Körpeleriň bagtyýarlygy

21 Ýanwar 2021
1213

Hormatly Prezidentimiziň çagalaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, mekdebe taýýarlykly barmagy, olaryň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagy baradaky tagallalary biz — çagalar baglarynyň işgärlerini bilim hem-de terbiýeçilik işlerini has netijeli guramaga höweslendirýär. Terbiýeçilik işimizde interaktiw synp tagtalaryndan, döwrebap kompýuterlerden, multimedia enjamlaryndan, görkezme esbaplaryndan peýdalanýarys. Körpelerde kitaba bolan söýgini ösdürmäge aýratyn üns berýäris, Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň ähmiýetini düşündirýäris. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapdaky kitap okamagyň, bilim almagyň ähmiýetini beýan edýän parasatly sözleri mysal getirýäris. Olardaky getirilýän nakyllaryň manysyny çagalara sada dilde düşündirýäris.

Körpelere ertekileri, tapmaçalary okap bermek, ýaňyltmaçlary gaýtalatmak bolsa olaryň dil baýlygynyň ösmegine kömek edýär. Bilesigeliji çagalar, esasan-da, türkmen alabaýlary, bedew atlarymyz barada köp sowallar berýärler. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Ganatly bedewler» atly kitaplaryny okap berenimizde çagalar höwes bilen diňleýärler, olaryň suratlaryna gyzyklanma bilen syn edýärler. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» we «Rowaç» atly goşgularyny ýatdan aýdýarlar. Bu bolsa olarda ýatkeşligi berkidýär.

Altynjemal HOJADOWA,
Gökdepe etrabyndaky 18-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.