8-nji martda işe başlan kärhana

8 Mart 2021
1347

Aşgabat paýtagt derejesine eýe bolandan soň, ykdysady taýdan ösüş ýoluna düşýär. Geçen asyryň 30 — 40-njy ýyllary aralygynda şäherde işe girizilen kärhanalar milli ykdysadyýetimiziň ilerlemeginde uly hyzmaty bitiripdir. Olaryň biri-de 1928-nji ýylyň 8-nji martynda işe girizilen Aşgabadyň «8-nji mart» ýüpek fabrigidir. Häzirki wagtda hem hereket edýän Aşgabadyň ýüpek kärhanasy çig ýüpek öndürmäge ýöriteleşdirilipdir. Kärhana şäheriň we etek obalarynyň ýaşaýjylary işe alnypdyr. Wagtyň geçmegi bilen, işçileriň tejribesi artyp, çig ýüpegiň öndürilişi ýokarlanypdyr.

Fabrigiň önümçilik kuwwaty 96 sany mehaniki stanokdan ybarat bolupdyr. Ulag we ýük ýükleýiş, düşüriş işleriniň doly enjamlaşdyrylmagy netijesinde önüm öndürilişi artyp, hil taýdan ýokarlanypdyr. 1931 — 1969-njy ýyllar aralygynda kärhana birnäçe ordenlerdir diplomlara mynasyp bolupdyr.

Maýa MEREDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň kafedra müdiri.