Sapakda çagalaryň pikirleniş endiklerini ösdürmek

4 Fewral 2021
1616

Ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda okuw maksatnamasy esasynda temalary düşündirmäge her bir terbiýeçi öz döredijilikli zähmeti bilen çemeleşse, çagalary sapaga ugrukdyrmak has-da aňsat bolýar. Oňa uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparynda sowat öwretmek sapagynyň geçilişiniň mysalynda aýdyň göz ýetirýärsiň. Men sowat öwreniş sapagymy guraýşym boýunça käbir mysallara ýüzlenesim gelýär.

Sapakda çagalara sowat öwredilende, harplar yzygiderlikde geçilýär. Mysal üçin, «Rr” harpy çagalara öwredilýär.

Oguljan ANNABAÝRAMOWA,
Sarahs etrap bilim bölüminiň mekdebe çenli çagalar edaralary boýunça hünärmeni.