Arkadag hemaýatynyň miweleri

19 Mart 2021
1579

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy dünýäniň öňdebaryjy, ykdysady taýdan kuwwatly, ösen döwletleriniň birine öwürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan-da ýokary galdyrmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut şu maksat bilen-de, ähli ugurlarda bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz telekeçiligi goldamak babatda-da, ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen sergisi we maslahaty Gahryman Arkadagymyz tarapyndan hususy telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen syýasatyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, ýurdumyzyň telekeçilerine edilýän döwlet goldawlarynyň öz miwelerini berýändigini äşgär görkezdi. Sergide ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler, şonuň ýaly-da, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, işjeňligi görkezýän işewürlik düzümleriniň uly mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.

Ýörite habarçymyz.