Sanly bilim ulgamy ösüş ýolunda

4 Fewral 2021
1657

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly enjamlary giňden peýdalanyp, bilim berlişiniň hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Resminamadan görnüşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamyna uly üns berilýär. Bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyk gelmegi we halkara bilim giňişligine içgin aralaşmagy göz öňünde tutulýar.

Dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesinden görnüşi ýaly, sanly bilim döwletiň ösüş depgininiň çaltlandyrylmagyna oňyn täsir edýär. Sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna bilim berlişiniň mazmun taýdan baýlaşdyrylmagyny, hil taýdan çuňlaşdyrylmagyny, milli bilimiň öňki däp bolup gelýän usulyýetinden düýbünden tapawutlanýan täze usulyýete geçilmegini gazanmak mümkindir. Şonuň üçin bilim ulgamynyň ähli pudaklaryna sanly innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Gülşat AKYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.