Esasy maksat — ýokary hil

1 Awgust 2021
1421

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir gününi ýokary zähmet üstünlikleri bilen besleýän Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Parfiýa — Gurluşyk» hususy kärhanasynyň unaş önümlerini öndürýän bölüminiň işgärleri önümleriň mukdaryny artdyrmak bilen, hiliniň talabalaýyk bolmagyny, şeýlelikde, kärhananyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyny gazanýarlar. Bölümde işler döwrebap guralyp, halkyň köp isleg bildirýän unaş önümleriniň onlarça görnüşi taýýarlanýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar oturdylan bölümde ýokary hilli unaş önümleriniň her günde 1 tonnasy öndürilýär. Önümler 1 — 5 kilogram möçberde gaplanylyp, «Uzboý» haryt nyşany bilen elýeterli bahadan ilata ýetirilýär. Kärhananyň öndürýän ýokary hilli önümlerine diňe bir welaýatyň çäklerinde däl, eýsem, ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem uly isleg bildirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmäge berýän goldawyna özleriniň mynasyp zähmetleri bilen jogap berýän bölümiň işgärleri ilatyň unaş önümlerine bolan isleglerini yzygiderli öwrenmek bilen, önümleriň hilini ýokarlandyryp, mukdaryny barha artdyrýarlar. Gazanylýan üstünlikler bolsa, bölümiň işgärlerinde zähmete bolan höwes döredýär.

Saparmyrat HAKMYRADOW,
öz habarçymyz.