Fransuz dilini öwrenmek üçin okuw kitaby

24 Ýanwar 2021
1753

Ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriň 7-nji synp okuwçylaryna fransuz dilini öwretmäge niýetlenen okuw kitaby 2019-njy ýylda neşir edilipdi. 2020-nji ýylyň ahyrynda bolsa umumy orta bilim berýän mekdepleriň 8-nji synpy üçin fransuz dilini öwretmekde täze okuw kitaby mugallymlaryň eline gowuşdy. Bu kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edildi. J.Patyşaýewanyň, M.Ýazlyýewanyň, H.Baýryýewiň awtordaşlygyndaky bu okuw kitabynyň mekdep okuwçylaryna fransuz dilini öwretmekde möhüm ähmiýeti bardyr.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň fransuz dili okadylýan orta mekdeplerinde bu kitap giňden peýdalanylar. Täze kitapda okuwçylara fransuz dilindäki orun aňladýan predloglary öwretmäge degişli köp temalar berlen. Predloglar, göräýmäge, okatmak üçin kyn maglumatlar bolmasa-da, olary öwrenmek aňsat düşmeýär. Munuň esasy sebäpleriniň biri hem, fransuz dili bilen türkmen diliniň, ýagny çagalaryň ene diliniň, gurluş taýdan dürli ulgamly dillere degişlidigindedir. Başgaça aýdanymyzda, türkmen dilinde predloglar ýokdur we fransuz dilindäki predloglaryň hyzmaty türkmen dilinde ýörite sözler bilen birlikde, düşüm goşulmalarynyň üsti bilen aňladylýar.

«Mugallymlar gazeti».