Ýylyň öňdebaryjy işewürleri

27 Mart 2021
2365

Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli Söwda-senagat edarasynda guralan forum üstünlikli jemlendi. Onuň çäklerinde birleşme hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan yglan edilen «Ýylyň öňdebaryjy işewüri» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy, şeýle-de foruma işjeň gatnaşyp, has tapawutlanan hususyýetçilere diplomlar gowşuryldy.

Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, telekeçileriň ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde 2020-nji ýylyň jemleri boýunça gazanan netijeleri seljerildi. Iş toparynyň çözgüdine laýyklykda, «Ýylyň işewür oba hojalykçysy» ugry boýunça «Nurly meýdan» daýhan hojalygy, «Ýylyň söwda we hyzmatlar pudagynyň öňdebaryjy işewüri» ugry boýunça telekeçi Nurmuhammet Gapurow, «Ýylyň işewür gurluşykçysy» ugry boýunça «Altyn» hojalyk jemgyýeti, «Ýylyň işewür senagatçysy» ugry boýunça telekeçi Aýhan Rejepowa birinji orna mynasyp boldular. Telekeçi Baýramgül Ýagmurowa ýylyň işewür zenany, «Parahat» hususy kärhanasy ýylyň täze oba hojalyk önümini öndürijisi, «Begler ýoly» hususy kärhanasy ýylyň täze senagat önümini öndürijisi, telekeçi Ada Gutlyýew ýylyň işewür çeper ussady, «Datly şerbet» hususy kärhanasy ýylyň işewür eksportçysy hökmünde yglan edildi. «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti innowasion tehnologiýalary we sanly ykdysadyýeti önümçilige ornaşdyrmakda öňdebaryjy, «Ajaýyp ussat halal önümleri» hojalyk jemgyýeti ekologiýa taýdan arassa önümleri öndüriji, «Päk nesil» hojalyk jemgyýeti ýylyň işewür okuw mekdebi hökmünde öňdeligi eýeledi.

Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».