"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

«Mançester Sitiden» öňe geçdi

Ang­li­ýa­nyň 2-nji li­ga­sy «EFL Cham­pions­hip»-de «Les­ter Si­ti» çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan edip, bir ýyl­dan soň «Pre­mi­er Li­ga» do­lan­dy. 45-nji tap­gyr­da «Pres­ton Nort End» to­pa­ry­ny Jeý­mi War­di (2) hem-de Keý­zi Ma­kA­ti­riň gol­la­ry bi­len 3–0 ýe­ňen «Les­ter Si­ti» 2-nji li­ga­da 8-nji ge­zek çem­pi­on bol­ma­gy ba­şar­dy. Olar bu ugur­da «Man­çes­ter Si­ti­niň» re­kor­dy­ny (7 çem­pi­on­lyk) tä­ze­le­me­giň höt­de­sin­den gel­di. «Les­ter Si­ti» 45 oýun­da 97 utuk top­la­dy. 2-nji ýer­de 93 utuk top­lan «Ips­wiç Tawn» bar­ýar. Ola­ra «Pre­mi­er Li­ga» çyk­mak üçin soň­ky tap­gyr­da 1 utuk hem ýe­ter­lik bo­lar. Ita­li­ýa­nyň 2-nji li­ga­sy «Se­rie B»-de «Par­ma» to­pa­ry 36-njy tap­gyr­da «Ba­ri» bi­len 1–1 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­na­dy. Bu deň­lik ola­ryň 3 ýyl­dan soň «Se­rie A» do­lan­ma­gy üçin ýe­ter­lik bol­dy. 36 oýun­da 74 utuk top­lan «Par­ma» soň­ky ge­zek 2020/21 möw­sü­min­de «Se­rie A»-da çy­kyş edip­di. «Se­rie B»-de «Ko­mo» 71 utuk bi­len 2-nji orun­da bar­ýar. Olar in­di­ki tap­gyr­da ýe­ňiş ga­zan­sa, «Par­ma­dan» soň ýo­ka­ry li­ga çy­kan 2-nji klub bo­lar.

«Bundesliganyň» iki ussady

Hä­zir­ki wagt­da fut­bol­da bir to­par­da uzak wagt­lap çy­kyş et­mek ýa-da tä­lim­çi bol­mak seý­rek duş gel­ýän ha­dy­sa­dyr. Mu­ňa Pao­lo Mal­di­ni, Fran­çes­ko Tot­ti, Pol Skouls, Ra­ýan Giggz ýa­ly tu­tuş kar­ýe­ra­la­ry­ny bir klub­da ge­çi­ren fut­bol­çy­la­ry my­sal ge­tir­mek bo­lar. Aleks Fer­gu­son, Gi Ru, Ar­sen Wen­ger ýa­ly meş­hur tä­lim­çi­le­r kar­ýe­ra­la­ry­nyň ep-es­li ýyl­la­ry­ny bir klub­da ge­çi­ren us­sat tä­lim­çi­ler­dir. Fut­bo­lyň ir­ki ýyl­la­ryn­da, has ta­ky­gy, 1950-nji ýyl­lar­dan öň bir to­par­da uzak wagt­lap iş­län tä­lim­çi­le­riň sa­ny az däl­di. Hat­da şol ýyl­lar­da 20–30 ýyl­lap bir klu­ba ýa-da ýy­gyn­da tä­lim ber­ýän hü­när­men­le­riň sa­ny ju­da köp­di. Aleks Fer­gu­son bi­len Ar­sen Wen­ge­r tä­lim­çi­li­gi taş­lan­la­ryn­dan soň, bu sta­tis­ti­ka ha­sam aza­lan ýa­ly. Ýö­ne şon­da-da bir­län-iki­län duş ge­lin­ýär. Şo­la­ryň iki­si hä­zir­ki wagt­da Ger­ma­ni­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Bun­des­li­ga­da» bo­lup, ola­ryň iki­si-de köp wagt­dan bä­ri hä­zir­ki klub­la­ryn­da iş­läp ýör­ler. Esa­sy gür­rü­ňe geç­mez­den ozal, hä­zir­ki gün­de Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy çem­pio­nat­la­ryn­da uzak wagt­dan bä­ri bir klu­ba tä­lim be­rip gel­ýän hü­när­men­le­ri hem bel­läp ge­çe­liň. Die­go Si­meo­ne 13 ýy­la go­laý wagt bä­ri «At­le­ti­ko Mad­ri­de» tä­lim be­rip gel­ýär. Ang­li­ýa­nyň «Pre­mi­er Li­ga­syn­da» 8,5 ýyl gow­rak wagt­dan bä

90-njy mi­nut­dan soň gol geçirmeklik däbe öwrüldi

Mun­dan 20 gün öň, ýag­ny 14-nji ap­rel­de Ger­ma­ni­ýa­nyň «Bun­des­li­ga­syn­da» ta­ry­hy wa­ka bo­lup geç­di. Le­wer­ku­zen şä­he­ri­niň do­ly ady «Ba­ýer 04» bo­lan to­pa­ry 119 ýyl­lyk ta­ry­hyn­da (1-nji iýul­da 120 ýyl bol­ýar) il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Bu çem­pi­on­ly­gyň iň esa­sy iki aý­ra­tyn­ly­gy bo­lup, bi­rin­ji­si ýeň­liş­siz ga­za­ny­lan çem­pi­on­lyk bol­ma­gy, ikin­ji­si bol­sa ýur­duň fut­bo­ly­nyň hök­mü­ro­wa­ny «Ba­wa­ri­ýa­nyň» 11 ýyl­lyk çem­pi­on­ly­gy­ny soň­lan­dyr­ma­gy­dyr. «Ba­ýe­riň» çem­pi­on­lyk ga­zan­ma­gyn­da tä­lim­çi Ha­bi Alon­so­nyň or­ny gür­rüň­siz ulu­dyr. Şeý­le-de, onuň to­pa­ryň oýun­çy­la­ry­nyň süň­ňü­ne siň­di­ren, aňy­na gu­ýan mo­ti­wa­si­ýa­sy­dyr. Ýag­ny to­par çem­pi­on bol­ýan­ça, hat­da çem­pi­on­lyk ga­za­ny­lan­dan so­ňam ýeň­şe bo­lan yna­my­ny, fut­bo­la bo­lan hy­ju­wy­ny, hö­we­si­ni, mo­ti­wa­si­ýa­sy­ny bir­ji­gem ýi­tir­me­di. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, kä­bir oýun­la­ra se­re­de­niň­de, olar üçin oýun 90-njy mi­nut­dan soň baş­la­nýan ýa­ly. Mu­ňa to­pa­ryň 90-njy mi­nut­dan soň ge­çi­ren gol­la­ry do­ly şa­ýat­lyk ed­ýär. «BAWARIÝA» DUŞUŞYGYNDA BAŞLADY

De­lo­ne­niň ta­gal­la­sy we il­kin­ji ýa­ryş­lar

Fut­bo­lyň wa­ta­ny ha­sap­lan­ýan Ýew­ro­pa­da yk­lym ýa­ry­şy­ny ge­çir­mek­lik üçin ir­ki ýyl­lar­da ta­gal­la­lar edil­se-de, çem­pio­nat üçin az-ow­lak ga­raş­ylma­ly bol­ýar. Hä­zir­ki wagt­da fut­bo­lyň iň ösen yk­ly­my­na çem­pio­na­ty ýo­la goý­mak­lyk 20-nji asy­ryň or­ta­la­ryn­dan soň ba­şard­ýar. Fut­bol oý­nu­nyň esas­lan­dy­ryl­ma­gyn­dan soň Ýew­ro­pa­da FI­FA dö­re­dil­ýär we Dün­ýä Ku­bo­gy ge­çi­ri­lip baş­lan­ýar. Hat­da on­dan öň Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň çem­pio­na­ty hem ge­çi­ri­lip baş­lan­ýar. Ýö­ne Ýew­ro­pa­da yk­lym ýa­ry­şy en­tek ýok­dy. Yk­ly­myň çä­gin­de ge­çi­ril­ýän 2 bäs­le­şik bar­dy, ýö­ne ola­ram se­bit­le­ýin ýa­ryş­lar bo­lup, tu­tuş Ýew­ro­pa­ny öz içi­ne ala­nok­dy. Şol wagt­lar ge­çi­ril­ýän ýa­ryş­la­ryň bi­ri Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň dü­zü­min­dä­ki ýurt­la­ryň ara­syn­da gu­ra­lan Bri­ta­ni­ýa­nyň ýer­li çem­pio­na­ty (Bri­tish Ho­me Cham­pions­hip) bo­lup, ol la­ýyk 100 ýyl­lap, ýag­ny 1884–1984-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da ge­çi­ril­ýär. Ang­li­ýa­nyň 54 ge­zek çem­pi­on­ly­gy bi­len ta­mam­la­nan çem­pio­na­ta 5 ýur­duň ýy­gyn­dy­sy gat­naş­ýar. Beý­le­ki bir ýa­ryş bol­sa Mer­ke­zi Ýew­ro­pa­nyň hal­ka­ra ku­bo­gy (Cent­ral Eu­ro­pe­an In­ter­na­tio­nal Cup) ýa­ry­şy bo­lup, 1927–1960-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da gu­ra­lan bäs­le­şi­ge Ita­li­ýa, Awst­ri­ýa, Çe­hos­lo­wa­ki­ýa, Weng­ri­ýa, Şweý­sa­ri­ýa, Pol­şa, Ru­my­ni­ýa hem-de Ýu­g

Üstünliklere beslenen aý

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan sportuň dzýudo görnüşi boýunça 2010, 2011, 2012, 2013-nji ýylda doglan ýetginjek oglanlaryň we gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda mekdebimiziň 4-nji synp okuwçysy Roza Kazakowa 27 kilogram agramda 3-nji orny eýelemegi başardy. Şeýle hem Türkmenistanyň Milli woleýbol federasiýasy tarapyndan 2007-nji ýylda doglan oglan-gyzlaryň arasynda woleýbol boýunça geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde mekdebimiziň 11-nji synp okuwçysy Sewinç Ýangaberdiýewa 2-nji orna mynasyp boldy. Şu ýylyň 5-nji aprelinde «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy tarapyndan Daşoguz şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nesilleri» atly sportuň küşt görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Yhtyýar we Asal Babajanowa dagy 3-nji orna mynasyp boldular. Toparlaýyn ýaryşda hem 3-nji orny eýelediler.

Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdebinde erkin göreş boýunça ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Ýaryşa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden ýaş pälwanlaryň 200-e golaýy gatnaşdy. Ýaryşyň dowamynda türgenler agram derejeleriniň 9-sy boýunça güýç synanyşdylar. Çekeleşikli geçen tutluşyklaryň netijeleri boýunça Aşgabat şäheriniň topary birinji orna mynasyp boldy. Aşgabat şäheriniň Ýaş olimpiýaçylar mekdebiniň topary ikinji orny eýeledi. Welaýatymyzyň türgenleri bolsa üçünji orny gazandylar. Ýaryşa tejribeli tälimçiler Zafar Nuraliýew, Azat Kabulow, Rüstem Nazarow dagy eminlik etdiler. Ýeňijiler Hormat hatlary we medallar bilen sylaglanyldylar.

Welaýatyň kubogyny almak ugrunda ýaryşdylar

Sport mekdebimizde türkmen milli göreşi boýunça welaýatyň kubogyny almak ugrunda ýaryşlar guraldy. Ulularyň arasynda geçirilen bu ýaryşda Türkmenabat şäheriniň, Darganata, Saýat we Kerki etraplarynyň pälwanlary agram derejeleriniň 10-sy boýunça güýç synanyşdylar. Ýaryşyň dowamynda etrabymyzyň türgenleri has üstünlikli çykyş etdiler. Biziň sport mekdebimiziň pälwanlary-da baýrakly orunlaryň aglabasyny eýelediler. Olardan Azat Guwanjow 48, Babajan Bäşimow 62, Toýly Annaýew 82, Şöhrat Öwezow 90, Ýakup Kabulow 100 kilograma çenli we Guwanç Hemraýew 100 kilogramdan ýokary agram derejelerinde ýeňiş gazandylar. Türkmenabatly pälwanlardan Atajan Atajanow 52, Ereş Akmyradow 57, Batyr Hemraýew 68 we Gylyç Gylyjow 74 kilogram agram derejelerinde iň ýokary netijeleri görkezdiler.

Halypa pälwanyň ýadygärligine bagyşlandy

Etrabymyzdaky 5-nji sport mekdebinde erkin göreş boýunça geçirilen açyk birinjilik halypa pälwan Babamyrat Annadurdyýewiň ýadygärligine bagyşlandy. Ýaryşda ýetginjekleriň 250-den gowragy öz ussatlyklaryny görkezdiler. Agram derejeleriniň 12-si boýunça guralan tutluşyklaryň netijeleri boýunça Türkmenabat şäheriniň topary birinji orny eýeledi. Saýat we Dänew etraplarynyň toparlary bolsa degişlilikde ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldular. Biziň sport mekdebimiziň türgenlerinden Ruslan Arslanow, Mukam Gaýipow, Babahan Atahanow, Eldar Bazargeldiýew, Annageldi Gowşudow dagy öz agram derejelerinde baýrakly orunlary eýelediler. Ýeňijiler diplomlar we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Saýat etrap geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldylar.

Türgenlerimiziň halkara ýaryşdaky üstünligi

Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde Baýaman Erkinbaýewiň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp geçirilen halkara ýaryşa 7 döwletden 140-a golaý türgen gatnaşdy. Bu halkara ýaryşa gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde çykyş eden ahally türgenleriň üstünligi has-da guwandyry boldy. Gürrüňi edilýän halkara ýaryşda Sarahs etrabynyň türgeni Silapberdi Nuryýew 80 kilogram agram derejesinde, Babadaýhan etrabynyň türgeni Annagurban Allaberdiýew 90 kilogram agram derejesinde, Ak bugdaý etrabynyň türgeni Pälwan Gurbangeldiýew 100 kilogram agram derejesinde, Bäherden etrabynyň türgeni Nurmuhammet Aýdogdyýew 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde altyn medallara, Gökdepe etrabynyň türgeni Azymmuhammet Orazmuhammedow 70 kilogram agram derejesinde kümüş medala, Babadaýhan etrabynyň türgeni Mekan Mämmedow 100 kilogram agram derejesinde bürünç medala, şeýle-de Tejen etrabynyň türgeni Zöhre Gurbanmyradowa 65 kilogram agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy. Şeýlelikde Ahal welaýatynyň türgenleri altyn medalyň dördüsini, kümüş medalyň birini, bürünç medalyň ikisini gazandylar.

Söz — ýeňijilerden

Begençmyrat AGAMYRADOW,Türkmenistanyň ussat çapyksuwary, baş baýragyň eýesi:

Didar HAJYÝEW, «Arkadag» futbol toparynyň tälimçisi.

Tejribeli türgenleriň topary Biziň futbol toparymyz döredilen gününden başlap, üstünlikli çykyş edip gelýär. Geçen ýylyň özünde ýurdumyzyň Ýokary ligasyny we Kubogyny gazandyk. Iki kubok üçin geçen ýolumyzda bir gezegem utulmadyk. Häzirki wagtda-da milli çempionatymyzda ýeňişli ýollarymyzy dowam edýäris. Maksadymyz Türkmenistanyň sport abraýyny mundan-da belende götermek. Şondan ötri öňümizdäki halkara ýaryşlarda çykyş etmek üçin hem ykjam taýýarlanýarys. Oýunlarda ýeňiş gazanmak ugrunda yhlasymyzy gaýgyrmarys. Nesip bolsa, ýeňişlerem gazanarys. Sebäbi munuň üçin biziň uly mümkinçiliklerimiz bar. Çünki sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda sportuň dürli görnüşlerini, şol sanda türkmen futbolyny ýokary halkara derejä çykarmak ugrunda hemmetaraplaýyn işleriň alnyp barylýandygy türkmen futbolçylarynyň ruhuny belende göterýär. 26-njy aprelde Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gelip, türgenleşik pursatlarymyzy synlamagy, hal-ahwalymyzy soramagy hem toparymyzyň oýunçylary üçin unudylmajak taryhy gün boldy. Toparymyzyň Arkadag şäherinde döwrebap sport toplumynda türgenleşikleri geçmegi, ýaşamaga ähli amatlyklary bolan öýlerden paýly bolmaklary hem biz barada edilýän aladalaryň biri. Munuň üçin

Taryhy duşuşygyň täsiri bilen

Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabyndaky 10 müň orunlyk sport toplumynda geçirilen duşuşyk turuwbaşdan «Arkadag» toparynyň rüstem oýnuna beslendi. Bu sazlaşykly oýun topara oýnan resmi duşuşyklaryndaky ýubileý ýeňşini hem getirdi. Topar 40 ýeňşiň 33-sini Türkmenistanyň çempionatynda, galan 7-sini bolsa ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky ýaryşda geçirdi. Ilkinji möwsüminde toparyň bu ýaryşlaryň ikisinde-de ýeňiji bolandygyny ýatladýarys. Toparyň tälimçiler we türgenler düzümi ýaňy-ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň ýörite türgenleşik pursatlaryna gatnaşyp, ýürekdeş gürrüň etmeginden has-da ruhlandylar. Bu ruhubelentlik we şol taryhy duşuşygyň şatlygy düýnki duşuşykda hem miwesini berdi. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz eýýäm uly şöhratyň eýesi bolan toparyň geljekde halkara ýaryşlarda hem üstünlikli çykyş etmegi üçin ähli goldawyň beriljekdigini aýtdy. Munuň özi türkmen futbolynyň taryhynda täze şanly sahypanyň ýazylyp başlanandygynyň buşlukçysydyr.

Sagdyn ýaşlar — ygtybarly geljek

Halkymyzyň beden we ruhy sagdynlygyny gazanmakda sport hereketlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Arkadag şäherinde Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirlikleri döredildi, köpugurly sport toplumlary, merkezleri we mekdepleri, stadionlar, aýlawlar gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berildi. Jemgyýetçilik binalarynyň hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň ýanaşyk ýerlerinde sport meýdançalary döredildi. Döredilýän şeýle uly mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy Gahryman Arkadagymyzyň «Sport türgenleşiklerinde berkän ýaşlar biziň ygtybarly geljegimiziň daýanjydyr» diýýän gymmatly sözlerini ýörelge edinip, ýaş nesilleriň ussat türgenler bolup ýetişmekleri, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri, ýurdumyzyň sport abraýyny dünýä tanatmaklary ugrunda meýilnamalaýyn işleri durmuşa geçirýär.

Sport — biziň hemramyz

Ajaýyp ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty giňden ösdürmek we häzirki zaman türkmen jemgyýetinde zyýanly endikleriň öňüni almakda wajyp orun eýelän sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şunda sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň hem-de täze belentliklere ruhy taýdan okgunlylygyň kepilidir. Şu günler hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň orta mekdeplerinde, ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň arasynda dürli sport dabaralary, duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Watandaşlarymyzyň her biri «Sagdyn bedende — sagdyn ruh», «Jany sagyň — göwni çag» ýaly pähimlere eýerýär. Ýurdumyzda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga uly mümkinçilikleriň döredilmegi halkymyzyň saglyk ýagdaýynyň gowulanmagyna, ýaş nesilleriň ruhy we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmegine oňyn täsir edýär.

Sport syýasatynyň gadamlary

Sagdynlygyň ygtybarly ýörelgesi Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygyny goramakdaky tagallalarynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde öňde goýýan wezipeleri uly ähmiýete eýe bolýar. Sebäbi, bu ulgama üns berilmegi ýurt Baştutanymyzyň sport syýasatynyň rowaç almagynda, il-günümiziň saglygyny berkitmekde täze mümkinçiliklere ýol açýar. Sport syýasatynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň berkararlygynyň gazanylmagynda-da bähbitli tarapy guwançlydyr.

Sporta söýgini artdyrýan çäreler

Halkymyzyň saglygyny goramakda we berkitmekde, sporty ösdürmekde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Diýarymyzyň çar künjeginde dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş desgalarynyň, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, sport desgalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi Watanymyzyň, hakykatdan-da, sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanydygyna güwä geçýär. Saglygyň esasy girewi hasaplanylýan bedenterbiýäniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy, sportuň dürli ugurlarynyň ösdürilmegi döwrümiziň özboluşly ýörelgesine öwrüldi. Bu bolsa, esasan-da, ýaş nesilleriň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmegine öz oňyn täsirini ýetirýär. Ýurdumyzda sporty ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň birnäçesi kabul edildi. Şolar esasynda hem türkmen sportunyň abraýyny belende galdyrjak ýaş türgenleriň ýüze çykmagy ugrunda ençeme işler alnyp barylýar. Biz hem etrabymyzda bu barada wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirip durýarys. Şol çärelerde sportuň adama sagdynlyk hem ruhubelentlik bagyşlaýandygy, öz güýjüňe hem başarnygyňa ynamy artdyrýandygy, umuman, sporty hemra edinmekligiň durmuşyňy gözelleşdirýändigi barada giňişleýin gürrüň edilýär. Ýylyň dört paslynda sport bilen meşgullanmak üçin Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ähli şert-mümkinçilikleriň döredi

Ikinji aýlawyň ilkinji oýunlary

Futbol Futbol boýunça ýurdumyzyň milli çempionatynyň ikinji aýlawynyň ilkinji tapgyrynda, ýagny 10-njy tapgyrda Balkanabadyň «Nebitçi» topary Mary şäherinde ýerli «Merw» bilen duşuşdy. Ikitaraplaýyn hüjümlere baý bolan oýunda hasap esasy wagtyň tamamlanmagyna bäş minut galanda açyldy we şol hem duşuşygyň ykbalyny kesgitlän gol boldy. Ýer eýeleriniň 85-nji minutda guran hüjümini netijeli tamamlan Guwanç Berdimyradowyň geçiren pökgüsi «Merwiň» möwsümde bäşinji sapar ýeňiş gazanmagy üçin ýeterlik boldy.

Beden we ruhy sazlaşygyň heamaýatçysy

Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn nesilleri kemala getirmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, jemgyýetimize ornaşdyrmak işleri giň gerim alýar. Raýatlarymyzy köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta çekmäge, ösüp gelýän ýaş nesli sporta we halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge gönükdirilen işler bu gün tutuş ýurdumyzy gurşap aldy. Sport bilen köpçülikleýin meşgul bolmak berkarar Watanymyzda mizemez ýörelgä öwrülýär. Diýmek, sport tutuş Diýarymyzy gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň hereketlendiriji güýji bolan sagdynlygyň, ruhubelentligiň berk binýadydyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary halkara ülňülere laýyk gelýän sport mekdepleridir stadionlar, bedenterbiýe we sagaldyş toplumlary açylyp ulanmaga berildi.  Sport ýagşylygy, ynsanperwerligi ýaýradyjy, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyryjy serişde bolup, adamyň intellektual ösüşine, ýaşaýşyna goltgy berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýe we sport ulgamyna işjeňlik mahsusdyr. Ähli ýaşdaky raýatlaryň bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmagyna, ilatyň saglygynyň ygtybarly goralmagyna uly mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Ýaryş güýçli toparlary saýlady

«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan bilelikde guralýan «Altyn top» atly futbol ýaryşynyň Kaka etrap tapgyry etrapdaky 14-nji orta mekdebiň sport meýdançasynda geçirildi. Oňa etrapdaky orta mekdeplerden toparlar gatnaşdy. Okuwçy ýaşlar ýeňiş gazanmak üçin öz aralarynda gyzykly duşuşyklary alyp bardylar. Şol duşuşyklar güýçli toparlary öňe saýlady. Şeýlelikde etrapdaky 15-nji orta mekdebiň topary birinji, 18-nji orta mekdebiň topary ikinji, 14-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp bolup, hormat hatlary bilen sylaglandy.

Welosport ýaryşy geçirildi

Gökdepe etrabynyň Gökdepe obasyndaky sport mekdebinde weloşosse boýunça Ahal welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň ýyllyk iş meýilnamasy esasynda geçirilen ýaryş güýçli türgenleri ýüze çykardy. Welaýatyň birinjiliginde ýekelikde 15 kilomert aralykda Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň sport mekdebiniň türgeni Orazmuhammet Nurýagdyýew 26,28 minut wagt görkezijisi bilen birinji orna, Tejen etrabynyň sport mekdebiniň türgeni Gadyr Sähetdurdyýew 26,43 minut wagt görkezijisi bilen ikinji orna, Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň sport mekdebiniň türgeni Hekimmyrat Baýrammyradow 26,58 minut wagt görkezijisi bilen üçünji orna mynasyp boldy. Toplumlaýyn 50 kilometr aralykdaky ýaryşda Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň sport mekdebiniň türgenleri Kakamyrat Penamyradow, Täçdurdy Gurbangeldiýew, Tejen etrabynyň sport mekdebiniň türgeni Gadyr Sähetdurdyýew baýrakly orunlary eýeledi.