Hyrydarly önümler

24 Fewral 2021
1405

Hormatly Prezidentimiziň hususyýetçilige berýän ünsi netijesinde Ahal welaýatynyň telekeçileriniň alyp barýan işleriniň gerimi barha giňäp, olaryň tagallasy bilen öndürilýän dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, ekologiýa taýdan arassa ýerli önümleriň möçberi artýar. Bu gün welaýatyň telekeçileriniň senagat, gurluşyk, oba hojalyk, azyk, söwda, hyzmat we beýleki ugurlar boýunça alyp barýan işleri belent sepgitlere çykýar. Munuň şeýledigine «Akar» haryt nyşanly joraplary öndürýän kärhananyň alyp barýan guwandyryjy işleriniň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Serdar Annakowa degişli bolan bu kärhana 2018-nji ýyldan bäri hereket edip gelýär. Welaýatyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhananyň döredilmeginiň esasy maksady ýerli çig malyň hasabyna içerki we daşarky bazarlar üçin dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, ekologiýa taýdan arassa jorap önümlerini öndürmekden ybaratdyr. Geçen gysga döwrüň içinde bu kärhanada önümçiligiň giň gerimde ýola goýulmagynyň netijesinde jorap önümleriniň ençeme görnüşi öndürildi.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren awtor.