Ýüpek gurçugynyň idedilişi

20 Aprel 2021
1949

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýüpekçilik pudagyny ösdürmäge uly üns berýär hem-de bu ugurda oba hojalyk işgärleriniň öňünde anyk wezipeleri goýýar. Şol wezipeleri berjaý etmek üçin, ilkinji nobatda, ýüpek gurçuklaryna talabalaýyk ideg etmegi guramak gerek. Çünki öndüriljek piläniň mukdary we hili ýüpek gurçuklarynyň idedilişine baglydyr.

Ýüpek gurçuklary ýörite taýýarlanan — arassalanan we dezinfeksiýa çäreleri geçirilen, şeýle-de degişli enjam bilen enjamlaşdyrylan otaglarda idedilýär. Olaryň kadaly ösmegi üçin gurçuk idedilýän otagyň ýylylyk derejesi birinji, ikinji ýaşlarynda 25-26, üçünjisinde 26, uky döwründe 24-25, dördünjisinde 23—25, gow çalyşýan döwründe 24, bäşinji ýaşynda 23-24, saryma giren wagty 24, üç gün geçenden soňra 23 derejä deň bolmaly.

Maýa MEREDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.