Geçmişe gaýybana syýahat

5 Fewral 2021
871

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda röwşen geljegi nazarlaýan eziz Watanymyzda ýaşlar barada uly aladalar edilýär. «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ata Watanymyzyň taryhyny ýaşlaryň içgin bilmeklerini gazanmak hem möhüm meseleleriň biri bolup, bu ugurda muzeýleriň, şol sanda mekdep muzeýler iniň orny, ähmiýeti uludyr. Biziň mekdebimizde hem taryh muzeýi ýerleşip, oňa mekdep okuwçylary bilen guralýan gezelençler ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Okuwçylar bu ýerde goýlan gymmatly taryhy tapyndylar bilen ýakyndan tanyş bolup, tejribeli taryh mugallymlarynyň we muzeý işgärleriniň gürrüň bermeklerinde halkymyzyň şöhratly geçmişine içgin aralaşýarlar. Ata-babalarymyzyň orta asyrlardaky durmuş şertleri bilen muzeýdäki eksponatlaryň üsti bilen tanyşmak, elbetde, ýaş nesilde uly täsir galdyrýar.

Aýsere TAGANDURDYÝEWA,
Etrek etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy.