Döwrebap kärhananyň hyrydarly önümi

13 Ýanwar 2022
1197

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ummasyz gorlara daýanýan uglewodorod serişdelerini dünýä ylmynyň gazanan häzirki zaman tehnologiýalary arkaly senagat taýdan gaýtadan işläp, halkara bazarlarda bäsleşige ukyply, sarp edijileriň durnukly artýan isleglerinden peýdalanýan önümleriň önümçiligini ýola goýmaga hemişe uly üns berýär. Bu asylly maksadyň rowaçlyklara beslenmegine ägirt uly maýa goýum serişdelerini gönükdirýär. «Garabogazkarbamid» zawody hem şeýle tutumlaryň çäklerinde gurlup, ykdysadyýetimiziň gazhimiýa pudagynyň okgunly ösmegine netijeli itergi berdi. Zawodda öndürilýän karbamid döküni, ilkinji nobatda, daşarky bazarlara çykarmaga niýetlenendir. Kärhananyň öndürýän önümine daşarky sarp edijiler uly gyzyklanma bildirýärler.

Karbamid dökünine içerki we daşarky bazarlarda durnukly artýan islegler kämil tehnologiýalara, ylmy işläp taýýarlamalara esaslanýan bu senagat kärhanasyna ýubileý ýylyny mynasyp  zähmet görkezijilerine beslemäge mümkinçilik berdi. Netijede, kärhananyň zähmet topary geçen ýylda karbamid döküniniň 989 müň 111 tonna golaýyny öndürmegiň hötdesinden geldi. Agrosenagat toplumynda ýokary islege eýe bolan bu döküni öndürmekde zerur çig mal bolup hyzmat edýän suwuk ammiagyň 570 müň 466 tonnadan gowragy öndürildi. Ýeri gelende aýtsak, häzirki zaman gazhimiýa kärhanasynda öndürilen döküniň 967 müň 886 tonnadan gowragy sarp edijilere ýetirilip, şonuň 455 müň 144 tonna golaýy daşarky bazarlarda ýerleşdirildi. Galan möçberi bolsa ýurdumyzyň sarp edijilerine ugradyldy.

Nurmämmet HYDYROW,
«Balkan».