Ýüpekçilik pudagy we tut agajy

30 Mart 2021
2276

Häzirki döwürde ýurdumyzda ýüpekçilik pudagynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Bu pudagy yzygiderli ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, piläniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak baş wezipeleriň biridir. Ýüpek gurçugyndan alynýan pile hasylynyň mukdaryny artdyrmak boýunça işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 12-nji martynda geçiren Hökümet mejlisinde 2021-nji ýylda pile öndürmek hakyndaky resminama gol çekdi. Şu ýyl ýurdumyz boýunça jemi 2 müň 100 tonna pile öndürmek meýilleşdirilýär. Şol sanda Ahal welaýatynda 155 tonna, Balkan welaýatynda 25 tonna, Daşoguz welaýatynda 500 tonna, Lebap welaýatynda 1010 tonna, Mary welaýatynda 410 tonna çig pile öndürmek göz öňünde tutulýar.

Ýüpegi gaýtadan işleýän kärhanalary gymmatly, ýokary hilli çig mal bilen üpjün etmekde tut agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek möhüm ähmiýete eýedir. Tut agajynyň ýapraklary ýüpek gurçuklarynyň esasy iýmiti bolup durýar. Ýöriteleşdirilen ekin meýdanlarynda, şeýle hem daýhan birleşikleriniň ençemesinde her ýyl tut agaçlarynyň müňlerçe nahallary ösdürilip ýetişdirilýär. Ekerançylyk ýerleriniň gyrasynda tut agaçlarynyň ekilmegi pagtany, beýleki oba hojalyk ekinlerini epgekli ýelden goraýar. Bu agaç suwaryş kanallarynyň kenarlarynyň berkleşmegine we daşky gurşawyň ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine hem ýardam berýär.

Enejan DIDAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.