Döwrebap ýyladyşhana toplumlary telekeçilerimiziň işiniň rowaçlanýandygynyň dabaralanmasydyr

25 Mart 2021
1812

Düýn eziz Watanymyzyň sebitlerinde döwrebap ýyladyşhanalaryň birnäçesi toý ruhunda açylyp, işe girizildi. Şonuň bilen baglanyşykly, döwlet Baştutanymyzyň Kaka etrabynyň G.Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde «Oguz ýol» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy, bu ýerden teleköpri arkaly ýurdumyzyň sebitlerinde gurlan innowasion tehnologiýaly häzirki zaman ýyladyşhanalarynyň işine ak pata bermegi hem-de olara “John Deere” kysymly tehnikalary sowgat etmegi şol taryhy wakalaryň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Ýörite habarçymyz.
SURATLARDA: döwrebap ýyladyşhana toplumlarynyň açylyş dabaralaryndan pursatlar.