Söwda — telekeçiligiň iň gadymy we möhüm ugry

23 Fewral 2021
1393

Megerem, bu taryhy tejribe bolsa gerek: täjirleriň ählisine telekeçilik ukyby mahsus däl hem bolsa, işewürleriň ählijesi täjirçiligi biläýmeli. Çünki işewür öndüren önüminden ýa-da hyzmatyndan bazarda diňe peýda gazanmaly, ol hutma-hut çyksa hem bolmaýar. Özem şeýle peýdanyň işewüre diňe bir maşgalasyny eklemäge, işini saklamaga ýeterlik bolany az: oba hojalygynda sap girdeji, beýleki pudaklarda peýda diýlip atlandyrylýan bu ykdysady görkeziji, ylaýta-da, ösüş-örňeýiş üçin gerek. Munuň üçinem ýene bir möhüm ykdysady görkezijiniň — düşewüntliligiň ýokary bolmagy zerur. Ýagny önümçilige ýa-da hyzmata çykaran her bir manadyň getirýän peýdasy köp bolmaly. Diýmek, telekeçi öndüren önümleriniň bazarlykdygyna, özem bäsdeşlikli bazara çykjak harytdygyna düşünip, ony ýerlemegiň aladasyny heniz önüm öndürmäge başlamanka edip, hasap-hesip çykarýar. Her hili bolup biläýjek ýagdaýlary mümkingadar nazara alýan şeýle çylşyrymly hasaba-da häzir «biznes-meýilnama» diýilýär. Ine, şeýdibem telekeçiniň täjirçilik başarnygy ýüze çykýar.

Aslynda, «bazar ykdysadyýeti» düşünjesiniň ýüze çykmagy hem şunuň bilen baglanyşykly bolsa gerek. Bitiren işiň gymmatyny özüň kesgitläniň az: önümdir hyzmatyňa ahyrsoňunda bazar baha berýär. Şeýdibem, adamzadyň özi bilen deň dörän «natural hojalyk» diýilýän döwür ösüp-ösüp, adamlaryň tebigatdan alýan zatlarynyň artykmaçlygy emele gelýär, onsoň özünde ýok zatlar bilen çalyşmaga şertdir mümkinçilik giňäp başlaýar. Onsoňam, munuň bilen birugra aň-düşünjäniň hem ösmegi arkaly, adamlaryň arasynda alyş-çalşyň ýa-da ätiýaçlyk gorunyň zerurlygyna düşünip başlanylmagy bilen, eýýäm söwda gatnaşyklary «şineläp» ugraýar. Şeýdibem, puldan hem ozal söwda döräp, ol gatnaşyklaryň iň ähmiýetlileriniň birine öwrülýär, çünki söwda, ykdysadyýet ýaly, beýleki pudaklardyr ulgamlaryň döremeginiň we ösmeginiň başyny başlaýar. Ýaponiýanyň ykdysadyýetiniň gudrat derejesinde ösen döwründe — geçen asyryň ikinji ýarymynda söwda boýunça ýörite dolandyryş düzümi — «Senagat we söwda ministrligi» diýip atlandyrylýardy. Diýmek, ykdysady pudaklaryň kerwenbaşysy saýylýan senagat söwda bilen has jebis alnyp barylýar. Munuň bir sebäbi hünärmen dällere hem mesaňa aýan: şeýle uly möçberdäki senagat önümlerini içerki bazardan gaýry daşary bazarlarda ýerlemek has möhümdi. Soňky döwürlerde ösen ýurtlarda içerki sarp ediş bazarynyň satyn alyjylyk mümkinçilikleriniň görnetin artmagyna garamazdan, bu ýagdaý köp babatda häli-häzire çenli şeýle bolmagynda galýar. Sebäbi şereketleriň önümçilik mümkinçilikleri juda artyp, onuň çygry hem ýurduň çäginden bireýýäm çykdy. Şeýle bol önümleri, goý, ýurt ymgyr uly bolaýsyn, onuň içind-ä däl, hatda şol sebitdir yklymda hem doly ýerlemek mümkin däl. Globallaşma döwrüniň gelmegi bilen söwdanyň ähmiýeti has artýar: mundan ötri geçen asyryň ahyrky onýyllygynda Bütindünýä söwda guramasy döredilip, bu düzüm söwdanyň ösmegine ýardam etjek işler bilen ýörite meşgullanýar. Bu abraýly we agramly gurama Türkmenistan hem şu ýyl synçy derejesi bilen kabul edildi. Onsoňam ýurdumyzda söwda bilen meşgullanýan hökümet düzüminiň Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi diýlip, atlandyrylmagy hem köp zatdan habar berýär: söwda-ykdysady ugrudyr daşary gatnaşyklaryň ulaşykly-utgaşykly alnyp barylmagy syýasy-ykdysady taýdan esaslandyrylan peýdaly, ýagny ylmy-pragmatik usuldyr.

Hakberdi AMANMYRADOW.
«Türkmenistan».