Üstünlikleriň aýdyň beýany

19 Mart 2021
2019

Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli sergi we birleşmäniň agzalarynyň maslahaty üstünlikli dowam edýär. Onda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginde mynasyp orun eýeleýän hususy pudagyň işini döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikler hem-de ýetilen belent sepgitler görkezilýär.

Türkmenistanda telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, döwrebap bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň ornuny giňeltmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde telekeçilige aýratyn orun berilýär.

Ýörite habarçymyz.