Bereket mekany

1 Aprel 2021
1519

Watanymyzyň çar ýanynda yzygiderli gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilýän dürli maksatly desgalar ýaşaýyş-durmuş şertlerimiziň has-da ýokarlanmagyna, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna itergi berýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna barýan günlerimizde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Kaka etrabynda döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyp, işe girizilmegi bu ugurda uly ähmiýete eýe boldy hem-de etrabymyzyň ilatynda egsilmez şatlyk duýgusyny döretdi. Häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan bu ýyladyşhana etrabymyzyň çäginde öňden bar bolan döwrebap ýyladyşhana toplumlarynyň üstüni ýetirdi hem-de ildeşlerimiziň onlarçasyny iş orunlary bilen üpjün etdi.

Hormatly Prezidentimiziň telekeçilere berýän goldawy netijesinde sanlyja ýyl mundan ozal etrabymyzyň çäginde «Röwşen—Rahym» daýhan hojalygyna, «Ýigit» hojalyk jemgyýetine degişli bolan döwrebap ýyladyşhana toplumlary açylyp, olarda bu gün guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Bu ýyladyşhanalarda etrabymyzyň ýaşlarynyň uly topary zähmet çekip, Watanymyzda azyk bolçulygynyň pugtalanmagy ugrundaky asylly işlere saldamly goşant goşýarlar. Olaryň tagallalary bilen ýetişdirilýän ýokumly gök önümler dünýäniň ençeme ýurdunyň bazarlarynda uly meşhurlyga eýedir.

Ogulgerek GURBANOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.