Döwrebap sowadyjy ammarlar

4 Ýanwar 2022
1383

Hormatly Prezidentimiziň gök-bakja we miwe önümleri bilen ilaty ýylyň bütin dowamynda bolelin üpjün etmek üçin sowadyjy ammarlar bilen üpjünçiligi gowulandyrmagyň zerurdygy hakyndaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda müňlerçe tonnalyk sowadyjy ammarlar işe girizildi. Häzirki wagtda şolarda saklanýan gök-bakja, miwe önümleri sarp edijilere yzygiderli ugradylýar.

Ýurdumyzyň hususyýetçileriniň sowadyjy desgalarynyň 12-sinde gök-bakja, miwe önümleriniň gorlaryny döretmek, ýurdumyzyň bazarlaryny we dükanlaryny azyk harytlary bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça işler ýylboýy dowam edýär. Olaryň biri-de «Miweli ülke» hususy kärhanasynyň Mary şäherinde ýerleşýän gök-bakja we miwe önümlerini saklaýan 2 müň tonnalyk sowadyjy ammarydyr. Ösen tehnologiýalar esasynda enjamlaşdyrylan desgalar 2 müň tonna ýeralma, 2 müň tonna miwe saklamaga niýetlenilip, olaryň 10 sowadyş bölümi, dolandyryş bölümi hem-de barlaghanasy bar.

Nursoltan BAÝRAMDURDYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.