Hyrydarly önümler

15 Iýul 2021
1468

«Agaýana» hususy kärhanasynyň hünärmenleri islendik işe gözlegli we döredijilikli çemeleşýärler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu kärhana Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň çäginde gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini ýola goýdy. Işe başlan ilkinji gününden öz öndürýän ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, owadan önümleri bilen içerki bazarda mynasyp orun aldy. Häzirki wagtda kärhana önümlerini daşary döwletlere-de çykaryp ugrady. Azerbaýjan, Özbegistan ýaly döwletler bu kärhananyň önümlerine isleg bildirýärler.

Hususy kärhananyň esasy maksady daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmekdir. Ýerli çig mallary peýdalanmagyň hasabyna gurluşykda, hojalyk şertlerinde we beýlekilerde giňden ulanylýan DSP kärhananyň esasy önümidir. Bu önümçilikde hünärmenler hasyly alnan gowaça çöpüniň galyndylaryny hem-de agaç gyryndylaryny peýdalanýarlar. Bu usul önümiň elýeterli bolmagyna, goşmaça girdeji gazanmaga giň mümkinçilik berýär.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Şamyrat AMADOW.