«Wal­mart» we «Fe­dEx» müň­ler­çe «GM» aw­tou­lag­la­ry­ny sa­tyn alar

9 Ýanwar 2022
1155

«Wal­mart» we «Fe­dEx» kom­pa­ni­ýa­la­ry öz flo­tu­na müň­ler­çe «Ge­ne­ral Mo­tors» elekt­rik aw­toulag­la­ry­ny goş­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýän­dik­le­ri­ni ha­bar ber­di­ler. «Wal­mart» Det­roýt­da ýer­leş­ýän aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­si bi­len 5000 «BrightD­rop» aw­tou­la­gy­ny äti­ýaç­lan­dyr­mak üçin tä­ze şert­na­ma bag­laş­dy. Mag­lu­mat üçin, «BrightD­rop»-yň il­kin­ji müş­de­ri­si «Fe­dEx» ge­çen aý «GM» awtoulagyndan 500 sanysyny sa­tyn alan­dan soň goş­ma­ça sar­gyt be­rip­di. Şeý­le-de «Fe­dEx» ýa­kyn ýyl­lar­da ýe­ne 2000 ulag sa­tyn al­mak ba­ra­da şert­na­ma bag­la­şan­dy­gy­ny mä­lim et­di. «Fe­dEx»-iň se­bit­le­ýin pre­zi­den­ti Ri­çard Smi­tiň pi­ki­ri­çe, bu sar­gyt­lar 20 müň elekt­rik aw­tou­la­gy­na çen­li ösüp bi­ler.

Remezan PIRKULYÝEW
Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň ýaşaýjysy