Dil baýlygyny ösdürmek

9 Fewral 2021
1203

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, döwrebap bilim bermek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda mekdebiň başlangyç synplarynda hem çagalara sowat öwretmek, ene dillerine söýgi döretmek, milli ruhda terbiýelemek ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär. Esasan hem çagalaryň dünýä dillerini öwrenmäge bolan höwesleri ene dilini kämil bilmeklerinden, söz baýlyklaryna düşünmeklerinden gözbaş alýar. Şonuň üçin hem ilkinji sowat öwredilende hem çagalaryň diňe harplary bilmeklerini gazanmak däl-de, eýsem labyzly okamak başarnyklaryny ösdürmek hem gerekdir. Esasan hem labyzly okamagy öwrenenlerinde olarda kitap okamak höwesini döretmek möhümdir. Olar özbaşdak ertekileri okamagy endik edinmelidirler. Munuň üçin mugallymyň hem höweslendirmegi, ertekileri aýdyp bermegi we ertekili kitaplar hakynda düşünje bermegi möhümdir. Özbaşdak geçilýän sapaklarda çagalara ertekiler we kitaplar hakynda düşünje bermek bolar.

Dil aragatnaşygyň möhüm serişdesi hasaplanýar. Şonuň üçin hem ýaş nesilleriň dil baýlyklaryny ösdürmek baş maksat bolmalydyr. Munuň özi gepleşikde, pikir alyşmalarda diliň hyzmatynyň uludygy barada düşünjäni okuwçylaryň aňyna guýmakdyr. Şeýle terbiýede terbiýelenen okuwçylar ýokary synplarda sözleýiş medeniýetine oňat düşünerler. Sözleýiş we sözleýiş medeniýeti adamlaryň baý düşünjesiniň bardygyny hem görkezýär. Şonuň üçin hem okuwçylara ene dili sapagynda sowat öwretmek bilen bir hatarda okaýan sözlerine ünsli bolmagy öwretmek mugallymlaryň esasy wezipesidir.

Oguljennet AMANDURDYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 43-nji orta mekdebiň mugallymy.