Telekeçilik — ykdysadyýetimiziň wajyp ulgamy

30 Iýul 2021
1296

Döwrebap bazar gurallarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna Türkmenistanyň telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, hususy ulgamyň ornuny ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli Liderimiz ýurdumyzy okgunly ösdürmekde ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtaýar.

Hökümetiň şu ýylyň 9-njy iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde ýylyň birinji ýarymynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň jemleri jemlenildi. Mejlisde döwlet Baştutanymyz bazar ykdysadyýeti şertlerinde işewürligi we hususy telekeçiligi ösdürmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi. Şol mejlisde beýan edilen görkezijiler ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçilik ulgamynyň kuwwatynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüşi 136 göterimden gowraga, senagat önümleriniň ösüşi bolsa 119 göterime deň boldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň telekeçiliginiň wekilleriniň 26 müňe golaýy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýar. Ýurdumyzyň zähmet çekýän ilatynyň 50,3 göterimi ykdysadyýetiň hususy ulgamynda işleýär. Telekeçilerimiz önümçilik we durmuş maksatly desgalary — ýaşaýyş jaýlary, zawodlary, mekdepleri hem-de çagalar baglaryny, saglygy goraýyş we sport desgalaryny, ýollary gurýarlar. Telekeçiler ýylyň birinji ýarymynda oba hojalyk önümleriniň jemi 150 müň tonnadan gowragyny taýýarladylar. Häzirki wagtda oba ýerlerinde umumy meýdany 450 gektara barabar bolan ýyladyşhanalaryň 100-den gowragy guruldy we işe girizildi. Ýaz möwsüminiň dowamynda ýyladyşhana hojalyklary daşary ýurtlara pomidorlaryň dürli görnüşleriniň 50 tonna golaýyny iberdiler. Pomidoryň 20 tonna golaýy ilkinji gezek Awstriýa ugradyldy. Ýylyň ahyryna çenli Günbataryň ýurtlaryna ter pomidorlaryň ýene-de 60 tonna golaýyny ibermek meýilleşdirilýär. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň iýul aýynda Aşgabada bolan saparynyň çäklerinde dostlukly ýurda oba hojalyk we senagat önümlerini ibermek barada ylalaşyk gazanyldy. Şol önümler gaýra goýulman Gyrgyzystana ýetirildi.

"Nesil".