Bilim binýady pugtalandyrylýar

9 Fewral 2021
1024

Rowaýat edilişine görä, bir ata özüniň ýalňyz perzendini sowatly, bilimli adam etmek isläpdir. Uzak bir ülkedäki abraýly molla ogluny eltip, oňa ýaşamak üçin gerek bolan zerurlyklary — sowady, bilimi, terbiýäni öwretmegi tabşyrypdyr. Emma oglan näçe okasa-da, onuň kellesine zat girmändir.

Ol okuwyny taşlap, öýüne gaýdýar. Ýolda bir dagyň gowagynda dynç almak üçin dyz epýär. Şonda ol ýokardan damyp duran damja gözi düşýär. Hakyt, damjanyň damýan daşy oýulyp gidenmiş. Ol öz ýanyndan: “Ýönekeýje suw damjasy gaty daşy oýup bilipdir, ýöne meniň kelläme hiç zat girenok. Meniň kelläm şu daşdan gaty däldir. Yhlas edeýin. Atamyň ynamyny ödäýin” diýen niýeti ony yzyna dolapdyr. Bu rowaýatda beýan edilişi ýaly, hemme döwürde hem ilkinji orunda sowat, bilim öwrenmek durmuş üçin möhüm hasaplanýar.

Şähribossan ÖWEZOWA,
“Mugallymlar gazeti”.