«Halk market» halkyň hyzmatynda

7 Fewral 2021
2455

Eziz Diýarymyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda, ilatymyzy ýylyň ähli paslynda ter gök önümleri bilen üpjün etmekde ýurdumyzyň hususyýetçi ekerançylarynyň, telekeçileriň mynasyp paýy bar. Diýarymyzda yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän ak bazarlardyr söwda merkezleri söwda-satyk bilen meşgullanýan telekeçilerimiziň işleriniň ilerlemegine, halkymyzyň göwün islän harytlaryny we önümlerini uzakly günüň dowamynda elýeterli bahalardan satyn almagyna mümkinçilikleri döredýär. Ýakynda biz hem paýtagtymyzyň 12-nji tapgyrynyň ýaşaýyş jaýlarynyň çäginde ýerleşýän Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Halk market» söwda merkeziniň 2-nji şahamçasynda söwdanyň gidişi bilen gyzyklanyp, bu ýere bardyk. Bu söwda merkeziniň girelgesinden girenimizden tekjeleri dolduryp duran haryt bolçulygyna gözümiz düşdi. Harytlaryň aglaba böleginiň türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilýän önümler bolmagy bizi has-da guwandyrdy.

Dükanyň içine aýlanyp ýörkäk, gök-bakja önümleri bölüminiň deňine gelenimizde, bu bölümiň satyjysy, güler ýüzli Bägül Nurýagdyýewa bize söwdanyň gidişi, gelýän önümleriň saklanylyşy barada gürrüň berdi.

Täzegül KULJIKOWA,
«Bereketli toprak».