Zehinli ýaşlar — şu günümiz hem geljegimiz

1 Fewral 2021
1142

Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesiller baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir. Şoňa görä, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrebap bilimli, watansöýüji, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleriň ýetişmegi, saýlap alan hünärleri boýunça kämilleşmekleri üçin uly aladalar edilýär.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýaş nesliň watançylyk ruhunda terbiýelenmegine aýratyn üns berilmelidir. Olara çagalykdan başlap, Watana söýgi, gahrymançylykly geçmişimize, halkymyzyň şöhratly däp-dessurlaryna hormat goýmak, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gazananlaryna we üstünliklerine buýsanmak ýaly häsiýetler mahsus bolmalydyr. Hut şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde, şol sanda biziň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzda bilim alýan ýaşlarymyzyň arasynda bu babatda yzygiderli wagyz-nesihat, düşündiriş işleri alnyp barylýar.

Gülşat AMANOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň öwreniji mugallymy.