Ýere daýanan utýar

17 Ýanwar 2022
1123

Ýere eýelik etmek, ondan bol hasyl öndürmek, girdeji gazanmak ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgedir. Bu barada halk arasynda birnäçe nakyllardyr atalar sözi hem döräpdir: «Ýer daýhany dabanyndan tanarmyş», «Ýer görki — galla, adam görki — elde», «Ýere gulluk eden bir ýyldan baý bolar, mala gulluk eden — ýedi ýyldan», «Ýeri baýyň ili baý», «Ýeri eý gör — eklär, maly eý gör — saklar».

Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň oba hojalygyny girdejili pudaga öwürmek ugrunda düýpli işler alnyp barylýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Obasenagat toplumynyň köpugurly mümkinçiligini herekete getirmek üçin täze, netijeli usullary peýdalanmak, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň oňat dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmak zerurdyr» diýip, belleýär.

Aýparça AKYMOWA,
«Maru-şahu jahan» welaýat gazetiniň habarçysy.