Keramika — gözelligiň öwüşgini

17 Iýul 2021
1525

Ynsan mydama gözellige teşne. Ol gurýan binalarynyň-da özüne çekiji, gözel bolmagyny isleýär. Ata-babalarymyz munuň üçin öz döwründe toýundan dürli ölçegdäki küýzeleri, gap-gaçlary ýasap, gyzgyn otda bişiripdirler we soňra oňa syrça çaýypdyrlar. Şeýle usul bilen senetçiligi kemsiz ele alan eždatlarymyz gurýan binalarynyň gümmezlerini, dälizlerini we öň taraplaryny keramika daşlary bilen bezäpdirler. Şeýlelikde, barha giň gerime eýe bolan keramikadan bezeg usullary orta asyrlarda ençeme şäherlere, köşklere özboluşly görk beripdir. Hawa, uzaklardan Gün nuruna öwşün atýan, syrçalanan gümmezler seni haýrana goýýar. Aziýanyň merjen şäheri hasaplanýan Aşgabadyň birnäçe binalarynyň Gün nuruna ýalkym saçýan gümmezleri hut şol gözelliklerden habar berýär. Diýmek, çarhy-pelegiň aýlanyp durmagy bilen, biz ýene-de ata-baba ýörelen ýollara dolanýarys.

«Döwletli-Döwran» hojalyk jemgyýetiniň Halaç etrabynyň çäginde «Eziz doganlar» hojalyk jemgyýetine gurduran keramika-bezeg önümler kärhanasy hem bina bezegleri üçin zerur bolan şeýle önümleri öndürýär. Ýurdumyzda bu ugurdan ýeke-täk bolan kärhana, geçen ýylyň dekabr aýynda işläp başlandygyna garamazdan, eýýäm on milliondan gowrak klinker kerpijini öndürdi. Taslama kuwwaty gije-gündizde 550 tonna çig maly gaýtadan işlemäge niýetlenen kärhana üç iş çalşygynda işläp, onda dürli derejedäki hünärmenleriň, işçileriň 198-si zähmet çekýär.

Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan».