Zehin, yhlas, tutanýerlilik üstünlige eltýän ýeke-täk ýoldur

25 Ýanwar 2021
1141

Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim, ylym syýasatynda ýaşlaryň ornuna aýratyn üns berlip, olary ylmy gözleglere ruhlandyrmak, halkara olimpiadalara taýýarlamak, bu babatda ýaşlary goldamak möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýär. Şoňa görä, ýaşlarymyz bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň gazanan üstünligi hem muňa güwä geçýär.

Ysraýyl döwletiniň Ariel uniwersiteti tarapyndan guralan 14-nji Açyk halkara internet olimpiadasynyň super final tapgyryna dünýäniň 10 döwletiniň — Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Beýik Britaniýanyň, Hindistanyň, Ysraýylyň, Polşanyň, Rumyniýanyň, Wýetnamyň, Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 35-sinden 400 gowrak talybyň gatnaşmagy halkara bäsleşigiň näderejede çekeleşikli bolandygyny aýdyň görkezýär.

Kakajan ÇARYÝAROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby, «Nesil».