Dürler hazynasy

3 Fewral 2021
1030

Halkyna baky bagty peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen kitaphana ulgamy ösen derejelere ýetirildi. Döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän bitewi elektron kitaphana ulgamy döredildi. Bu bolsa röwşen geljegimiz bolan ýaş nesliň ylymly-bilimli bolmagyna, dünýägaraýşynyň ýokary derejede ösmegine ýardam berýär.

Merdana halkymyz gadymy döwürlerden bäri kitaplara aýratyn gymmatlyk hökmünde seredipdir. Taryhymyza ser salsak, Merwde, Köneürgençde birnäçe gadymy kitaphanalaryň bolandygyna göz ýetirýäris. Bu kitaphanalarda juda gymmatly kitaplar saklanypdyr hem-de olar ylmyň we medeniýetiň merkezi hasaplanylypdyr.

Baýrambibi HAJYMÄMMEDOWA,
welaýat kitaphanasynyň hyzmat ediş bölüminiň kitaphanaçysy.