Rowaçlyk yhlasdan başlanýar

13 Iýul 2021
1396

Telekeçiler Saburdyr Timur Taşewleriň ady bilen baglanyşdyrlyp, «STT» diýlip atlandyrylan bu hususy kärhana Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýär. «STT» hususy kärhanasy etrabyň Garnas geňeşliginiň Ýaşlyk obasynyň çäginden peýdalanmak üçin bölünip berlen meýdanda önümhana açyp, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini ýola goýdy. Telekeçiler häzirki wagtda hususy kärhanada düýpli gurluşyk işleri üçin niýetlenen serişdeleriň alty görnüşini öndürýärler.

Köýtendagyň goýnunda ösüp-ulalan Sabur aga bu sebite bäş barmagy ýaly belet. Ol çagalyk ýyllarynda baýyrlarda kömelekdir ýuwa-ýelmik çöplän bolsa, ýetginjek ýyllary eýýäm bu ýerleriň genji-baýlygynyň peýdaly taraplary bilen gyzyklanyp başlapdyr. Megerem şu gyzyklanma onuň geolog kärini saýlamagyna sebäp bolandyr. Köýtendagda geçirilen buraw işleriniň ençemesine gatnaşan Sabur aga gojaman daglaryň goýnunda gizlenip ýatan tebigy baýlyklaryň ýerasty gory bilen, gör, näçe gezek «ýüzbe-ýüz» bolandyr?! Kükürt, gurşun, kaliý, nahar duzlary, daş kömri, polimetal ýaly onlarça himiki elementler bilen tanşyp, olaryň düzümini öwrenmegiň arzuwynda bolan ýaş hünärmen soňra bu işe has içgin baş goşmak baradaky karara geldi. Şeýlelik bilen, ol hususy eýeçilikde işe başlap, ýerli çig mallardan taýýarlan ilkinji önümlerini ilata hödürledi.

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».