Ösüşlerde altyn gaznaň ady bar

17 Mart 2021
1653

Düýn — 17-nji martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisiniň hem-de maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Däp bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda iş alyp barýan hususy işewürleri birleşdirýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen gününe gabatlanyp guralýan gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary we deputatlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, ministrlikleriň we edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisine hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde hususy pudagyň ornunyň barha artýandygy aýratyn bellenildi. Döwlete dahylsyz ulgamyň ykdysadyýetde eýeleýän ornunyň barha artdyrylmagy ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilýär. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň giňeldilmeginde, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagynda, bäsdeşlige ukyply önümçiligiň ösdürilmeginde telekeçilige möhüm orun degişlidir. Kiçi we orta telekeçilik innowasion ykdysadyýeti döretmegiň aýrylmaz bölegidir.

Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».