"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Türkmen sportunyň ynamly gadamy

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün sport döwleti hökmünde uly halkara abraýa eýedir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jemgyýetimizde köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýokary görkezijili türkmen sportunyň kemala gelmegini gazanmak babatda badalga beren asylly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketi has-da giň gerime eýe bolup, milli sportumyz ösüşiň täze belentliklerine ynamly gadam urýar. Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanylmagy hem hut şu hakykat bilen baglanyşyklydyr. Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary, hususan-da, ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri üçin hemme şertler bar. Ähli ýerde döwrebap bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sport mekdepleridir desgalary hereket edip, olarda adamlaryň saglygyny berkitmek, şeýle hem ussat türgenleri taýýarlamak boýunça maksada okgunly işler alnyp barylýar. Munuň özi türgenleriň täze nesliniň kemala gelmegini üpjün edýär. Bu gün olar Watanymyzyň sport abraýyny arşa göterýärler.

Sport syýasatynyň gadamlary

GIŇ GERIME EÝE BOLÝAR Ýurdumyzda ilaty, aýratynam, ýaşlary bedenterbiýä we sporta köpçülikleýin çekmegiň bähbitli taraplary köp. Ilki bilen-ä, sport sagdynlygyň, ruhubelentligiň gözbaşy bolmak bilen, bu ulgamyň ösdürilmegi halkymyzyň saglygyny goramakda we berkitmekde ähmiýeti örän uludyr. Mundan başga-da, ýurdumyzda sportuň ösdürilmegi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygynyň gazanylmagyna-da bähbitli täsirini ýetirýär.

Ýetginjek pälwanlar bäsleşdiler

Ýakynda Arkadag şäheriniň Köpugurly sport toplumynda «Arkadag sahawaty — çagalaryň köňül buýsanjy» atly guşakly göreş boýunça bäsleşik geçirildi. Ony Arkadag şäheriniň bedenterbiýe we sport müdirligi bilen Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi bilelikde guradylar. 2010 — 2012-nji ýylda doglan okuwçy oglanlar agramlary boýunça öz aralarynda bäsleşdiler.

Welosiped sürmek — sagdyn ýaşaýşa badalga

Dünýä döwletleriniň hem-de halklarynyň ykdysady we durmuş taýdan ösüşini ýokary derejede üpjün etmek üçin daşky gurşawy goramak, onuň arassalygyny gazanmak gönüden-göni ilkinji zerurlykdyr. Munuň üçin ulaglaryň daşky gurşawa edýän zyýanly täsirini azaltmak hökmanydyr. Şu nukdaýnazardan, dünýäde welosiped sportuny ösdürmek babatdaky tagallalar giň gerime eýe bolýar. Bu ulag iň elýeterli, amatly hem-de ekologiýa taýdan arassa hasaplanylýar. Welosiped sürmek daşky gurşaw üçin zyýansyzdyr. Şonuň üçin bu ulagy has giňden durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen, welosiped köpçülikleýin öndürilýär we ulanylýar. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmak ynsan saglygyny berkidýär, onuň işe ukyplylygyny artdyrýar, ýürek-damar, gan basyş keselleri, süýjüli-diabet howpunyň hem-de howply täze döreme keselleriniň käbir görnüşleriniň öňüni almakda, aýagyň myşsalarynyň işjeňligini artdyrmakda örän peýdalydyr. Welosiped sürmek ruhuňy göterýär, gözel tebigatyň ajaýyplygyny, owadanlygyny synlamaga, oňa aralaşmaga, daşky dünýäni doly öwrenmäge, gezelenç edýän ýeriň täsinligine göz ýetirmäge şert döredýär. Bu bolsa öz gezeginde adamyň ruhuny göterip, şähdini açýar, fiziki taýdan sagdyn bolmagyny üpjün edýär.

Sport ulgamynda paýtagtymyza berlen belent dereje

Hemmämize mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji maýynda paýtagtymyzda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabat şäheri «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi. Bu bolsa häzirki döwürde ak şäherimiz Aşgabadyň halkara duşuşyklaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň we forumlaryň geçirilýän merkezine öwrülendigini ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen subut etdi. Bu çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi mähriban halkymyzda buýsanç duýgusyny döretdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Bütindünýä welosiped gününiň ýokary derejelere beslenip, baýram edilen günlerinde Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda paýtagtymyzyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Aşgabat — sport mümkinçilikleriniň we üstünlikleriniň şäheri» atly baýramçylyk çäreleri geçirildi. Bu ýerde türkmen türgenlerimiziň döwletimizde hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän ýokary derejeli halkara ýaryşlarynda gazanan üstünlikleriniň sergisiniň guralmagy, sergide olaryň abraýly bäsleşiklerde gazanan dürli derejeli baýraklarynyň görkezilmegi sport janköýerlerinde uly gyzyklanma döretdi.

Welosipedli ýöriş — sagdynlygyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sporty barha ösýär, eziz Diýarymyz sport ýurduna öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berk ornaşdyrmak, raýatlaryň beden we ruhy sagdynlygyny gazanmak, milli sporty ösdürmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirýän işleri bu ugurdaky tagallalaryň rowaçlanmagyna getirýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap sport mekdepleridir toplumlar, meýdançalar, ak mermerli paýtagtymyzda bolsa sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi kemala geldi. Munuň özi sporty ösdürmäge, kämil türgenleri kemala getirmäge döredilýän giň mümkinçiliklerdir. 3-nji iýunda ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni dabaraly bellenip geçildi, sport çäreleri ildeşlerimiziň ruhuny göterdi. Halkara derejesinde giňden bellenilen Bütindünýä welosiped güni parahatçylygy, dost-doganlygy, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan baýrama öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tomus paslynyň ilkinji günlerinde Bütindünýä welosiped gününiň şanyna köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň, baý öwüşginli medeni-jemgyýetçilik çäreleriň geçirilmegi aýratyn bellärliklidir. Sagdyn durmuş ýörelgesine we ekologiýany tutuş adamzat bolup goramaga çagyrýan bu baýramçylygyň geçirilýän gününde aýdym-sazlaryň hoş owazy belentden ýaňlandy.

Sport

Gyzykly geçen ýaryş Akdepe etrabyndaky 5-nji sport mekdepde ýetginjek gyzlaryň arasynda woleýbol boýunça etrabyň açyk birinjiligi geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatyny wagyz etmek, ýaş türgenleri ýetişdirmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak we sporta höwes döretmek maksady bilen geçirilen ýaryşda bäş topar özara bäsleşdiler. Ýaryşyň netijesine görä, «Diýar» topary birinji, «Güneş» topary ikinji, «Laçyn» topary üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňiş gazanan toparlar Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Welosipediň taryhyndan

Welosiped ekologiýa taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulagyň görnüşi höküminde dünýäde giňden ulanylýar. Welosiped sürmek adamyň saglygyna oňaýly täsir edýär. Açyk howada gözel tebigatda welosiped sürülende bedeniň madda çalşygy güýçlenýär, ýürek-damar, ýokanç kesellerden goraýjy ulgamlaryň işjeňligi ýokarlanýar, durky berkeýär. Welosipedde gezelenç edileninde uzak aralyga seretmek bilen şowakörlük keseliniň öňüni alýar. Ol adamyň myşsalarynyň, immunitetiniň berkemegine ýardam berip, süýji keseli bejermekde hem has peýdaly hasaplanýar. Ilkinji welosipediň oýlanyp tapylan wagty 1817-nji ýyl diýlip çaklanylýar. Ony germaniýaly baron Fon Drez «Drezdiniň aty» ady bilen döredýär. Şondan 23 ýyl soň, ýagny 1840-njy ýylda şotlandiýaly Makmillan onuň has kämilleşen, yzky tigirlerini herekete getirýän ryçag goýulan görnüşini ýasaýar. 1965-nji ýylda bolsa Fransiýada ilkinji gezek welosiped döredilýär. 1870-nji ýylda Angliýanyň Kroýden şäherinden G.Beýts hem welosiped ýasapdyr. XIX asyryň 80-90-njy ýyllarynda welosipediň täze görnüşlerini döretmek has-da kämilleşýär. Şol sebäpden XX asyrda welosiped sürmek ýörgünli bolup başlaýar. Şeýle-de käbir taryhy maglumatlarda welosipediň çyzgysyna Leonardo da Winçiniň eserlerinde hem duş gelnendigi bellenilýär.

Ekologiýa taýdan arassa ulag: taryhy we şu güni

2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji umumy mejlisinde 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi eziz Watanymyzda welosporta berilýän uly ünsüň nobatdaky dabaralanmasy, bu ugurdaky tagallalaryň halkara derejede ykrar edilmegi bolupdy. Her ýylyň 3-nji iýunynda ýurdumyzda welosipedli ýörişleriň guralmagy bolsa bu baýramçylyga aýratyn öwüşgin berýär. Ine, bu gezek hem şeýle boldy... ...Mary şäherinde jemlenen welosiped söýüjileriň 53-si uzak menzili külterlemäge sabyrsyzlyk bilen garaşdylar. 335 kilometrlik ýoluň başlangyjynda dört tapgyrdan ybarat bolan aralygy geçmek üçin Ahal, Daşoguz, Lebap welaýatlaryna hem-de paýtagtymyza wekilçilik edýän welosipedçiler tälimçileriň 7-siniň ýolbaşçylygynda uzak aralyga ýola düşdüler. Netijeli geçirilen türgenleşikler bolsa şonda olaryň pellehana bellenilen möhletde ýetjekdiklerine ynam döredýärdi.

Sport, sagdynlyk, abadançylyk

Ylym dünýäsinde «Welosipedi gaýtadan oýlap tapmak» diýen jümle berk ornaşypdyr. Bu jümle ozaldan hem mälim bolan närsäni täzeçillik ýaly görkezmek isleýänleri ýaňsylamak üçin dörän bolsa-da, welosipediň oýlanyp tapylmagynyň we peýdalanylmagynyň ähmiýetini peseltmän, eýsem, bu ulagyň adamzadyň durmuşynda eýeleýän ornuny görkezýär. Ýönekeýlik, ýeňillik, elýeterlilik welosipedi beýgeldýän aýratynlyklardyr. Çünki hemme beýik we ajaýyp zatlar ýönekeýligi bilen tapawutlanýar. Ynsan üçin sagdynlygyň iň uly baýlyga, daşky gurşawyň abadançylygynyň bolsa döwrüň iň derwaýys meseleleriniň birine öwrülen zamanasynda welosipediň ähmiýeti has-da artýar. Şonuň üçinem sagdynlygyň we ekologiýa abadançylygyň ulagynyň umumadamzat derejesindäki baýramçylygy — Bütindünýä welosiped güni birnäçe ýyl bäri Ýer ýüzünde giňden bellenilip gelinýär. 2024-nji ýylda bu sene mynasybetli dabaralar ýurdumyzda uly ruhubelentlige beslendi. Paýtagtymyzda şanly sene mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň kerweniniň başyny hut Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çekmegi jemgyýetimiziň sagdynlyk, ruhubelentlik, ekologiýa abadançylygy ýaly gymmatlyklaryň daşynda jebisleşmegini şertlendirdi. Welosipediň oýlanyp tapylyşynyň taryhy barada dürli çeşmelerde tapawutly maglumatlar beýan edilýär. Şol garaýyşlar bilen bu ýazgymyzy uzaldyp oturman, kimiň ýa-da kimleriň hyzmatydygyna garamazdan, welosip

Watanymyzyň halkara sport abraýy pugtalanýar

Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumy «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edildi Ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara gününiň giňden bellenilen gününde — 1-nji iýunda çagalar tennis festiwalynyň açylyş dabarasy, şeýle hem Aziýanyň tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyşy boldy.

Lebaply welosipedçiler 335 kilometrlik menzili geçdiler

Welaýatymyzdan türgenleriň 11-si öz tälimçisi bilen Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň paýtagtymyzdan Mara çenli aralykdaky işe girizilen böleginde geçirilen welosipedli ýörişe gatnaşdy. Bu ýörişiň uzynlygy 335 kilometre ýetdi. Ýörişe 31-nji maýda Mary şäherinden badalga berildi. Oňa ýurdumyzyň Ahal, Daşoguz we Lebap welaýatlaryna hem-de paýtagtymyza wekilçilik edýän türgenleriň 53-si, tälimçileriň 7-si we tehniki işgärleriň 2-si gatnaşdy. Olaryň arasynda biziň welaýatymyzyň wekilleri hem bar.

Sport

Pälwanlar bäsleşdiler Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sport ulgamyny halkara talaplara laýyk kämilleşdirmäge, sporty ösdürmäge we sagdyn durmuşy wagyz etmäge, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge uly üns berýär.

Türkmen sportuna bagyşlanan dabara

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan eziz Diýarymyzda ynsan saglygy baradaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy orny eýeleýär. Sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak ynsan saglygy üçin möhüm ähmiýetlidir. Bu babatdan, ýurdumyzda giň möçberli işler alnyp barylýar, halkara talaplara laýyk gelýän milli sport ulgamy döredilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, «Hormatly Arkadagymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerip, eziz Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen asylly başlangyçlarymyz dünýäniň abraýly sport düzümleri tarapyndan giň goldawa eýe bolýar». Bu hakykaty paýtagtymyzda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde  Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlen çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi hem doly tassyklaýar. Paýtagtymyz Aşgabatda soňky ýyllarda gurlan Olimpiýa şäherçesi, Olimpiýa suw sport toplumy, Milli Olimpiýa sport köşgi, Gyşky oýunlar sport toplumy, «Aşgabat» köpugurly stadiony ýaly iri sport desgalary sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmekde giň mümkinçilikleri açýar.

Şanly senä bagyşlandy

Kaka etrabynyň sport mekdebinde “Sport sagdynlygyň, ruhubelentligiň, abadanlygyň we dostlugyň çeşmesidir” ady bilen geçirilen duşuşyk Bütindünýä welosiped gününe bagyşlandy. Ony Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi bilelikde gurady. Wagyz-nesihat duşuşygynda Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen sportunyň şan-şöhratynyň arşa göterilýändigi, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň barha rowaçlanýandygy dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sport-sagaldyş hereketiniň ösüşine uly üns gönükdirilýär. Bu ugurdaky tagallalar eziz Diýarymyzyň obalarynda, şäherçedir şäherlerinde yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän sport maksatly desgalaryň, olarda ildeşlerimiz üçin döredilýän giň şertlerdir mümkinçilikleriň mysalynda aýdyň ýüze çykýar.

Bütindünýä welosiped güni

Şu gün Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde  Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny ,«Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilen  Kararnama laýyklykda,  Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Bütindünýä welosiped güni mynasybetli  ýurdumyzyň welaýatlarynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde köpçülikleýin sport çäreleri  uly ruhubelentlik bilen, guramaçylykly geçirildi. Welosiped sporty boýunça guralýan ýaryşlar, köpçülikleýin ýörişler, maslahatlar  ekologik taýdan arassa ulag serişdesi bolan welosipediň sagdyn durmuş ýörelgesine laýyk gelýändigini subut edýär. 

Bagtyýar çagalaryň köňül buýsanjy

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 Ýur­du­myz­da ösüp gel­ýän bag­ty­ýar ça­ga­la­ryň bagt­ly, şa­dy­ýan we sag­dyn gel­je­gi ba­bat­da ägirt uly ta­gal­la­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu ugur­da gu­ral­ýan, Türk­me­nis­ta­nyň sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny bü­tin dün­ýä­de da­ba­ra­lan­dyr­ýan iri sport çä­re­le­ri, bäs­le­şik­le­ri aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýedir.

Bedenterbiýe we sport

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 28-nji maý­da Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň we Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň uly mej­lis­ler za­lyn­da «Ta­lyp joş­gu­ny — 2024» at­ly dö­re­di­ji­lik fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­di.

Ulu­dan toý­lan­ýan sport baý­ra­my

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 Sport — yn­san öm­rü­niň mü­di­mi­lik hem­ra­sy. Ta­ryh sahypalary spor­tuň yn­san sag­ly­gy­na peý­da­sy­nyň, yn­sa­nyň spor­ta bo­lan söý­gü­si­niň soň­suz­dy­gy­ny äş­gär ed­ýär. Sport di­ňe bir sag­dyn­ly­gyň, ru­hu­be­lent­li­giň göz­ba­şy däl, eý­sem pa­ra­hat­çy­ly­gyň hem ke­pi­li­dir. XIX asyr­da ýa­şap ge­çen fran­si­ýa­ly jem­gy­ýet­çi­lik iş­gä­ri Pýer de Ku­ber­te­niň spor­ta ba­gyş­la­nan oda­syn­da­ky: «Eý, sport! Sen — pa­ra­hat­çy­lyk!» di­ýen se­tir­le­ri hem sö­zü­mi­ziň aý­dyň my­sa­ly­dyr.

Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň her bir gü­ni şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Öň­den gel­ýän baý­ram­çy­lyk­lar bol­sa ge­çen ýyl­ky­lar­dan has-da da­ba­ra­ly­dy­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. 3-nji iýun­da bel­len­ilýän Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni my­na­sy­bet­li we­lo­si­ped ýö­ri­şi­ni gu­ra­mak öz­bo­luş­ly dä­be öw­rül­di. Em­ma bu ýyl bu se­ne di­ňe bir we­lo­si­ped ýö­ri­şi gör­nü­şin­de ge­çi­ril­mek bi­len çäk­len­män, Aş­ga­bat­da­ky Olim­pi­ýa şä­herçesiniň «We­lot­rek» sport top­lu­myn­da 27-nji maý — 3-nji iýun ara­ly­gyn­da «Siz bi­len sport­da ga­dam­lar bat­ly, // Ak gel­je­ge ýö­rel­gä­miz Ar­ka­dag» at­ly we­lot­rek bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň bi­rin­ji­li­gi­niň ge­çi­ril­me­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şeý­le-de baý­ram­çy­lyk my­na­sy­bet­li 31-nji maý — 3-nji iýun ara­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň we­los­port bo­ýun­ça ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň tür­gen­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň Ma­ry — Te­jen — Aş­ga­bat bö­le­gi­niň ug­ry bo­ýun­ça 335 ki­lo­metr ara­ly­ga dört tap­gyr­dan yba­rat we­lo­si­ped­li ýö­ri­ş ge­çi­ril­di. Şu gün jem­le­nen bu ýö­ri­şe 31-nji maý­da da­ba­ra­ly ýag­daý­da ba­dal­ga be­ril­di.