Telekeçilik — ykdysady ösüşiň baş şerti

20 Mart 2021
1673

Mälim bolşy ýaly, 17-nji martda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli öz işine başlan sergi we birleşmäniň agzalarynyň maslahaty şu günler hem gyzgalaňly dowam edýär. Bu ýerde sergä gatnaşyjylaryň iki ýüze golaýy hem-de paýtagtymyzda we welaýatlarda iri möçberli döwlet taslamalaryny durmuşa geçirýän TSTB-niň düzümleri, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky, iri kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri öz diwarlyklaryny görkezýärler. Olarda milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan we täze önümçilikleri alyp barýan işewürlik düzümleriň gazanan üstünlikleri hem-de ykdysady mümkinçilikleriniň kuwwaty giň halk köpçüligine hödürlenilýär.

Telekeçiligi ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ykdysady strategiýasynda möhüm orun eýeleýär. Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň ösdürilmegi bazar ykdysadyýetini kemala getirmegiň, ahyrky netijede bolsa, durnukly ykdysady ösüşi gazanmagyň baş şerti bolup durýar. Çünki telekeçilik ulgamynyň ykdysady mümkinçilikleri ýurtda halk hojalygyny senagatlaşdyrmaga we bäsdeşlige ukyply häzirki zaman önümçilikleri ýola goýmaga ýardam berýär. Muny Söwda-senagat edarasynda häzirki wagtda dowam edýän we türkmen telekeçileriniň ýeten sepgitlerini doly açyp görkezýän sergi hem delillendirýär.

Bahar JEPBAROWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.