jerime bilen böküp geçen, Milli atly sport merkezine degişli Atbasar (Seýitymam Seýidow), Türkmenistanyň milli atly sport federasiýasyna degişli Altynhan (Yhlas Çopanow) hem Toýçy (Ýazgeldi Garajaýew), Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Alamat (Möwlam Ballyýew), Hanaý (Annadurdy Hallyýew), Gudrat (Mergen Gurbanlyýew) hem-de Terbaş (Merdan Pirmyradow) ýaly bedewler bäsleşigiň 2-nji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bu tapgyrda badalgadan pellehana çenli goýlan päsgelçilikleriň beýikligi 1 metr 20 santimetre ýetirildi. Şeýlelikde, bäsleşigiň 2-nji tapgyrynda üstünlikli çykyş eden çapyksuwar-türgen Seýitymam Seýidowyň erk eden Atbasar, Yhlas Çopanowyň erk eden Altynhan, Ýazgeldi Garajaýewiň erk eden Toýçy hem-de Mergen Gurbangulyýewiň erk eden Gudrat diýen bedewleri bäsleşigiň 3-nji tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar. Bu tapgyrda päsgelçilikleriň

Sport çäresi geçirildi

Golaýda Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşi bilen bilelikde guramagynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşlarynyň çäklerinde sportuň ýeňil atletika, agyr atletika, stoluň üstünde oýnalýan tennis, türkmen milli göreşi, welosiped sürmek, tanap çekmek, şaşka, küşt we düzzüm görnüşleri boýunça talyplaryň arasynda sport çäresi geçirildi. Bu sport çäresi çekeleşikli we diýseň gyzykly ýagdaýda geçdi. Geçirilen sport çäresi berkarar döwletimizde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.

Gyzykly geçen ýaryşlar

Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň welaýat futbol federasiýasy bilen bilelikde guramagynda Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesindäki 3-nji sport mekdepde futzal boýunça geçirilen ýaryşa welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň ýaşy 35-den kiçi bolmadyk işgärlerinden düzülen  toparlar gatnaşdylar. Gyzykly we çekeleşikli oýunlary peşgeş beren ýaryş aýlaw görnüşinde geçirilip, ol «Ýüpek ýoly» toparynyň ýeňiş gazanmagy bilen jemlendi. «Merdana» topary ikinji, «Hukukçy» topary bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular. Gulaýym Nazjanowa,welaýat  bedenterbiýe we sport  baradaky Baş müdirliginiň 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi.***Balkanabat şäheriniň köpugurly sport toplumynda edara-kärhanalaryň  işgärleriniň we welaýat merkeziniň ýaşaýjylarynyň gatnaşmaklarynda küşt boýunça ýaryş geçirildi. Syrly göçümleriň ezberlerini bir ýere jemlän bäsleşik gyzykly ýagdaýda geçip, onda birinji orna «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň maşinisti Lukman Melikow mynasyp boldy. Bu konserniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň Gaz toplaýyş we akdyryş müdirliginiň inženeri Wadim Kubrakow ikinji, Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, telekeçi Mämmedanna Halymow üçünji orunlara eýe çykdylar.

«Ýu­wen­tus» 22-nji ge­zek fi­na­lda

Ita­li­ýa­nyň Ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da «Ýu­wen­tus» hem-de «Ata­lan­ta» fi­na­la çyk­dy. 1-nji oýun­da öz meý­dan­ça­syn­da 2–0 ýe­ňen «Ýu­wen­tus» myh­man­çy­lyk­da «La­sio­dan» 2–1 (Kas­tel­ýa­nos 12, 48 — Mi­lik 83) ha­sa­byn­da ýe­ňil­se-de, fi­na­lda oý­na­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy. Ku­bo­gy 14 ge­zek eýe­län «Ýu­wen­tus» 22-nji sa­par fi­na­la çyk­dy. «Ýu­wen­tu­syň» fi­nal­da­ky gar­şy­da­şy «Ata­lan­ta» öz meý­dan­ça­syn­da «Fio­ren­ti­na­ny» 4–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di (Ko­op­meý­ners 8, Ska­mak­ka 75, Luk­men 90+5, Pa­şa­liç 90+8 — Mar­ti­nes Ku­ar­ta 68). 1-nji oýun­da 1–0 ýe­ňiş ga­za­nan «Fio­ren­ti­na» to­pa­ry 53-nji mi­nut­dan soň meý­dan­ça­da 1 oýun­çy az bo­lup gal­dy. Şun­luk­da, «Ata­lan­ta» to­pa­ry 6-njy ge­zek fi­na­la çy­kyp, olar şu wag­ta çen­li di­ňe 1 ge­zek ýe­ňi­ji bolmagy başar­dy (1963).

«Al-Ain» bilen «Ýokohama F. Marinos» finala çykdy

AFK Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da 2023/24 möw­sü­mi­niň fi­na­la çy­kan to­par­lary bel­li bol­dy. Ýa­rym fi­na­lyň jo­gap oýun­la­ryn­dan soň BAE-niň «Al-Ain» to­pa­ry bi­len Ýa­po­ni­ýa­nyň «Ýo­ko­ha­ma F. Ma­ri­nos» to­pa­ry fi­nal­da du­şu­şar­lar. Bir hep­de öň öz meý­dan­ça­syn­da 4–2 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan «Al-Ain» myh­man­çy­lyk­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň «Al Hi­lal» to­pa­ryn­dan 2–1 as­gyn gel­di. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da ýer eýe­le­ri­niň gol­la­ry­ny Ru­ben Ne­weş (4 p) bi­len Sa­lem Al-Dow­sa­ri (51), Emir­lik­le­riň we­ki­li­niň go­lu­ny-da 12-nji mi­nut­da Erik ge­çir­di. Şun­luk­da, Her­nan Kres­po­nyň tä­lim ber­ýän «Al-Ain» to­pa­ry 2003-nji, 2005-nji we 2016-njy ýyl­lar­dan soň 4-nji ge­zek AFK Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­nyň fi­na­ly­nda oý­na­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy. Olar 2003-nji ýyl­da çem­pi­on­lyk ga­za­nyp­dy­lar.

«Wembley»-de yzly-yzyna 2-nji Man­çes­ter der­bi­si

Dün­ýä­niň iň ga­dy­my fut­bol bäs­le­şi­gi ha­sap­lan­ýan Ang­li­ýa­nyň FA Ku­bo­gy­nyň fi­na­lyn­da bas­syr 2-nji ge­zek Man­çes­ter der­bi­si oý­na­lar. Ge­çen ýyl­ky fi­nal­da il­kin­ji ge­zek du­şu­şan Man­çes­ter şä­he­ri­niň we­kil­le­ri ýa­rym fi­nal­da kyn­çy­lyk çek­se­le­rem, ola­ryň 2-si­ne hem ýe­ňiş ga­zan­mak ba­şart­dy. «Wemb­ley» sta­dio­nyn­da ge­çi­ri­len ýa­rym fi­nal oýun­la­ry­nyň 1-nji­sin­de «Man­çes­ter Si­ti» bi­len «Çel­si» du­şuş­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da «Man­çes­ter Si­ti» to­pa­ry lon­don­ly­lary Ber­nar­do Sil­wa­nyň 84-nji mi­nut­da ge­çi­ren ýe­ke-täk go­ly bi­len 1-0 ha­sa­byn­da ýeň­di.