Telekeçiler — ýurdumyzyň altyn gaznasy

5 Iýul 2021
1407

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinden, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi baradaky tagallalaryndan egsilmez ylham we güýç alýan mähriban halkymyz joşgunly zähmet çekip, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda uly netijeleri gazanýarlar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy dünýäniň öňde barýan döwletleriniň hataryna goşmak, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini dowamly ýokarlandyrmak babatynda alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty gysga wagtyň içinde öz oňyn netijelerini görkezdi. Şunda milli ykdysadyýetiň hususy bölegini goldamak işleri hem ileri tutulýan ugurlaryň hataryna çykaryldy.

Ýurdumyzda hususy işewürligi ösdürmek we telekeçilik işi bilen meşgullanýan adamlary goldamak üçin oňaýly şertler döredildi. «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi, ýurdumyzda «Rysgal» täjirçilik paýdarlar bankynyň döredilmegi, «Syýasy Partiýalar hakynda» Kanunyň kabul edilmegi bu ugurda ädilen ilkinji ädimlerdir. Milli Liderimiziň badalga bermegi bilen, ýurdumyzda telekeçiligiň ösmegi, bazar gatnaşyklaryna giň ýol açylmagy hususyýetçiligiň sanynyň artyp, olaryň arasyndaky bäsdeşligi hem güýçlendirdi. Türkmen işewürleri sanlyja ýylyň içinde milli telekeçiligiň ösüşli ýollarynda baý iş tejribesini topladylar.

Annasoltan BERDIÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy, ykdysady ylymlaryň kandidaty.