"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Türkmen sporty rowaçlanýar

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan eziz Diýarymyzda ynsan saglygy baradaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy orny eýeleýär. Sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak ynsan saglygy üçin ähmiýetlidir. Bu babatda ýurdumyzda giň möçberli işler alnyp barylýar, halkara talaplara laýyk gelýän milli sport ulgamy döredilýär.

Sport — sagdynlygyň gözbaşy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde adamyň saglygy biziň asuda hem-de jebis jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hökmünde kesgitlenilýär. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň asylly göreldelerine eýerip, bu günki günde türkmen jemgyýeti sagdyn durmuş ýörelgesini hemmetaraplaýyn ileri tutýar.

Aşgabat — sport şäheri

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 20-nji aprelde Ýewropa we Aziýa ýurtlaryndan birnäçe hokkeý toparlaryny paýtagtymyza jemlän, özboluşly sport baýramçylygyna öwrülen şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryş tamamlandy. Bu iri ýaryşyň geçirilmegi Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülýändiginiň, dünýä bileleşigi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça yzygiderli amala aşyrylýan strategiýanyň giňden goldanylýandygynyň ýene-de bir güwäsi boldy.

Pa­ra­hat­çy­ly­gyň il­çi­si

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gyç­la­ry bi­len 2018-nji ýy­lyň 12-nji ap­re­lin­de BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 3-nji iýu­ny «Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni» di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da­ky Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýan pa­ra­hat­çy­lyk, şeý­le-de eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sat­la­ry­ny dün­ýä äş­gär et­di. Şol gü­n, ýag­ny her ýy­lyň 3-nji iýu­nyn­da köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­ri­şi­ni ge­çir­mek asyl­ly dä­be öw­rül­di. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň we Mil­li Li­de­ri­mi­ziň hut özleri­niň wa­tan­daş­la­ry­myz bi­len bi­le­lik­de köp­çü­lik­le­ýin çä­re­le­re gat­naş­ýan­dy­gy bol­sa ýur­du­myz­da sa­gal­dyş he­ret­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi­ne, we­lo­si­ped spor­ty bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ryň sa­ny­nyň art­ma­gy­na, tä­ze eko­lo­gi­ýa ga­ra­ýyş­la­ry­nyň ke­ma­la gel­me­gi­ne, daş­ky gur­şa­wy go­rap sak­la­ma­ga jem­gy­ýe­tiň jo­gap­kär­çi­li­gi­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na ça­gy­ryş bo­lup dur­ýar.

Ýe­ňi­ji­ler sy­lag­la­nyl­dy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Da­ba­ra­ly çä­rä Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň, ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, tür­gen­ler, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň ga­ra­ma­gyn­da­ky sport mek­dep­le­ri­niň tür­gen­le­ri, ta­lyp ýaş­lar gat­naş­dy­lar.

Türgenleriň taýýarlygy esasynda ýeňiş gazanmagyň ygtybarly ýollary

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ýur­du­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň esas­la­ry­nyň yk­rar edil­me­gi­ne, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­ni we ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­ty ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len bi­möç­ber ala­da­lar ne­ti­je­sin­de Türkmenistanyň hal­ky, şol san­da ýaş­lar ta­ra­pyn­dan be­den­ter­bi­ýä, spor­ta uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Türk­me­nis­tan­da ýaş ýet­gin­jek­le­riň spor­ty saý­lap al­mak­da nus­ga­lyk gör­ke­zi­ji­le­ri­ni yl­my esas­da öz­leş­dir­mek hü­när­men­le­riň we alym­la­ryň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýar. Çün­ki tür­gen­le­riň sport bäs­le­şik­le­rin­de gör­kez­jek ne­ti­je­le­ri hut şo­nuň bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, Mil­li Li­de­ri­mi­ziň Türk­me­nis­tan­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek ha­kyn­da­ky köp­ýyl­lyk mak­sat­na­ma­syn­da hem gel­je­gi­miz bo­lan ýaş ýet­gin­jek­le­riň be­den ösü­şi­ni we ola­ryň fi­zi­ki he­re­ket­le­re ukyp­la­ry­ny yl­my esa­s­da öw­ren­mek­ aý­ra­tyn nyg­tal­ýar.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň halkara hyzmatdaşlygy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy we hal­ka­ra sport gat­na­şyk­la­ry giň­den ös­dü­ril­ýär. Hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň il­çi­si bo­lan sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­la­nyl­ýar. Iri hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki sport gu­ra­ma­la­ry, fe­de­ra­si­ýa­la­ry bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk ýo­la go­ýul­ýar. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy, ÝU­NES­KO, Hal­ka­ra Olim­pi­ýa Ko­mi­te­ti, Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi we beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra dü­züm­ler bi­len köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy gol­da­ýan Türk­me­nis­tan sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ne­ti­je­li dur­mu­şa ge­çir­mek ug­run­da çy­kyş ed­ýär. Ýur­du­my­zyň 2023 — 2027-nji ýyl­lar üçin Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň (ÝU­NES­KO) Be­den­ter­bi­ýe we sport bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti­niň (CIGEPS) dü­zü­mi­ne saý­la­nyl­ma­gy bu ugur­da ga­za­nyl­ýan uly üs­tün­lik­ler­dir. «Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň we ÝU­NES­KO-nyň ara­syn­da Hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça 2024-nji ýyl üçin he­re­

Arkadag sahawaty ― bagtyýar çagalaryň köňül buýsanjy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­la­ma­gyn­da, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş­tu­tan­ly­gyn­da, ýur­du­myz­da ösüp gel­ýän bag­ty­ýar ça­ga­la­ryň bagt­ly, şa­dy­ýan we sag­dyn gel­je­gi ba­bat­da ägirt uly ta­gal­la­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu ugur­da gu­ral­ýan Türk­me­nis­ta­nyň sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny bü­tin dün­ýä­de da­ba­ra­lan­dyr­ýan iri sport çä­re­le­ri, bäs­le­şik­le­ri aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar.

Yk­lym­la­ry bir­leş­di­ren hokkeý ýa­ryşy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Gahryman Arkadagymyz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nyp, hor­mat­ly Preziden­ti­miziň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çirýän top­lum­la­ýyn işleriniň ne­ti­je­sin­de, türk­men spor­ty hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­ka­ryl­dy. Hal­ka­ra Olim­pi­ýa Ko­mi­te­ti­niň, Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi­niň ag­za­sy bo­lan ýur­du­myz Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­niň ös­dü­ril­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­ýar. Türk­me­nis­tan sport müm­kin­çi­lik­le­ri­ni pa­ra­hat­çy­ly­gyň hem dost­lu­gyň bäh­bit­le­ri­ne gö­nük­di­rip, il­kin­ji no­bat­da, dün­ýä bi­le­le­şi­gi bi­len hyz­mat­daş­ly­gy yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dyr­ýar.

Uzak aralyga welosipedli ýöriş

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň teklibi boýunça 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan edenine köp wagt geçenok. Muňa garamazdan, bu halkara sport baýramçylygy dünýä ýurtlarynda giň meşhurlyga eýe boldy. Bu baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanda guralýan iri medeni-sport çäreler toplumy dünýä nusgalyk ýokary guramaçylyk derejesi, köpöwüşginliligi bilen tapawutlanýar.

Sport çäreleri bilen dabaralanan baýramlar

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Hal­ky­myz­da «Ölü­si­ni sy­lan beg bo­lar» diý­li­şi ýa­ly, ga­dy­my­ýet­den gel­ýän ýö­rel­ge­ler esa­syn­da öten-ge­çen­le­riň ru­hu­na go­ýul­ýan sar­pa ju­da ýo­ka­ry­dyr. Aý­ra­ty­nam, Wa­tan ug­run­da gaý­duw­syz­lyk gör­ke­zip ja­ny­ny or­ta go­ýan ger­çek­le­riň ha­ty­ra­sy has be­lent tu­tul­ýar. Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şy ýyl­la­ryn­da kyn­çy­lyk­ly ýo­wuz gün­le­ri baş­dan ge­çi­rip we­pat bo­lan türk­me­nis­tan­ly gah­ry­man­la­ryň ha­ty­ra­sy­na 9-njy maý­da 1941 – 1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da ga­za­ny­lan Ýeň­şiň 79 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar ge­çi­ril­di. Şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän çä­re­ler «Halk ha­ky­da­sy» ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my­na gül goý­mak da­ba­ra­sy bi­len baş­lan­dy. Uruş we­te­ran­la­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň adyn­dan sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy. Bu da­ba­ra­la­ryň Wa­ta­ny­my­zyň sy­ýa­sy dur­mu­şyn­da äh­mi­ýe­ti ulu­dyr.

Ýur­du­my­zyň sport sy­ýa­sa­ty

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Eziz Di­ýa­ry­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da adam we onuň sag­ly­gy, aba­dan we bag­ty­ýar ýa­şaý­şy ba­ra­da uly ala­da edil­ýär. Ýur­du­myz­da hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge, spor­ty, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bu ugur­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let de­re­je­sin­dä­ki ägirt uly iş­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak­ly­ga, ýur­du­myz­da spor­ty, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni ös­dür­mek­li­ge gö­nük­di­ri­len tu­tum­ly iş­le­ri­niň ro­waç­lan­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.

Dün­ýä çem­pio­na­tyn­dan 7 me­dal

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Türk­me­nis­tan­ly agyr at­le­ti­ka­çy­lar Pe­ru­wyň paý­tag­ty Li­ma şä­he­rin­de ge­çi­ri­len agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da dün­ýä çem­pio­na­tyn­da 7 me­dal ga­zan­dy­lar. Ýa­ry­şa dün­ýä­niň 50 ýur­dun­dan 17 ýa­şa çen­li 280 tür­gen, ýet­gin­jek­le­riň we gyz­la­ryň ara­syn­da her­sin­de ag­ram de­re­je­sin­de baý­rak­lar ug­run­da bäs­leş­di­ler.

Ussatlyga ýetiren futbol menzili

Garaşsyzlyk ýyllaryndaky türkmen futboly we onuň görnükli wekilleri hakynda söhbet edilmeli bolsa, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hem-de Arkadag şäheriniň «Arkadag» toparynyň tejribeli ýarym goragçysy Arslanmyrat Amanowy ilkinjileriň hatarynda buýsanç bilen agzamak bolar. Onuň ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň çempionatlarynda, milli ýygyndymyzyň gatnaşan ýaryşlarynda görkezen oýunlary futbol bilermenleriniň ýokary bahasyna mynasyp bolmak bilen birlikde, çykyş eden ýurtlarynyň futbol janköýerleriniň arasynda hem uly meşhurlyga eýe bolmagyna getirdi. Arslanmyrat Amanow 1990-njy ýylyň 28-nji martynda paýtagtymyzda dünýä inip, futboldaky ilkinji ädimlerini hem ak mermerli Aşgabatda ätdi. Ol 2011-nji ýylda ýurdumyzyň iň ökde futbolçysy diýlip yglan edildi. Galan maglumatlary bolsa türkmen futbolynyň ösmegine, at-abraýynyň beýgelmegine eýýäm ençeme ýyldan bäri yhlas bilen goşant goşup gelýän futbolçynyň özi bilen guran söhbetdeşligimizden tapyp bilersiňiz. – Arslanmyrat, her bir daragtyň boý almagy, ösüp-ulalmagy üçin irginsiz idegiň gerek bolşy ýaly, topy ýaňy depmegi öwrenen çagadan sözüň doly manysyndaky hakyky futbolçynyň ýetişmegi üçinem yhlas baryny edýän halypa gerek. Şol esasdan, futboldaky ilkinji ädimleriň, ussat futbolçy bolup ýetişmegiňde tagallasyny gaýgyrmadyk tälimçileriň baradaky gürrüň bilen söhbedimize başlaýaly?

Dur­muş he­re­ket­den yba­rat

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 «Dur­muş» «dur­mak» sö­zün­den ge­lip çy­kan ýa­ly bol­sa-da, mun­da hiç bir zat du­ran ýe­rin­de dur­ma­ýar. Aý­dyş­la­ry­na gö­rä, ol «dyr­maş» sö­zi bi­len ma­ny­daş ýa­ly. Ony be­lent bir dag, ga­ýa hök­mün­de göz öňü­ne ge­ti­rip, şo­ňa dyr­ma­şyp, be­lent­lik­den-be­lent­li­ge mü­nüp gi­di­ber­me­li. Onuň so­ňu­nyň ni­re­de ta­mam­lan­ja­gy bel­li däl. Dur­muş­da dür­li wa­ka­lar bo­lup geç­ýär. Ola­ryň yn­san­da go­wy ýa-da ýa­ra­maz tä­sir gal­dyr­ýan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, äh­li­si bi­zi kä­mil­leş­dir­ýär. Diý­mek äh­li zat he­re­ket­de, ösüş­de.

«Galkan» – hokkeý çempiony

Ýaz pas­ly­nyň hoş­tap ho­waly gün­le­rin­de Aş­ga­bat şä­herin­dä­ki Gyş­ky oýun­lar sport top­lu­my­ny sport baý­ram­çy­ly­gy­nyň ruhy gur­şap al­dy. Üs­te­si­ne-de sport jankö­ýer­le­ri­niň gyz­gyn el­çar­pyş­ma­la­ry, gyzgyn seslenmeleri buzda oýnalýan şaý­ba­ly hok­ke­ýiň öz­bo­luş­ly da­ba­ra­syny art­dyr­dy. Şo­nuň üçi­nem ýur­du­myzda 15 – 20-nji ap­rel ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­len hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şyň ýakymly ýatlamalary ýüreklere ebedi orna­dy. Şo­nuň bi­len bir­lik­de-de, türk­men spor­tu­nyň ta­ry­hy­nda täze sa­hy­pa­la­ry şöh­le­len­dir­di. Wa­tan­daş­la­ry­my­zyň yna­my­ny ödemek bag­ty bu hal­ka­ra ýa­ryş­da «Galkan» hok­keý to­pa­ry­nyň pa­ýy­na düş­di. Ol Türkmenis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistrli­gi­niň hok­keý to­pa­ry. Be­genç­li ýe­ri, Türkmenista­nyň hok­keý bo­ýun­ça mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň esa­sy oýun­çy­la­ry «Galkan» to­pa­ryn­dan dü­zü­len. Şo­nuň üçinem «Gal­kan» bu hal­ka­ra ýa­ryş­da sport sö­ýü­ji halky­my­zyň, şeý­le hem gaý­rat­ly Wa­tan go­rag­çy­la­ry­my­zyň buý­san­jy­na my­na­syp bol­ma­gy, ýe­ňiş mün­be­rin­de Döw­let baý­da­gy­my­zy be­lent­de parlat­ma­gy ba­şar­dy. El­bet­de, şeý­le asylly mak­sa­dyň my­ra­dy­na ýet­me­gi üçin türk­men tür­gen­le­ri köp türgen­leş­di­ler. Yh­la­sy, ukyp-ba­şar­ny­gy yzy­gi­der­li taýýar­lyk bi­len bir­leş­dir­di­ler. Mu­nuň üçin ola­ra äh­li aja­ýyp müm­kin­çi­lik­le­rem, şert­le­rem dö­r

We­los­por­tuň us­sa­dy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Gür­rü­ňi­mi­zi, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da mil­li we­los­por­tuň ös­me­gi­ne tä­si­ri­ni ýe­ti­ren öz­bo­luş­ly mek­de­biň bo­lan­ly­gy bi­len do­wam et­dir­sek has ýer­lik­li bo­lar. En­çe­me ge­zek çem­pi­on bo­lan tür­gen­ler, en­çe çem­pi­on­la­ry ýe­tiş­di­ren tä­lim­çi­ler hök­mün­de ta­nal­ýan Döw­ran Nur­me­dow, Nar­gel­di Ig­di­row, Emir we Iner Ju­ma­ýew­ler bi­len söh­bet­deş bo­la­nyň­da, ola­ryň äh­li­si hem il­kin­ji tä­lim­çi­si, ha­ly­pa­sy hök­mün­de Mu­ham­met Nur­me­do­wyň ady­ny ag­za­ýar­lar.

Gyzykly geçen ýaryşlar

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda  ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalar wagtlaryny şadyýan hem peýdaly geçirýärler. Olaryň arasynda dürli çäreler hem yzygiderli geçirilip durulýar. Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy etrap birleşmesiniň guramagynda «Sagdynlygyň, bagtyýarlygyň mekany» ady bilen küşt we şaşka boýunça geçirilen ýaryşlar hem şeýle çäreleriň hataryny artdyrdy. Ýaryşlarda ýeňiji bolan çagalara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Hal­ka­ra futbol ýa­ry­şy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Gü­lüs­tan şä­he­rin­de «Now­ruz — 2024» «Ser­het­siz fut­bol» di­ýen at bi­len Hal­ka­ra ça­ga­lar-ýet­gin­jek­ler ýa­ry­şy ge­çi­ril­di.

Ýelden ýyndam ahalteke bedewi

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ahal­te­ke be­de­wi! Taň­ry­nyň türk­me­ne Be­hişt­den eçi­len jo­mart ser­pa­ýy! Ze­mi­niň aja­ýyp gö­zel­li­gi – ahal­te­ke be­de­wi! Türk­men top­ra­gy­nyň iň be­re­ket­li kün­je­gin­de Kö­pet­da­gyň ete­gin­de, Ahal ýaý­la­la­ryn­da ga­dym eý­ýam­lar­dan bä­ri se­ýis­le­nip, maş­ga­la ag­za­sy hök­mün­de ger­çek­le­riň ömür hem­de­mi­ne öw­rü­len sö­wer dost – şol mer­te­be­li ga­myş­gu­lak be­dew­dir!